6-njy bap
Halkyň ýalan tobasy
1 «Geliň, Rebbe dolanalyň.
Ol bizi parçalady.
Özi şypa berer.
Bizi ýaralady.
Indi ýaramyzy daňar.
2 Iki günden soňra bizi direlder,
Has takygy – üçünji güni Ol bizi aýaga galdyrar.
Onuň huzurynda ýaşaryş.
3 Geliň, Rebbi tanalyň, tanamaga gaýrat edeliň.
Ol daň şapagy ýaly takyk geljek.
Ol ýagyş ýaly bize geljek,
topragy gandyrýan ýaz ýagşy ýaly ýanymyza geljek».
4 «Eý, Efraýym, saňa näme edeýin?
Eý, Ýahuda, seniň bilen näme etmeli?
Siziň söýgiňiz säher dumany, ýerdäki çyg ýaly,
basym ýok bolýar.
5 Şoňa görä Men olary pygamberiň sözi bilen parçaladym.
Olary agzymdan çykan söz bilen öldürdim.
Hökümim nur kimin parlaýar.
6 Çünki Men gurbanlygy däl, sadyk söýgini isleýärin,
Ýakma gurbanlygy däl, Hudaýy tanamaklygy isleýärin.
7 Olar Adam ata ýaly, ähti bozdular,
ol ýerde maňa biwepalyk etdiler.
8 Gilgat ýamanlaryň şäheri,
gana boýalan aýak yzlaryndan doludyr.
9 Garakçylar adamy nähili peýleýän bolsa,
Ruhanylaryň topary-da şeýle.
Şekem ýolunda ganhorlyk edip,
erbet jenaýata ulaşýarlar.
10 Ysraýyl öýünde bir gorkunç zat gördüm:
Şol ýerde Efraýym zyna batdy.
Ysraýyl haram edildi.
11 Men halkymyň öňki abadançylygyny gaýtaryp berenimde,
Seniň üçin jeza güni taýýar bolar, eý, Ýahuda».