2‑nji bap
Müneçjimler gündogardan gelýär
1 Isa Hirod patyşanyň döwründe Ýahudyýanyň Beýtullaham şäherinde eneden doguldy. Şonda müneçjimler gündogardan Iýerusalime gelip: 2 «Ýahudylaryň patyşasy bolup doglan nirede? Biz Onuň dogluş ýyldyzyny gördük we Oňa sežde etmäge geldik» diýdiler. 3 Hirod patyşa muny eşidende, onuň özi-de, tutuş Iýerusalim halky-da galagopluga düşdi. 4 Ol ähli ýolbaşçy ruhanylary, Töwrat mugallymlaryny ýygnap, olardan Mesihiň nirede dogulmalydygy hakynda sorady. 5 Olar şeýle jogap berdiler: «Ol Ýahudyýadaky Beýtullaham şäherinde dogulmaly, sebäbi pygamber şeýle ýazypdyr:
6 ‡„Emma sen, eý, Ýahuda ýurdundaky Beýtullaham!
Ýahuda hökümdarlarynyň arasynda asla kiçisi dälsiň sen.
Çünki senden bir Hökümdar çykar,
halkym Ysraýylyň çopany bolar“».
7 Onsoň Hirod müneçjimleri gizlin çagyryp, olardan ýyldyzyň haçan görnendigi barada jikme-jik sorady. 8 Hirod: «Baryň, çaga baradaky habaryň anygyna ýetiň. Ony tapan badyňyza, maňa habar beriň. Menem baryp, Oňa sežde etjek» diýip, olary Beýtullahama iberdi. 9 Olar patyşany diňläp, ýola düşdüler. Ine, olaryň gören dogluş ýyldyzy ýene peýda boldy we öňlerine düşüp, çaganyň doglan ýeriniň üstüne gelip durdy. 10 Ýyldyzy görenlerinde, olaryň şatlyklarynyň çägi bolmady. 11 Olar öýe girip, çaga bilen ejesi Merýemi gördüler. Şonda dyza çöküp, Oňa sežde etdiler-de, hazynalaryny açyp, altyn, hoşboý tütetgiler we mür* sowgat berdiler. 12 Hirodyň ýanyna gaýdyp barmazlyk hakda düýş arkaly duýduryş berlensoň, müneçjimler öz ýurtlaryna başga ýol bilen gaýtdylar.
Ýusup maşgalasy bilen Müsüre gaçýar
13 Müneçjimler gidenden soň, Rebbiň bir perişdesi Ýusubyň düýşüne girip: «Tur! Çaga bilen ejesini al-da, Müsüre gaç. Özüm habar berýänçäm, şol ýerde gal, sebäbi Hirod çagany öldürmek üçin Onuň gözlegine çykmakçy bolýar» diýdi. 14 Şeýlelikde, Ýusup turdy-da, çaga bilen Onuň ejesini alyp, şol gije Müsüre tarap ýola düşdi. 15 ‡Ol tä Hirod ölýänçä, şol ýerde galdy. Şunlukda, Rebbiň: «Oglumy Müsürden çagyrdym» diýip, pygamber arkaly aýdan sözi berjaý boldy.
16 Müneçjimleriň aldanyny bilip, Hirod gahar-gazaba mündi. Ol müneçjimlerden sorap anyklan wagtyna görä, Beýtullaham bilen onuň daş-töweregindäki obalarda doglan iki ýaşyndaky we iki ýaşa ýetmedik erkek göbekli çagalaryň ählisini öldürtdi. 17 Şeýdip, Ýermeýa pygamberiň şu aýdanlary berjaý boldy:
18 ‡«Ramadan bir ses eşidildi,
agy we ajy perýat sesleri,
Rahel çagalary üçin aglaýar,
teselli berilmegini islemeýär,
çünki olar indi ýok».
Ýusup maşgalasy bilen Nasyra gaýdyp gelýär
19 Hirod ölenden soň, Rebbiň bir perişdesi Müsürde Ýusubyň düýşüne girip: 20 «Tur, çaga bilen Onuň ejesini al-da, Ysraýyla dolan, sebäbi çaganyň janynyň kastyna çykanlar öldi» diýdi. 21 Onsoň Ýusup çaga bilen ejesini alyp, Ysraýyla gaýtdy. 22 Ýöne Arhelanyň öz atasy Hirodyň ýerine Ýahudyýanyň patyşasy bolanyny eşidip, ol ýere barmaga gorkdy. Düýşüň üsti bilen duýduryş berlensoň, ol Jelile welaýatyna tarap ýola düşdi. 23 Ol ýere baryp, Nasyra diýen şäherde mesgen tutdy. Şeýdip, pygamberler arkaly: «Oňa nasyraly diýler» diýip aýdylan söz berjaý boldy.