7‑nji bap
1 Soňra Reb Musa şeýle diýdi: «Faraonyň öňünde Men seni Hudaý ýaly edýärin we doganyň Harun bolsa seniň pygamberiň ýaly bolar. 2 Meniň saňa buýurýan tabşyryklarymyň ählisini sen aýtmalysyň, doganyň Harun bolsa faraondan ysraýyllary öz ýurdundan goýbermegini sorar. 3 Emma Men faraony doňýürek adam ederin. Hatda Men Müsürde alamatlarymyň we gudratlarymyň sanyny köpeltsem-de, 4 faraon sizi diňlemez. Şundan soň Men Müsüre göz görkezip, olara agyr jezalar berip, Öz halkym bolan ysraýyllary topar-topar edip, Müsürden alyp çykaryn. 5 Men golumyň güýjüni görkezip, Müsürden ysraýyllary alyp çykanymda, müsürliler Rebbiň Mendigime göz ýetirerler». 6 Musa bilen Harun Rebbiň hut özlerine buýruşy ýaly etdiler. 7 Faraon bilen gepleşen wagtlary Musa segsen, Harun bolsa segsen üç ýaşyndady.
Hasa ýylana öwrülýär
8 Reb Musa bilen Haruna ýüzlenip: 9 «Eger faraon size „Gudrat görkeziň“ diýse, Musa, sen Haruna: „Hasaňy al-da, faraonyň öňünde ony ýere taşla“ diý, şonda hasa ýylana öwrüler» diýdi. 10 Şeýlelikde, Musa bilen Harun faraonyň ýanyna bardylar we Rebbiň buýruşy ýaly etdiler. Harun faraonyň we onuň emeldarlarynyň öňünde hasasyny ýere taşlady, ol ýylana öwrüldi. 11 Faraon hem öz akyldarlaryny, jadygöýlerini ýygnady. Olar hem özleriniň gizlin usullary bilen şeýle etdiler. 12 Olaryň hersi öz hasalaryny ýere taşladylar welin, olar hem ýylana öwrüldiler. Emma Harunyň hasasy olaryň hasalaryny ýuwutdy. 13 Faraonyň ýüreginiň doňy entek hem çözülenokdy. Rebbiň aýdyşy ýaly, ol heniz hem bulara gulak gabartmaýardy.
Birinji betbagtçylyk: suw gana öwrülýär
14 Soňra Reb Musa şeýle diýdi: «Faraon doňýürek adam, ol halky goýbermekden ýüz öwürýär. 15 Faraonyň irden derýa suwa düşmäge çykýan wagty, sen onuň ýanyna bar. Oňa duşmak üçin, Nil derýasynyň ýanynda garaş, eliňe ýylana öwrülen hasany hem al. 16 Soňra oňa şeýle diý: „Ýewreýleriň Hudaýy Reb, ine, şulary aýtmak üçin meni seniň ýanyňa iberdi. Ol saňa: ‘Meniň halkymy goýber, goý, olar çölde Maňa ybadat etsinler’ diýdi. Ine, sen bolsa, entek hem muňa boýun bolmadyň. 17 Reb şeýle diýýär: ‘Şu etjek işimi görüp, sen Meniň Rebdigimi bilersiň: Görýäňmi, men şu elimdäki hasa bilen Nil derýasynyň suwuna uran badyma, suw gana öwrüler. 18 Nildäki balyklar öler we derýa porsar. Müsürliler Niliň suwundan içip bilmezler’“». 19 Reb Musa: «Haruna aýt: „Hasasyny alsyn-da, Müsüriň ähli suwlaryna: olaryň derýalaryna, ýaplaryna, howuzlaryna we ähli suw howdanlaryna hasasy bilen urup çyksyn. Müsüriň ähli suwlary, hatda çelekdäki we daş küýzelerdäki suwlar hem gana öwrüler“» diýdi.
20 Musa bilen Harun Rebbiň buýruşy ýaly etdiler. Harun faraonyň we onuň emeldarlarynyň öňünde hasasyny uzadyp, Nil derýasynyň suwuna urdy, Nil derýasynyň tutuş suwy gana öwrüldi. 21 Nildäki balyklar ölüp, derýa porsady. Şeýlelikde, müsürliler Nil derýasyndan suw içip bilmediler, Müsüriň ähli suwy gana boýaldy. 22 Emma Müsür jadygöýleri hem özleriniň gizlin usullary bilen şeýle etdiler. Şeýdip, faraonyň ýüregi doňlugyna galdy. Rebbiň aýdyşy ýaly, faraon olary diňlemedi. 23 Faraon yzyna öwrüldi-de, öz jaýyna girip gitdi, ol muny hatda piňine-de almady. 24 Niliň suwundan içip bilmeýändikleri üçin, ähli müsürliler agyz suw gözläp, Nil derýasynyň boýuny gazdylar.
25 Rebbiň Nil derýasyny şeýle edeninden soň ýedi gün geçipdi.