Mattanyň hoş habary
1‑nji bap
Isa Mesihiň nesil daragty
(Luka 3:23-38)
1 Ybraýymyň we Dawudyň neslinden bolan Isa Mesihiň nesil daragtynyň ýazgysy, ine, şeýledir: 2 Ybraýymdan Yshak, Yshakdan Ýakup, Ýakupdan Ýahuda we onuň doganlary dünýä indi. 3 Ýahudadan Peres bilen Zerah doguldy, olaryň ejesi Tamardy. Peresden Hesron, Hesrondan Ram doguldy. 4 Ramdan Eminadap, Eminadapdan Nahşon, Nahşondan Salmon doguldy. 5 Salmondan Bowaz dünýä indi, onuň ejesi Rahapdy. Bowazdan Obet dünýä indi, onuň ejesi Rutdy. Obet Ýyşaýyň kakasydy. 6 Ýyşaýdan Dawut patyşa doguldy. Dawutdan Süleýman dünýä indi, onuň ejesi Uryýanyň dul aýaly Batşebady. 7 Süleýmandan Rehabgam, Rehabgamdan Abyýa, Abyýadan Asa, 8 Asadan Ýehoşapat, Ýehoşapatdan Ýehoram, Ýehoramdan Uzyýa doguldy. 9 Uzyýadan Ýotam, Ýotamdan Ahaz, Ahazdan Hizkiýa, 10 Hizkiýadan Manaşa, Manaşadan Amon, Amondan Ýoşyýa doguldy. 11 Ýoşyýa Babyl sürgüniniň öňüsyrasynda doglan Ýekonýanyň we onuň doganlarynyň atasydy. 12 Ýekonýa Babyl sürgüninden soňra doglan Şeýaltyýeliň atasydy. Şeýaltyýelden Zerubabyl, 13 Zerubabyldan Abyhut, Abyhutdan Eliýakym, Eliýakymdan Azor, 14 Azordan Sadok, Sadokdan Akym, Akymdan Elihut, 15 Elihutdan Elgazar, Elgazardan Mattan, Mattandan Ýakup doguldy. 16 Ýakup Merýemiň adamsy Ýusubyň atasydy, Merýemden bolsa Mesih* diýip atlandyrylan Isa doguldy.
17 Şeýlelikde, Ybraýymdan Dawuda çenli bolan nesiller jemi on dört arkadyr. Dawutdan Babyl sürgünine çenli hem on dört, Babyl sürgüninden Mesihe çenli hem on dört arkadyr.
Isa Mesih dogulýar
(Luka 2:1-7)
18 Isa Mesihiň dogluşy şeýle boldy: Onuň ejesi Merýem bilen Ýusup adaglydy, emma olar entek ýassykdaş bolmankalar, Merýem özüniň Mukaddes Ruh arkaly göwreli bolandygyny bildi. 19 Onuň adaglysy Ýusup dogruçyl adamdy, şoňa görä ol Merýemiň ile masgara bolmagyny islemän, ony ýaşyryn aýryp goýbermegi ýüregine düwdi. 20 Ýusup bu hakda oýlanyp ýörkä, Rebbiň bir perişdesi onuň düýşüne girip: «Eý, Dawut ogly Ýusup! Sen Merýeme öýlenmekden gorkma, sebäbi onuň göwresindäki Mukaddes Ruh arkalydyr. 21 Ol bir Ogul dograr, sen Onuň adyna Isa* dakarsyň, sebäbi Ol Öz halkyny günälerinden halas eder» diýdi. 22-23 Bularyň hemmesi Rebbiň pygamber arkaly: «Ine, boý gyz göwreli bolup, Ogul dograr. Onuň adyna Imanuwel dakarlar» diýip aýdan sözüniň berjaý bolmagy üçin boldy. Bu at «Hudaý biziň bilendir» diýmegi aňladýar. 24 Ýusup ukudan oýanansoň, Rebbiň perişdesiniň buýrugyny ýerine ýetirip, Merýeme öýlendi. 25 Emma Merýem ogluny* dogurýança, Ýusup oňa ýanaşmady. Ýusup doglan çaganyň adyna Isa dakdy.