4‑nji bap
Rebbiň dagy
1 Ahyrky günlerde şeýle bolar:
Rebbiň öýi daglaryň iň beýigi deý berkarar ediler,
depelerden belent bolar ol,
halklar oňa tarap eňerler.
2 Köp milletler gelip, şeýle diýerler:
«Geliň, Rebbiň dagyna,
Ýakubyň Hudaýynyň öýüne çykalyň,
ýodalaryndan ýörär ýaly,
Ol bize Öz ýollaryny öwreder».
Çünki kanun Siondan,
Rebbiň sözi Iýerusalimden çykar.
3 Reb halklar arasynda kazylyk eder,
köp milletleriň dawalaryny çözer;
olar gylyçlaryndan azal,
naýzalaryndan orak ýasarlar.
Millet millete garşy gylyç galdyrmaz,
söweşmegi öwrenmezler indi.
4 Her kes öz üzüm,
injir baglarynyň saýasynda oturar,
olary hiç kim gorkuzmaz,
çünki Hökmürowan Rebbiň Özi aýtdy.
5 Bütin halklar öz hudaýlarynyň yzyna eýererler,
emma biz ömürlik Hudaýymyz Rebbiň yzyna eýereris.
Ysraýyllar sürgünden gaýdyp geljek
6 Reb diýýär: «Şol gün Men maýyplary ýygnaryn.
Kowlan, ejir gören halkymy bir ýere toplaryn.
7 Agsaklary aman galdyraryn,
uzaklara sürlenleri güýçli millet ederin.
Şu günden tä ebedä çenli Sion dagynda
Men – Reb olara hökümdarlyk ederin».
 
8 Eý, süriniň gözegçi diňi bolan Sion gyzynyň galasy!
Gaýtarylyp berler hökümdarlygyň,
Iýerusalim gyzynyň patyşalygy dikeldiler.
9 Indi näme üçin möňňürip aglaýaň?
Dogurýan aýal ýaly nämä ah çekýäň?
Patyşaň ýoklugy üçinmi?
Geňeşdaryň heläk bolany üçinmi?
10 Eý, Sion gyzy, dogurýan aýal ýaly
agyryňy çekip, görgiňi gör.
Çünki indi düzde ýaşarsyň sen,
galadan çykyp,
Babyla gidip, ol ýerde halas bolarsyň.
Reb şol ýerde duşmandan halas eder seni.
11 Indi köp milletler
Saňa garşy birleşip:
«Goý, Sion haram bolsun,
muny öz gözümiz bilen göreli!» diýişýärler.
12 Emma Rebbiň pikirini bilmeýär olar,
Onuň maksadyna-da düşünmeýärler.
Harmanda döwüljek bugdaý desseleri deý
jezalandyrmak üçin
Reb olary bir ýere jemledi.
13 Reb şeýle diýýär:
«Eý, Sion gyzy! Tur, döwek döw!
Şahyňy demirden,
toýnaklaryňy bürünçden ederin Men.
Onsoň sen köp halklary ezersiň.
Olaryň ähli gazananlaryny, baýlyklaryny
Maňa – bütin älemiň Hökümdaryna bagyş edersiň».