4‑nji bap
Isa synalýar
(Matta 4:1-17; Mark 1:12-15)
1 Isa Mukaddes Ruhdan dolup, Iordan derýasyndan yzyna dolandy. Mukaddes Ruh Ony çöle alyp gitdi. 2 Isa ol ýerde kyrk günläp iblis tarapyndan synaga salyndy. Şol günleriň dowamynda Ol hiç zat iýmedi, kyrk günden soň bolsa ajykdy.
3 Iblis Oňa: «Eger Sen Hudaýyň Ogly bolsaň, bu daşyň çörege öwrülmegini buýur» diýdi. 4 ‡Isa: «„Ynsan diňe çörek bilen ýaşamaýar“ diýip ýazylgydyr» diýip jogap berdi.
5 Soňra iblis Isany bir belent ýere çykaryp, Oňa dünýäniň ähli şalyklaryny görkezdi. 6 Iblis Isa: «Men bularyň ählisiniň hökümdarlygyny we şan-şöhratyny Saňa bereýin. Bular maňa berildi, men hem ony islänime berip bilýärin. 7 Şonuň üçin Sen maňa sežde etseň, bularyň bary Seniňki bolar» diýdi. 8 ‡Isa oňa: «„Hudaýyňyz Rebbe sežde ediň, diňe Oňa gulluk ediň“ diýip hem ýazylgydyr*» diýip jogap berdi.
9 Soňra iblis Isany Iýerusalime getirdi. Ony ybadathananyň çür depesine çykaryp: «Eger Sen Hudaýyň Ogly bolsaň, Özüňi şu ýerden aşak okla. 10-11 ‡Çünki şeýle ýazylgydyr:
„Seni berk goramak üçin,
Ol perişdelerine Sen babatda emr eder.
Aýagyň daşa büdremez ýaly,
olar Seni ellerinde göterer“» diýdi.
12 ‡Isa oňa: «„Hudaýyňyz Rebbi synamaň“ diýip hem ýazylgydyr» diýip jogap berdi.
13 Iblis Isany synaglaryň hemmesinden geçirip gutarandan soň, amatly pursat gelýänçä, Onuň ýanyndan gitdi. 14 Isa Mukaddes Ruhuň güýji bilen Jelilä dolanyp geldi. Ol hakdaky gürrüňler etrabyň çar tarapyna ýaýrady. 15 Ol ýahudylaryň sinagogalarynda halka öwretmäge başlady, hemmeler Oňa öwgi aýdýardylar.
Nasyrada Isany ret edýärler
(Matta 13:53-58; Mark 6:1-6)
16 Bir gün Isa Öz dogduk mekany bolan Nasyra gitdi. Ol Sabat güni adatdaky ýaly sinagoga baryp, Mukaddes Ýazgylardan okamak üçin ýerinden turdy. 17 Oňa Işaýa pygamberiň kitabyny berdiler. Ol hem kitaby açyp, şu sözleriň ýazylan ýerini tapdy:
18-19 ‡«Rebbiň ruhy üstümdedir.
Garyplara Hoş Habary bildirmegim üçin,
Ol Meni seçip-saýlady;
tussaglara azatlygy,
körlere gözüniň açyljakdygyny yglan etmäge* Ol Meni iberdi.
Zulum astyndakylary azatlyga çykarmaga,
Rebbiň merhemet ýylyny jar etmäge Meni iberdi».
20 Onsoň kitaby ýapyp, ony yzyna – hyzmatkäre berdi-de oturdy. Sinagogadakylaryň barynyň gözi Oňa dikildi. 21 Isa olara: «Siziň eşiden bu mukaddes ýazgyňyz şu gün berjaý boldy» diýip, gürrüňe başlady. 22 Hemmeler Isany öwüp, Onuň agzyndan çykan ajaýyp sözlere haýran galyp: «Bu Ýusubyň Ogly dälmi?» diýip soradylar. 23 Isa olara: «Siziň Maňa: „Eý, lukman, ilki özüňe şypa ber!“ diýen nakyly aýtjakdygyňyzy bilip durun. Siz: „Kapernaumda eden işleriňi eşitdik. Olary şu ýerde, Öz ýurduňda-da berjaý et-dä“ diýersiňiz» diýdi. 24 Ol ýene şeýle diýdi: «Size dogrusyny aýdýaryn, hiç bir pygamber öz ýurdunda kabul edilmeýär. 25 Size hakykaty aýdýaryn: Ylýasyň döwründe üç ýyl alty aýlap asmandan ýekeje damja-da ýagyş damman, ähli ýurda elhenç açlyk düşende, Ysraýylda köp dul aýallar bardy. 26 Emma Ylýas olaryň hiç biriniň ýanyna iberilmän, diňe Sidondaky Sarepat şäherinde bolan bir keseki dul aýalyň ýanyna iberildi. 27 ‡Şeýle hem, Elýaşa pygamberiň döwründe Ysraýylda deri keselli köp adamlar bardy. Emma Elýaşa diňe siriýaly keseki Nagamanyň ýanyna iberildi we ondan başga hiç kim tämiz bolmady». 28 Bu sözleri eşidenlerinde, sinagogadakylaryň bary gahar-gazaba mündi. 29 Olar aýaga galyp, Isany şäherden kowdular. Nasyra şäheri depede ýerleşýärdi. Olar Ony şol depäniň çür başyna çykaryp, aşak taşlajak boldular. 30 Emma Isa olaryň arasyndan geçip, ol ýerden çykyp gaýtdy.
Isa arwah-jyny kowýar
31 Onsoň Isa Jeliläniň Kapernaum şäherine gelip, Sabat güni halka öwretmäge başlady. 32 Halk Onuň taglymatyna haýran galdy, sebäbi Ol ygtyýarlylyk bilen gepleýärdi. 33 Sinagogada arwah-jyn eýelän bir adam bardy. Ol batly ses bilen gygyryp: 34 «Eý, nasyraly Isa! Biziň bilen näme işiň bar? Bizi ýok etmäge geldiňmi? Men Seniň kimdigiňi bilýärin, Sen Hudaýyň Mukaddesisiň» diýip gygyrdy. 35 Isa arwah-jyna käýäp: «Sem bol! Bu adamdan çyk!» diýip buýruk berdi. Şonda arwah-jyn ol adamy hemmeleriň öňünde ýere ýykdy-da, hiç zyýan ýetirmän, ondan çykdy. 36 Hemmeler haýran galyp, biri-birlerine: «Bu nähili söz? Ol ygtyýar hem gudrat bilen arwah-jynlara buýruk berýär. Olar hem çykýarlar» diýişdiler. 37 Isa hakyndaky habar bu etrabyň çar tarapyna ýaýrady.
Isa köp hassalara şypa berýär
38 Isa sinagogadan çykyp, Simunyň öýüne bardy. Simunyň gaýynenesini gyzdyryp ýatyrdy. Muňa Isadan kömek soradylar. 39 Isa onuň başujunda durup, gyzzyrma käýedi welin, onuň gyzzyrmasy aýryldy. Ol aýal dessine ýerinden turdy-da, olara hyzmat etmäge başlady. 40 Gün batanda, adamlar her dürli kesellileri Isanyň ýanyna getirdiler. Isa hem olaryň her biriniň üstüne elini goýup şypa berdi. 41 Köpüsinden arwah-jynlar: «Sen Hudaýyň Oglusyň!*» diýip gygyryşyp çykýardy. Emma Isa olara käýäp, geplemeklerine ýol bermeýärdi, sebäbi olar Onuň Mesihdigini bilýärdiler.
42 Ertesi gün daň atanda, Isa öýden çykyp, bir çola ýere gitdi. Halk hem Onuň gözlegine çykdy. Olar Isany tapanlarynda, Ony öz ýanlarynda alyp galmaga dyrjaşdylar. 43 Isa olara: «Men Hudaýyň Şalygynyň Hoş Habaryny beýleki şäherlerde-de wagyz etmeli, hut şonuň üçin hem iberildim» diýdi. 44 Şeýdip, Ol Ýahudyýanyň* sinagogalarynda wagyz etmegini dowam etdirdi.