5‑nji bap
Beýtullahamdan çykjak hökümdar
1 Eý, Iýerusalim halky, goşunyňy topla!
Daşymyz gabalýar.
Ysraýyl hökümdarynyň dulugyna
taýak bilen urýarlar.
2 Emma sen, eý, Beýtullaham-Efrat,
Ýahuda uruglarynyň kiçisi bolsaň-da,
senden çykar Ysraýylda Meniň üçin hökümdarlyk etjek,
onuň asly owaldan, gadymdan bäri bardyr.
3 Tä göwreli aýal dogurýança,
duşmanlaryna tabşyrylar ysraýyl halky.
Soňra onuň ýesir düşen doganlary
Ysraýyl halkyna dolanarlar.
4 Ol gelip, Rebbiň güýji bilen,
Hudaýy Rebbiň ajaýyp ady bilen
bakar sürini.
Olar asuda ýaşarlar;
bütin dünýä ýaýrar beýikligi onuň.
5 Ol halkyna parahatçylyk getirer.
 
Aşurlylar ýurdumyza gelip,
köşgümizi basgylasalar,
biz ýedi çopany, sekiz serdary
olaryň garşysyna ibereris.
6 Olar Aşur ýurduny gylyç bilen,
Nimrody alawly gylyç bilen dolandyrarlar.
Serhedimizden geçip, ýurdumyza girjek bolýan
aşurlylardan halas ederler bizi.
 
7 Ýakubyň neslinden aman galanlary
köp halklaryň arasynda
Rebbiň iberen çygy dek,
ynsana garaşmaýan,
adamzatdan çözülmeýän,
ot üstüne ýagýan çabga dek bolarlar.
8 Ýakubyň neslinden aman galanlary
milletleriň, köp halklaryň arasynda
jeňňel haýwanlarynyň arasyndaky arslan,
goýun sürüsine aralaşan şir çagasy dek bolarlar,
arslan deý hüjüme geçende, basgylap, tüýdüm-tüýdüm eder,
hiç kim olary onuň penjesinden halas etmez.
9 Eý, ysraýyllar, siz garşydaşlaryňyzy ýeňersiňiz.
Ähli duşmanlaryňyz gyrlyp ýok bolar.
10 Reb diýýär:
«Şol gün atlaryňyzy gyraryn,
söweş arabalaryňyzyň ýoguna ýanaryn.
11 Ýurduňyzyň şäherlerini weýran ederin,
ähli galalaryňyzy haraba öwrerin.
12 Jadygöýleriňizi gyraryn,
araňyzda palçy galdyrmaryn.
13 Butlaryňyzy, dikme daşlaryňyzy ýok ederin,
indi siz öz eliňiziň işine sežde etmersiňiz.
14 Aşera butlaryny sogrup taşlaryn,
galalaryňyzy weýran ederin.
15 Boýun bolmaýan milletlerden
gahar-gazap bilen öç alaryn».