Lukanyň hoş habary
1‑nji bap
Sözbaşy
1 Hormatly Teofil! Ençeme adamlar aramyzda bolup geçen wakalaryň taryhyny ýazmaga girişdiler. 2 Şol wakalary bize ilkibaşdan gözleri bilen gören şaýatlar we Hudaýyň Hoş Habarynyň hyzmatçylary ýetirdi. 3 Şonuň üçin, eý, gadyrly Teofil, meniň özüm hem bolup geçen wakalaryň anygyna ýetip, saňa hemmesini jikme-jik ýazmagy ýüregime düwdüm. 4 Indi sen özüňe öwredilen zatlaryň hakykatdygyna göz ýetirersiň.
Çümdüriji Ýahýanyň doguljagy öňünden aýdylýar
5 Ýahudyýa patyşasy Hirodyň döwründe Zekarýa atly bir ruhany bardy. Ol Abyýanyň ruhanylar toparyndandy, onuň aýaly Elizabet hem Harunyň neslindendi. 6 Bu är-aýalyň ikisi-de Hudaýyň öňünde dogruçyl adamlar bolup, olar Rebbiň ähli buýruklarydyr parzlaryny birkemsiz berjaý ederdiler. 7 Emma Elizabetiň önelgesizdigine görä, olaryň perzendi ýokdy. Olaryň ikisi-de eýýäm garrylyk ýaşyna ýetipdi.
8 Bir gün Zekarýa öz toparynyň nobatçylyk gezeginde, Hudaýyň huzurynda ruhanylyk hyzmatyny berjaý edýärdi. 9 Şonda ruhanylyk adaty boýunça, ýakymly ysly tütetgi tütetmek üçin, Rebbiň ybadathanasyna girmek onuň bijesine düşdi. 10 Tütetgi tütetmeli pursady geldi, ähli jemagat daşarda Hudaýa doga okap durdy.
11 Şol wagt tütetgi sypasynyň sagynda duran Rebbiň bir perişdesi Zekarýa göründi. 12 Zekarýa ony görüp, özüni ýitirdi, ony gorky gaplady. 13 Emma perişde oňa şeýle diýdi: «Eý, Zekarýa, gorkma, sebäbi seniň Hudaýdan eden dilegiň kabul boldy. Aýalyň Elizabet saňa bir ogul dogrup berer, sen onuň adyna Ýahýa dakarsyň. 14 Bu saňa uly şatlyk getirer, onuň doglanyna köp adamlar şatlanar. 15 Çünki ol Rebbiň nazarynda beýik bolar. Ol hiç haçan agzyna şerap we içgi almaz. Ol heniz enesiniň göwresindekä, Mukaddes Ruhdan dolar. 16 Ol ysraýyl halkyndan köp adamy özleriniň Hudaýy Rebbe tarap öwrer. 17 Ol atalary ogullary bilen ýaraşdyrmak, boýun egmezekleri dogrularyň düşünjesine gönükdirmek üçin, Ylýasyň ruhundan we gudratyndan dolar, Reb Isa Mesihiň* öňünden ýörär. Ol Rebbiň göwnünden turjak halky taýýarlar». 18 Zekarýa perişdä: «Men muny nähili bileýin? Men bir garry adam, aýalym-da garrylyk ýaşyna ýeten» diýdi. 19 Perişde oňa: «Men – Hudaýyň huzurynda durýan Jebraýyl. Men seniň bilen gepleşip, saňa bu Hoş Habary gowşurmak üçin iberildim. 20 Sen meniň bellenen wagtda amala aşjak sözlerime ynanmadyň. Şonuň üçin hem seniň diliň tutulyp, şu zatlaryň amala aşjak gününe çenli gepläp bilmersiň» diýip jogap berdi.
21 Şol wagt Zekarýa garaşyp duran halk onuň ybadathanada eglenenine geň galdy. 22 Zekarýa daşary çykanda, olar bilen gepleşip bilmedi. Şonda olar ybadathanada onuň bir görnüş görendigine göz ýetirdiler, sebäbi Zekarýa olara üm bilen yşarat edýärdi, emma gepleşip bilmeýärdi.
23 Hyzmat etmeli wagty tamamlanansoň, Zekarýa öýüne gaýtdy. 24 Aradan köp wagt geçmänkä, onuň aýaly Elizabet göwreli boldy. Ol bäş aýlap hiç ýere çykmady, öýünde boldy. 25 Ol: «Muny meniň üçin eden Rebdir. Indi Ol maňa nazar salyp, il arasyndaky utanjymdan dyndardy» diýýärdi.
Isanyň doguljagy öňünden aýdylýar
26 Elizabetiň göwreliliginiň altynjy aýynda Hudaý Jebraýyl perişdäni Jeliläniň Nasyra şäherine, 27 Dawudyň neslinden Ýusup atly adamyň adaglysy bolan bir boý gyzyň ýanyna iberdi. Ol gyzyň ady Merýemdi. 28 Perişde onuň ýanyna gelip: «Salam, eý, ýalkanan gyz! Reb seniň bilendir!*» diýdi. 29 Merýem bu sözlere ör-gökden gelip, bu salamyň näme aňladýandygyny biljek bolup pikire batdy. 30 Perişde oňa ýüzlenip: «Gorkma, Merýem, sen Hudaýyň nazarynda merhemet tapdyň. 31 Sen göwreli bolup, bir Ogul dograrsyň. Onuň adyna Isa dakarsyň. 32 Ol beýik bolar, Oňa Beýik Hudaýyň Ogly* diýler. Taňry Hudaý Oňa atasy Dawudyň tagtyny berer. 33 Ol Ýakubyň nesliniň üstünden ebedilik şalyk sürer, patyşalygynyň soňy bolmaz» diýdi. 34 Merýem perişdä: «Bu nähili bolar? Men heniz durmuşa çykamok ahyry» diýdi. 35 Perişde oňa: «Mukaddes Ruh seniň üstüňe iner, Beýik Hudaýyň gudraty seniň üstüňe kölege salar. Şonuň üçin hem doguljak çaga Mukaddes saýylar, Oňa Hudaýyň Ogly diýler. 36 Anha, seniň garyndaşyň Elizabetiň hem garrydygyna garamazdan, göwresinde çaga bar. Önelgesiz diýilýän bu aýal eýýäm alty aý bäri göwrelidir. 37 Çünki Hudaýyň ýanynda mümkin däl zat ýokdur» diýip jogap berdi. 38 Merýem: «Men Rebbiň gyrnagydyryn. Goý, maňa seniň aýdyşyň ýaly bolsun» diýdi. Onsoň perişde onuň ýanyndan gitdi.
Merýem Elizabetiň ýanyna gidýär
39 Şol günlerde Merýem ýol şaýyny tutup, gyssanmaç Ýahudyýanyň daglyk ülkesindäki bir şähere gitdi. 40 Ol ýerde Zekarýanyň öýüne baryp, Elizabete salam berdi. 41 Merýemiň salamyny eşiden badyna, göwresindäki çaga gymyldap, Elizabet Mukaddes Ruhdan doldy. 42 Ol batly gygyryp: «Sen aýallar arasynda ýalkanansyň, göwräňdäki çaga hem ýalkanandyr! 43 Rebbimiň enesi meniň ýanyma geler ýaly, men nädip beýle ýalkandymkam? 44 Salamyň gulagyma gelip ýeten badyna, göwrämdäki çaga begençden ýaňa gymyldady. 45 Rebbiň aýdanlarynyň amala aşjakdygyna iman eden aýal bagtlydyr!» diýdi.
Merýemiň aýdymy
46 Merýem şeýle diýdi:
«Janym Rebbi beýgeldýär,
47 ruhum Halasgärim Hudaýa şatlanýar.
48 Ol men pespäl gyrnagyna nazaryn saldy.
Mundan beýläk ähli nesiller maňa bagtly diýerler.
49 Gudratygüýçli meniň üçin beýik işler etdi.
Onuň ady mukaddesdir.
50 Ol nesillerboýy Özünden gorkýanlara merhemet eder.
51 Ol güýji bilen beýik işleri amala aşyrdy,
öwünjeňleri olaryň ähli içki pikirleri bilen dargatdy.
52 Hökümdarlary tagtyndan düşürip,
pespäl adamlary beýgeltdi.
53 Açlary näz-nygmatdan doýrup,
baýlary bolsa boş gaýtardy.
54-55 Atalarymyza söz berşi ýaly,
Ybraýym bilen onuň nesline
rehimdarlyk etmegi hiç unutman,
guly Ysraýyla ýardam etdi».
56 Merýem Elizabetiň öýünde üç aýa golaý bolup, soň öýüne gaýtdy.
Çümdüriji Ýahýa dogulýar
57 Elizabetiň aýy-güni dolup, bir ogul dogurdy. 58 Goňşularydyr dogan-garyndaşlary Rebbiň oňa beýik merhemet edendigini eşidip, onuň bilen şatlandylar. 59 Sekizinji gün çagany sünnet etmäge geldiler. Oňa kakasy Zekarýanyň adyny dakjak boldular. 60 Emma ejesi muňa garşy bolup: «Ýok, onuň ady Ýahýa bolmalydyr» diýdi. 61 Olar oňa: «Seniň garyndaşlaryňyň arasynda Ýahýa atlysy ýok ahyry» diýdiler. 62 Onsoň olar çaganyň kakasyna üm bilen düşündirip, onuň adyna näme dakmakçydygyny soradylar. 63 Zekarýa hem ýazar ýaly bir tagtajyk tapyp, oňa «Ady Ýahýa» diýip ýazdy. Hemmeler haýran galdy. 64 Şol wagt Zekarýanyň dili açylyp, Hudaýa öwgi aýdyp, geplemäge başlady. 65 Goňşularyň hemmesini gorky gaplady. Ýahudyýa daglygynyň ähli ýerinde bu bolan wakalaryň barysy hakda gürrüň edildi. 66 Muny eşidenleriň bary bu zatlar hakda oý-pikire batyp: «Bu çaga kim bolarka?» diýişýärdi. Çünki Rebbiň güýji onuň bilendi.
Zekarýanyň pygamberligi
67 Çaganyň kakasy Zekarýa Mukaddes Ruhdan dolup, şeýle pygamberlik etdi:
68 «Ysraýylyň Hudaýy Rebbe öwgüler bolsun!
Çünki Ol Öz halkyna nazaryn salyp, halas etdi.
69-71 Öňki zamanda
mukaddes pygamberler arkaly söz berşi ýaly,
duşmanlarymyzdan bizi halas etmäge,
ýigrenýänleriň ählisinden dyndarmaga,
Ol biziň üçin Öz guly Dawudyň neslinden
bir güýçli Halasgär çykardy.
72 Ol muny atalarymyza rehimdarlyk etmek üçin,
Öz mukaddes ähtini ýatda saklamak üçin etdi.
73 Atamyz Ybraýyma ant içip, şeýle söz berdi:
74-75 Duşmanlarymyzyň elinden bizi halas etmäge,
ömrümiz boýy huzurynda gorkusyz,
mukaddeslik hem dogrulyk bilen
gulluk etmäge mümkinçilik berdi.
76 Eý, balam, sen hem Beýik Hudaýyň pygamberi diýen ady alarsyň!
Rebbe ýol taýýarlamak üçin, Onuň öňünden ýörärsiň.
77 Günäleriniň bagyşlanmagy arkaly
olaryň halas boljakdygyny
Onuň halkyna mälim edersiň.
78 Hudaýymyz mähir-şepagatdan doludyr:
Ol üstümize Gün şöhlesini dökdürer.
79 Tümlükde we ölüm kölegesinde oturanlara nur saçylar,
aýaklarymyz parahatlyk ýoluna gönükdiriler».
80 Şunlukda, çaga ösýärdi we ruhy taýdan güýçlenýärdi. Ol ysraýyl halkyna görünmeli günlerine çenli çölde ýaşady.