L
13
Ladan – gyrymsy agajyň gür ýapragyndan çykýan şire. Şire gataýar we ýakymly ysly şepbik hökmünde satylýar, ony owradyp, ondan derman ýasaýarlar.
Gçk 37:25; 43:11.
Lewiler – Lewiler Ýakubyň ogly Lewiniň nesilleridir. Lewi tiresi üç uruga bölünipdir: Gerşonyň, Kohadyň we Merarynyň nesilleri. Musanyň döwründe Hudaý lewi tiresinden bolan Harun pygamberiň nesillerini ruhanylyga saýlapdyr; beýleki lewileriň ählisini Mukaddes çadyrda hyzmat edip, ruhanylara kömekleşmäge belläpdir. Diňe şu tiräniň özbaşdak mülk ýeri bolmandyr, sebäbi olaryň wezipesi Mukaddes çadyrda, soňra ybadathanada hyzmat etmek bolupdyr. Şonuň üçin bulara mülk ýer beýleki tirelerden bölünip berlipdir.
Msr 6:25; 38:21; Lew 25:32f; Çöl 3:6.
Seret: Ruhany.
Lira – Ysraýylda we onuň daş-töweregindäki ülkelerde ulanylan kirişli saz guraly. Ol uly göwrümli arfa meňzeş bolupdyr.
Gçk 4:21; 1Şam 16:15-23; Zeb 70:22.
1624-nji sahypadaky surata seret.
Liwan – Ysraýylyň demirgazyk araçäginde ýerleşýän daglyk ýurt, ol kedr tokaýlygy bilen meşhur bolupdyr. Süleýman patyşa Iýerusalimde köşgüni we ybadathanany Liwanyň kedr hem beýleki agaçlaryndan gurupdyr.
1Pat 5:6-10; Ezr 3:7; Işa 60:13.
Liwýatan
Seret: Aždarha.
Loly – gazanç üçin tenini satýan aýal.
Sül 9:3; Hoş 4:14; Ýak 2:25; 1Kor 6:15, 16.
Lut – Ybraýym pygamberiň doganynyň ogly. Ol ownukly-irili mallary we çadyrlary bilen Sodom galasynyň töweregindäki derede mesgen tutupdyr. Soňra Reb Sodom bilen Gomora şäherleriniň ikisini weýran edipdir, ýöne perişdeler Luty maşgalasy bilen bile halas edipdirler. Lut mowaplaryň we ammonlaryň atasydy, soňra onuň nesilleri Ysraýylyň duşmany bolupdyrlar.
Gçk 12:4–14:16; 19:1-36; 2Pet 2:7, 8.