J
11
Jebraýyl perişde – adamzada Hudaýyň habaryny getirýän perişde. Köne Ähtde ol Danyýel pygambere görnüp, oňa Hudaýdan gelen görnüşleri düşündirýär. Täze Ähtde ol Zekarýa görnüp, Ýahýanyň doguljakdygyny, şeýle-de Merýeme görnüp, Isa Mesihiň doguljakdygyny habar berýär.Jelile – Ysraýyl ýurdunyň demirgazyk etraby.
Jennet – grekçe bu söz «owadan bag» diýmegi aňladýar. Täze Ähtde bu söz Isa ynanýanlaryň ölümden soň gidýän ajaýyp ýerini aňladýar.
Jul geýinmek – gadymy Ysraýylda adamlar eden günäsine toba edýändiklerini görkezenlerinde ýa-da kimdir biriniň ýasyny tutanlarynda, jul geýnipdirler we külüň üstünde oturypdyrlar ýa-da depelerinden kül sepeläpdirler. Umuman bu gam-gussany görkezmek üçin ulanylypdyr.