6-njy bap
1 Emma Reb Musa: «Meniň faraona näme etjegimi indi görersiň. Men ony gudratly golum bilen halkymy goýbermäge mejbur ederin, ol şu gudratly goluň zarbyndan ýaňa, olary hatda öz ýurdundan kowup çykarar» diýdi.
2 Hudaý Musa şeýle diýdi: «Men Rebdirin. 3 Men Ybraýyma, Yshaga we Ýakuba Gudratygüýçli Hudaý bolup göründim, emma Özümi olara Reb adym bilen tanatmadym. 4 Men olara gelmişek bolup ýaşan ýurdy bolan Kengan topragyny bermegi äht etdim. 5 Şeýle hem, Men ysraýyllaryň Müsürde gulçulykdan ýaňa ezilýändikleri sebäpli edýän ahy-nalasyny eşitdim we Öz eden ähtimi ýatladym. 6 Şonuň üçin hem ysraýyllara aýt: „Men Rebdirin. Men sizi Müsür zulumyndan çykaryp, gulçulykdan azat ederin. Gudratly güýç bilen we agyr jezalarym bilen Men sizi olardan azat ederin. 7 Men sizi Öz halkym edip kabul ederin we Men siziň Hudaýyňyz bolaryn. Onsoň sizi Müsür gulçulygyndan boşadan Hudaýyňyz Rebbiň Mendigimi bilersiňiz. 8 Men sizi Ybraýyma, Yshaga we Ýakuba söz beren ýerime elterin we Men size ol ýeri eýelemäge berjekdirin. Men Rebdirin“». 9 Musa bu sözleri ysraýyllara aýdyp berdi, emma olar göwnüçökgündikleri we rehimsiz ezilýändikleri sebäpli Musany diňlemediler.
10-11 Soňra Reb Musa: «Git-de, Müsüriň patyşasy faraona aýt, goý, ol ysraýyllara Müsür ýurdundan çykyp gaýtmaga rugsat bersin» diýdi. 12 Emma Musa Rebbe: «Görýäňmi, entek ysraýyllar meni diňlänok, onsoň faraon maňa nädip gulak assyn, men bir dilsiz-agyzsyz adam ýaly ahyryn» diýdi. 13 Reb Musa we Harun bilen ysraýyllar we Müsüriň patyşasy faraon hakynda gepleşip, olara ysraýyllary Müsürden alyp çykmagy buýurdy.
Musa bilen Harunyň nesil daragty
14 Bular ysraýyllaryň atalarynyň urugbaşylary: Ysraýylyň ilkinji ogly Rubeniň ogullary: Hanok, Pallu, Hesron we Karmy. Bular Rubeniň uruglarydy. 15 Şimgonyň ogullary: Ýemuwel, Ýamyn, Ohat, Ýakin, Sohar we kengan aýalyndan bolan ogly Şawul. Bular Şimgonyň uruglarydy. 16 Lewiniň nesil daragtyna görä, onuň ogullarynyň atlary şulardyr: Gerşon, Kohat we Merary. Lewi bir ýüz otuz ýedi ýaşap dünýäden ötdi. 17 Gerşonyň ogullary: Libni we Şimgi uruglary bilen. 18 Kohadyň ogullary: Imran, Ýishar, Hebron we Uzyýel. Kohat bir ýüz otuz üç ýaşap öldi. 19 Merarynyň ogullary: Mahly we Muşy. Ine, bu aşakdakylar bolsa lewileriň nesilleri boýunça uruglary. 20 Imran öz kakasynyň gyz jigisi Ýokebedi özüne aýal edip aldy, ol hem oňa Harun bilen Musany dogrup berdi. Imran bir ýüz otuz ýedi ýaşap aradan çykdy. 21 Ýisharyň ogullary: Kora, Nepek, Zikri. 22 Uzyýel ogullary: Mişaýyl, Elsapan we Sitri. 23 Harun Eminadabyň gyzy, Nahşonyň gyz dogany Elişeba öýlendi we olaryň Nadap, Abyhu, Elgazar we Ytamar diýen ogullary boldy. 24 Koranyň ogullary: Asyr, Elkana we Abyýasap. Bular Koranyň uruglary bolupdyr. 25 Harunyň ogly Elgazar Putyýeliň gyzlarynyň birini özüne aýal edip aldy we ondan Pinehas diýen ogly boldy. Ine, şular lewileriň uruglary boýunça olaryň atalarynyň urugbaşylary bolupdyr.
26 Rebbiň: «Ysraýyllary topar-topar edip, Müsürden alyp çyk» diýip buýruk beren adamlary ine, şu Harun bilen Musady. 27 Ysraýyllary, Müsürden alyp gaýtmak üçin, Müsür patyşasy faraon bilen gepleşenler hem şular – Musa bilen Harundy.
Harun Musanyň sözleýjisi bolýar
28 Şol gün Reb Müsürde Musa ýüzlendi. 29 Reb Musa: «Men Rebdirin. Meniň saňa aýdýanlarymyň hemmesini Müsüriň patyşasy faraona ýetir» diýdi. 30 Emma Musa Rebbe: «Men söze garyp adam, onsoň faraon meni nädip diňlesin» diýdi.