6-njy bap
Imanlylaryň arasyndaky dawalar
1 Siz imandaky doganyňyz bilen dawalaşanyňyzda, näme üçin onuň meselesine kazyýetde imansyzlaryň öňünde garaýarsyňyz?! Eýsem siz muny Hudaýyň halkynyň öňünde çözmeli dälmi? 2 Siz Hudaýyň halkynyň bu dünýä kazylyk etjekdigini bilmeýärsiňizmi? Eger siz dünýä kazylyk etjek bolsaňyz, heý-de ownuk-uşak dawalary çözüp bilmersiňizmi? 3 Eýsem siz biziň hatda perişdelere-de kazylyk etjekdigimizi bilmeýärsiňizmi? Gündelik durmuşyň işleri barada gürrüň-de ýok! 4 Şeýle dawalaryňyz bar bolsa, näme üçin olary ýygnaga degişli bolmadyklaryň kazylygyna tabşyrýarsyňyz? 5 Şeýle etmäge utanmaýarsyňyzmy? Eýsem araňyzda doganlaryň dawasyny çözüp biljek bir dana-da ýokmy? 6 Tersine, dogan dogany bilen kazyýetde dawalaşýar. Munuň üstesine-de, olar muny imansyzlaryň öňünde edýärler! 7 Aslynda biri-biriňiz bilen kazyýetde dawalaşmagyň özi siziň eýýäm ýeňlendigiňizi habar berýär. Eýsem haksyzlyga çydanyňyz gowy dälmi? Talaňa çydanyňyz gowy dälmi? 8 Siz bolsa adalatsyzlyk edýärsiňiz, aldaýarsyňyz. Özem kimi? Öz doganlaryňyzy! 9 Eýsem siz ýamanlyk edýänleriň Hudaýyň Şalygyny miras almajakdygyny bilmeýärsiňizmi? Öz-özüňizi aldamaň! Ne azgynlar, ne-de butparazlar, ne zynahorlar, ne-de erkekbazlar, ne beçebazlar, 10 ne-de ogry-jümrüler, ne betnebisler, ne-de arakhorlar, ne paýyş sögünýänler, ne-de kezzaplar – şularyň biri-de Hudaýyň Şalygyny miras almaz. 11 Siziň-de käbirleriňiz şolar ýalydyňyz. Ýöne siz Rebbimiz Isa Mesihiň ady bilen Hudaýymyzyň Ruhy arkaly ýuwuldyňyz, Hudaýyň mukaddes halky bolduňyz, aklandyňyz.
Imanlylaryň arasyndaky jynsy azgynlyk
12 Siz: «Men her zady etmäge hakym bar» diýýärsiňiz. Hawa, ýöne her zat siziň üçin bähbitli däldir. Men hem islän zadymy etmäge hakym bar diýip bilýärin, ýöne hiç zat meniň üstümden agalyk sürmeli däldir. 13 Siz: «Nahar garyn üçin, garyn-da nahar üçindir. Hudaý olaryň ikisini hem ýok eder» diýip dogry aýdýarsyňyz. Emma beden azgynçylyk üçin däl-de, Rebbe hyzmat etmek üçin berlendir. Reb hem bedenimiz barada alada edýändir. 14 Hudaý Öz güýji arkaly Reb Isany direltdi. Ol bizi hem direlder. 15 Eýsem siz öz bedeniňiziň Isa Mesihiň bedeniniň agzasydygyny bilmeýärsiňizmi? Indi Mesihiň agzasyny alyp, ony bir loly bilen birikdireýinmi? Asla etmen! 16 ‡Eýsem siz özüni loly bilen birikdireniň onuň bilen bir ten bolýandygyny bilmeýärsiňizmi? Çünki Töwratda: «Ikisi bir ten bolýar» diýip ýazylgydyr. 17 Reb bilen birigen hem ruhda Onuň bilen bir bolar. 18 Azgynlykdan gaçyň. Adam her nähili günä etse-de, ol onuň tenine galtaşýan däldir. Emma azgynlyk edýän öz tenine garşy günä edýändir. 19 Eýsem siz öz bedeniňiziň Mukaddes Ruhuň ýaşaýan ybadathanasydygyny bilmeýärsiňizmi? Siz bu Ruhy Hudaýdan aldyňyz. Siz diňe özüňiziňki dälsiňiz. 20 Siz baha, onda-da uly baha satyn alnansyňyz. Şoňa görä-de, öz bedeniňiz bilen* Hudaýy şöhratlandyryň.