Ýohanna gelen aýanlyk
Giriş
Ýohanna gelen aýanlyk Isa Mesihe Reb hökmünde iman edip, Oňa eýeren mesihileriň yzarlanan döwründe ýazyldy. Awtoryň esasy maksady iman ugrundaky şeýle yzarlanmalar we jebir-jepalar döwründe imanlylary ruhlandyryp, olara umyt bermekden ybaratdyr. Ol okyjylaryny şeýle döwürde öz imanlaryna sadyk galmaga çagyrýar.
Kitap esasan-da nyşanlar arkaly beýan edilen aýanlyklardan we görnüşlerden ybaratdyr. Olaryň nyşanlar arkaly berlen beýany şol döwürde ýaşan mesihiler üçin düşnükli bolsa-da, biziň döwrümiz üçin gizlin syr bolup durýandyr. Aýdymlaryň, sazlaryň, goşgularyň mowzuklary ýaly, bu kitabyň hem mowzugy dürli görnüşler topary arkaly dürli tärlerde öwran-öwran gaýtalanýar. Kitabyň düşündirişleriniň dürli-dürlüdigine garamazdan, onuň esasy mowzugy aýdyňdyr: Hudaý biziň Rebbimiz Isa Mesih arkaly Öz duşmanlaryny, şol sanda iblisi gutarnykly we doly ýeňjekdir. Bu ýeňiş doly amala aşandan soň Hudaý Özüne sadyk galan halkyny täze gögüň we täze ýeriň ýalkanyşlary bilen sylaglajakdyr.
Mazmuny
Giriş1:1-8
Açyk görnüş we ýedi ýygnaga hat1:9–3:22
Gökdäki tagt4:1–4:11
Ýedi möhür bilen möhürlenen hat5:1–8:1
Ýedi surnaý8:2–11:19
Aždarha we iki jandar12:1–13:18
Dürli görnüşler14:1–15:8
Hudaýyň gazaby we ýedi käse16:1-21
Babyl weýran edilýär, jandar, galp pygamber we iblis ýeňilýär17:1–20:10
Iň soňky höküm20:11-15
Täze gök, täze ýer we täze Iýerusalim21:1–22:5
Jemleme22:6-21