K
12
Kanun – Töwradyň bäş kitaby: muňa sežde, mukaddes öý, baýramlar, gurbanlyklar we sadakalar degişli bolup, iň esasy hem Hudaýyň halky hökmünde ysraýyllaryň nähili ýaşamalydyklaryna degişli Hudaýyň beren kanunlaryndan ybarat. Bu köplenç Musanyň kanuny (Ýeş 8:29) ýa-da Mukaddes kanun (Mat 23:23) diýlip atlandyrylypdyr. Kanunyň esasy bölegi On tabşyrykdyr (Msr 20:1-17; Kan 5:6-21).
Seret: Kanun kitaby; Töwrat.
Kanun kitaby – muňa Rebbiň beren kanunlaryndan ybarat bolan Kanun taglymaty kitabynyň bir bölegi ýa-da Töwradyň bäş kitaby degişlidir.
Kan 30:9-10; Ýeş 1:8; Gal 3:10.
Seret: Töwrat.
Kemoş – Mowaplaryň hudaýy.
1Pat 11:7, 33; Ýrm 48:13, 46.
Seret: Mowaplar.
Kengan – Nuhuň agtyklarynyň biriniň ady. Onuň nesilleri bolan kenganlar Ortaýer deňzi bilen Iordan derýasynyň aralygynda ornaşypdyrlar, şonuň üçin ol ýere Kengan ady berlipdir. Soňra olar ysraýyllar tarapyndan basylyp alnypdyr.
Gçk 9:18; 12:5; Msr 6:4; Ýeş 5:12.
Kenganlar – kenganyň ilaty garyşyk bolup, finikiýalylara ýakyn bolupdyr. Käwagt bu söz ol ýerde ýaşan ähli tireleri aňladyp, umumy ulanylypdyr, käte diňe bir tiräni görkezmek üçin ulanylypdyr. Soňra olar Kengany basyp alan ysraýyllar tarapyndan öldürilipdir, diri galanlary-da kowlup çykarylypdyr.
Gçk 12:6; 15:18-21; Ýeş 16:10.
Kerup – ganatly perişdeler. Olar Erem bagynda ýaşaýyş daragtyny gorapdyrlar. Ezekiýel (ýagny Kifl) pygamberiň gören görnüşinde keruplar Hudaýyň tagtynyň depesinde ýerleşipdir. Äht sandygynyň üstünde ganatlaryny gapagyň üstüne ýaýyp oturan iki sany kerubyň altyndan ýasalan keşbi bar.
Gçk 3:24; Msr 25:18-22.
Seret: Äht sandygy; Perişde; Seraflar.
Kesetler – ilki Mesopotamiýadaky düzlükde, soňra Babyl şäherinde ýaşan tire. Kesetler ol ýerdäki ýaşan tireleriniň arasynda iň güýçli tire bolupdyr we şonuň üçin olaryň ady köplenç tutuş babyllylary aňlatmak üçin ulanylypdyr.
Ezr 5:12; Işa 47:1.
Seret: Babyl.
Keýnler – Ysraýyl halky eýelemezden öň, Kengan ýurdunda ýaşan halklaryň biri.
Gçk 15:19; 4:11; 1Şam 15:6; 27:10; 1ÝÝ 2:55.
Seret: Kengan.
Käkilik oty – ýakymly ysly ösümlik. Ruhany bir bogdak käkilik otuny suwa ýa-da gana batyryp, tämizlemek üçin adamlaryň ýa-da beýleki zatlaryň üstüne sepipdir.
Lew 14:4, 6; Zeb 50:9.
Seret: Murdar; Tämiz.
Köne Äht – ol Töwratdan, Zeburdan, Taryhy, Danalyk we Pygamberlik kitaplaryndan ybarat. Bu kitaplar Isa Mesih gelmezden öň ýazylypdyr, olaryň käbirinde Onuň geljekdigi baradaky pygamberlikler bar.
Seret: Pygamberlik etmek; Täze Äht; Töwrat; Zebur.
Kül üstünde oturmak
Seret: Jul geýinmek.