Mika pygamberiň kitaby
1‑nji bap
1 Ýahuda patyşalary Ýotamyň, Ahazyň we Hizkiýanyň döwründe moreşetli Mika pygambere Samariýa we Iýerusalim barada Rebbiň sözi aýan boldy.
Samariýa bilen Iýerusalim höküm edilýär
2 Ähliňiz eşidiň, eý, halklar!
Gulak goýuň, eý, zemin we onuň ýaşaýjylary!
Hökmürowan Reb mukaddes mesgeninden
size garşy güwälik eder.
3 Ine, Reb Öz mekanyndan çykyp,
ýer ýüzüne inip, baýyrlarda ýörär.
4 Daglar Onuň aýak astynda erär,
dereler böwsülip,
otda ereýän mum ýaly,
kertden inýän suw deýin bolar.
5 Bularyň bary Ýakubyň nesilleriniň ýazygy,
Ysraýyl halkynyň günäleri üçindir.
Ýakubyň nesilleriniň ýazygyna kim sebäpkär?
Samariýa dälmi?
Ýahudanyň butlara seždegähi nirede?
Iýerusalimde dälmi?
6 «Şonuň üçin Men Samariýany harabaçylyga,
üzümçilik ýerine öwrerin.
Daşlaryny derä döküp,
düýplerini açyk goýaryn» diýýär Reb.
7 «Ähli butlary bölek-bölek ediler,
haram gazançlarynyň bary oda ýakylar,
butlarynyň baryny ýok ederin,
çünki bulary loly gazanjy bilen toplady.
Olar ýene-de loly gazanjyna öwrüler» diýýär Reb.
Mikanyň agysy
8 Munuň üçin men aglap, dady-‑perýat ederin.
Eşiksiz we aýakýalaňaç gezerin.
Şagallar kimin uwlaryn.
Düýeguşlar kimin gözýaş dökerin.
9 Samariýanyň ýarasyna em ýok.
Ol Ýahuda gelip ýetdi.
Halkymyň derwezesine,
Iýerusalime baryp ýetdi.
10 Muny Gatda aýtmaň*,
ahy-nalaňyzy bes ediň;
Beýtlegaparda*
gamgynlykdan guma togalanyň.
11 Eý, Şapyr* halky!
Ýalaňaçlanyp, utanç içinde ötüň.
Sawanan halky çadyryndan çykmasyn*.
Beýtesel halkynyň özi ýas tutýar,
ondan size ýardam bolmaz.
12 Marotyň* halky ýagşylyga sabyrsyzlyk bilen garaşýar,
emma Reb Iýerusalimiň derwezesine bela inderdi.
13 Eý, Lakyş halky, ýüwrük aty* araba goş.
Sen Sion gyzynyň* günäsiniň gözbaşysyň,
çünki Ysraýylyň ýazygy senden çykdy.
14 Indi Moreşetgata hoşlaşyk sowgadyny berersiň.
Akzyp* obasy Ysraýyl patyşalaryna duzak bolar.
15 Eý, Mareşa ilaty,
Reb galaňyza basybalyjy* gönderer.
Ysraýylyň beýik ýolbaşçylary
Adullam galasynda gizlener.
16 Söýgüli ogullaryňyza
ýas tutmak üçin saçyňyzy syryň.
Başyňyz çaýkeliňki kimin kel bolsun,
çünki çagalaryňyz sürgün ediler.