5‑nji bap
Isanyň ilkinji şägirtleri
(Matta 4:18-22; Mark 1:16-20)
1 Bir gün Isa Ginnesaret kölüniň* kenarynda wagyz edýärkä, halk Hudaýyň sözüni diňlemek üçin, Onuň daşyna üýşdi. 2 Şonda Isa kölüň ýakasynda duran iki gaýygy gördi. Balykçylar gaýyklardan düşüp, torlaryny ýuwup durdular. 3 Isa gaýyklaryň birine münüp, gaýygyň eýesi Simundan kenardan biraz uzaklaşmagy haýyş etdi. Onsoň Ol gaýykda oturan ýerinden halka öwretmäge durdy. 4 Isa sözüni tamamlandan soň, Simuna: «Kölüň çuň ýerine gidiň-de, balyk tutmak üçin torlaryňyzy suwa taşlaň» diýdi. 5 Simun Oňa: «Halypa! Bütin gije jan etsek-de, hiç zat tutup bilmedik, ýöne Seniň sözüň hatyrasyna torlary ýene taşlaýyn» diýdi. 6 Muny aýdylyşy ýaly edenlerinde, olar şeýle bir köp balyk tutdular welin, torlary-da ýyrtylyp başlady. 7 Şoňa görä olar beýleki gaýykdaky ýoldaşlarynyň gelip kömekleşmekleri üçin, ellerini bulap yşarat etdiler. Olar gelip, iki gaýygy-da balykdan doldurdylar. Gaýyklar tas suwa batypdy. 8 Simun Petrus muny görende, Isanyň aýagyna ýykylyp: «Eý, Agam! Meniň ýanymdan aýryl, men bir günäli adam!» diýdi. 9 Tutan balyklarynyň köpdügine onuň özi we ýanyndakylaryň hemmesi haýran galdy. 10 Simunyň ýoldaşlary Ýakup bilen Ýohanna atly Zebedeýiň ogullary hem muňa haýran galdylar. Isa Simuna: «Gorkma, sen mundan beýläk balyk deregine ynsanlary tutarsyň» diýdi. 11 Şeýlelikde, olar gaýyklaryny kenara çykaryp, bar zady taşlap, Onuň yzyna düşdüler.
Isa deri kesellini sagaldýar
(Matta 8:1-4; Mark 1:40-45)
12 Isa şäherleriň birindekä, elhenç deri keseline ýolugan bir adam Onuň ýanyna geldi. Ol Isany görende, dyzyna çöküp, Oňa: «Eý, Agam! Eger isleseň, meni bu keselden tämizläp bilersiň» diýip ýalbardy. 13 Isa hem elini uzatdy-da, oňa degrip: «Isleýärin, tämiz bol!» diýdi. Deri keseli ol adamdan şobada aýryldy. 14 Soňra Isa oňa: «Muny hiç kime aýtmagyn. Ýöne git-de, ruhana görün we deri keselinden saplanandygyňy hemmelere subut eder ýaly, Musanyň buýran sadakasyny ber» diýip buýurdy. 15 Emma Isa hakyndaky habarlar barha ýaýraýardy. Isany diňlemek we kesellerine şypa tapmak üçin, Onuň ýanyna uly mähelle ýygnanýardy. 16 Isa bolsa köplenç ýeke Özi çola ýerlere gidip, Hudaýa doga okaýardy.
Isa bir ysmazy sagaldýar
(Matta 9:1-8; Mark 2:1-12)
17 Bir gün Isa halka öwredip otyrka, Jeliläniň ähli obalaryndan, Ýahudyýadyr Iýerusalimden gelen fariseýler bilen Töwrat mugallymlary-da şol ýerdediler. Isa Rebbiň gudraty arkaly hassalara şypa berýärdi. 18 Şol wagt birnäçe adam bir ysmazy düşegi bilen göterip getirdi. Olar ony jaýyň içine salyp, Isanyň öňünde ýatyrjak boldular. 19 Emma üýşen mähelleden ýaňa ony içeri salmaga ýol tapmansoňlar, jaýyň üstüne çykyp, üçegi söküp açdylar. Onsoň ysmazy düşegi bilen üçekden sallap, Isanyň öňüne düşürdiler. 20 Isa olaryň imanyny görüp, ysmaza: «Dost, seniň günäleriň ötüldi» diýdi. 21 Töwrat mugallymlary bilen fariseýler: «Hudaýa dil ýetirýän bu adam kim? Günäleri ýeke-täk Hudaýdan başga kim ötüp biler?» diýip, içini gepletmäge başladylar. 22 Emma Isa olaryň näme pikir edýändiklerini bilip, olara: «Näme üçin hyýalyňyzda beýle pikirler edýärsiňiz? 23 Haýsyny aýtmak aňsat: „Günäleriň ötüldi“ diýmekmi ýa-da: „Tur-da, ýöre“ diýmek? 24 Emma siz Ynsan Oglunyň ýer ýüzünde günäleri ötmäge-de ygtyýarynyň bardygyny bilip goýuň» diýdi. Onsoň Ol ysmaza: «Saňa diýýärin, tur, düşegiňi al-da, öýüňe gaýt» diýdi. 25 Ol hem hemmäniň gözüniň alnynda dessine ýerinden turdy we düşegini ýygnady, Hudaýy şöhratlandyryp, öýüne gitdi. 26 Ähli adamlar haýran galyp, Hudaýy şöhratlandyrdylar. Olary gorky gaplap aldy, olar: «Bu gün şeýle bir geň zatlar gördük» diýişdiler.
Isa Lewini çagyrýar
(Matta 9:9-13; Mark 2:13-17)
27 Şundan soň Isa daşary çykanda, salgyt ýygnap oturan Lewini görüp, oňa: «Meniň yzyma düş!» diýdi. 28 Ol hem ýerinden turdy-da, ähli zady taşlap, Onuň yzyna düşdi. 29 Lewi öz öýünde Isa üçin bir uly meýlis gurady. Saçagyň başynda olar bilen birtopar salgytçylar we başga-da köp adamlar nahar iýip otyrdylar. 30 Fariseýler bilen Töwrat mugallymlary Onuň şägirtlerine: «Näme üçin salgytçylardyr günäkärler bilen bile iýip-içýärsiňiz?» diýip hüňürdeşdiler. 31 Isa olara: «Lukman saglara däl-de, hassalara gerekdir. 32 Men dogrulary däl-de, günäkärleri toba çagyrmaga geldim» diýip jogap berdi.
Agyz bekleme barada sorag
(Matta 9:14-17; Mark 2:18-22)
33 Olar Isa: «Ýahýanyň şägirtleri ýygy-ýygydan agyz bekläp, doga-dileg edýärler, fariseýleriň şägirtleri hem şeýle, emma Seniň şägirtleriň iýip-içip ýörler» diýdiler. 34 Isa: «Toýda giýew dostlarynyň ýanyndaka, siz onuň myhmanlaryna agyz bekledip bilersiňizmi? 35 Emma giýewiň olardan alynjak günleri geler, şonda olar agyz beklärler» diýip jogap berdi.
36 Isa olara şu tymsaly aýdyp berdi: «Hiç kim täze eşikden ýyrtyp, köne eşige ýama salmaz. Beýtse, täze eşik hem ýyrtylar, täze eşikden alnan ýama-da köne eşige gelişmez. 37 Hiç kim täze şeraby köne meşiklere guýmaz. Ýogsa täze şerap meşikleri böwsüp, şerap ýere döküler, meşikler-de zaýalanar. 38 Täze şerap täze meşiklere guýulmalydyr.* 39 Hiç kim köne şeraby içenden soň täzäni küýsemez. „Könesi oňat“ diýer».