Sözlük
A
1
Adalatly – Hudaý hemişe adalatly. Ol elmydama dogry iş edýär we hemişe oňat kararlary çykarýar. Mukaddes Kitaba laýyklykda, Hudaý her bir adama, uly bolsun, kiçi bolsun, baý ýa-da garyp, parhy ýok – hemmelere adalatly garamaklygy ündeýär. Ol Öz halkyna şeýle diýýär:«Ýagşylyk etmegi öwreniň,
adalaty agtaryň,
ezýet çekýäni halas ediň,
ýetimi goraň,
dul hatyna arka duruň» (Işa 1:17).
Kazylaryň, ýurt baştutanlarynyň, dini ýolbaşçylaryň halkyň üstünden höküm sürýändikleri üçin, Hudaý olardan adalatly kararlary çykarmagy talap edýär we adalatsyz hereketler eden ýagdaýynda, olary ýowuzlyk bilen höküm edýär.
Seret: Dogry.
Adam ata – Hudaý tarapyndan ýaradylan ilkinji ynsan. Onuň aýaly How ene bolupdyr. Olar ähli ynsanlaryň ata-enesi bolupdyr. Adam atanyň ady ýewreýçe «ynsan» diýmegi aňladýar.
Agta – taryhyň käbir döwürlerinde dürli milletlerde agtalar hökümdarlaryň ýolbaşçylygy astynda ýokary wezipäni eýeläpdirler. Hudaýyň gadagan edýändigi üçin, olary biçmeklik ýewreýleriň däp-dessurynda bolmandyr.
Agyz beklemek – agyz beklemegiň maksady Hudaýyň huzurynda özüňi pespäl tutmak ýa-da käbir pajygaly ýagdaýda ýas tutmak, gam-gussa döwri Hudaýy çagyrmak bolupdyr. Dogry durmuşda ýaşamazdan, garyplara we ejizlere adalatly garamazdan, agyz beklemekligiň hiç hili peýdasynyň ýokdugyny we munuň Hudaýyň göwnünden turmaýandygyny pygamberler halka ýatladypdyrlar.
Ahalot – Hindistanda ösýän we özeni hoşboý ysly agaç. Onuň özenini geýimlere ýa-da otaga hoşboý ys bermek üçin ulanypdyrlar.
Aždarha – gadymy ýewreý düşünjesinde deňiz aždarhasy başagaýlygy aňladyp, älem-jahanyň ýaradylyşynyň irki döwürlerinde peýda bolupdyr. Käte aždarha Rahap diýlip atlandyrylypdyr (Eýp 9:3; 26:12; Işa 51:9), käte bolsa Liwýatan (Eýp 3:8; 41:1; Zeb 73:14; Işa 27:1). Şeýle hem bu milletler üçin bir nyşan, ýagny Ysraýylyň duşmany bolupdyr (Zeb 86:4). Ikinji pikir Täze Ähtde Aýanlyk kitabynda gabat gelýär, Isa Mesihe ynanýanlara garşy uruşda aždarha erbet güýçleriň nyşanydyr.
Akmak – paýhas edebiýatynda: Zeburyň käbir mezmurlarynda, Süleýmanyň pähimlerinde, Wagyzda, Eýýupda «akmak» diňe bir akylsyz adam däl-de, eýsem, akyl-paýhasy ret edýän adamdyr. Şonuň üçin hem ol ölüm we weýrançylyk ýolundan barýan adamdyr. Beýle adam Hudaý barada we Hudaýyň islegi barada pikir etmeýän, alada etmeýän, tekepbir, gedem, biparh adam. Ol hatda dine we paýhasly öwüt-ündewe garşy çykyp, bular barada ýaman zatlary gepläp bilýär. Paýhas edebiýatynda beýan edilen häsiýetlerden başga-da akmak adam özüniň nejis gylyk-häsiýeti bilen tanalypdyr. Işaýa pygamberiň kitabynda akmak adam barada şeýle diýilýär: «Akmak biedeplik bilen gepleýär, onuň niýeti pislik etmekdir, işi ýamanlyk etmek, Rebbe dil ýetirmek, açlary aç, suwsuzlary suwsuz goýmakdyr» (Işa 32:6).
Seret: Nadan.
Alamot – manysy belli däl. Belki äheň, belki-de saz guraly bolmagy ähtimal.
1ÝÝ 15:21.
Aloe – Täze Äht döwründe aloe ölen adamyň jesedini jaýlamaga taýýarlamakda ulanylypdyr.
Amalekler – Ysraýyl halky Kengan ýurduny eýelemezden öň, onuň golaýynda ýaşan halk. Olar, esasan, Duz deňziniň günorta-gündogarynda, ýagny Negepde ýaşan çarwa halk bolupdyr.
Ammonlar – Lutuň ogly Benamynyň nesilleri. Ammonlar Iordan derýasynyň gündogarynda ýaşapdyrlar. Olar Molek hudaýyna sežde edipdirler.
Seret: Lut.
Amorlar – Ysraýyl halky Kengan ýurduny eýelemezden öň, ol ýerde ýaşan halklaryň biri. Olar özleriniň äpet uzyn boýlary bilen tanalypdyr. Mesopotamiýanyň tutuş töwereginde özüniň şäherleri we hanlary bilen amorlar örän güýçli halk bolupdyr. Ysraýyllar Kengana çozan wagtynda, olar, esasan hem, Iordan derýasynyň gündogarynda we Iordanyň günbatar daglarynda ýaşan Og hem Sihon atly iki hanyň hanlygyndaky güýje daýanypdyrlar.
Seret: Kenganlar.
Anaklar – Ysraýyl halky eýelemezden öň, Kengan ýurdunyň golaýynda ýaşan halklaryň biri. Olar Hebron galasynda we onuň daş-töwereginde ýaşapdyrlar. Anaklar üç urugdan ybarat bolup, olar Nefilleriň nesilleri bolupdyrlar.
Seret: Nefiller.
Araba düzlügi – Iordan derýasynyň düzlüginden Duz deňziniň günorta-demirgazygyna çenli ýaýylyp gidýän gury we tekiz ýer.
Arameý dili – bu dil ýewreý diline degişlidir. B. e. öň VI asyrda bu esasy dil hökmünde ösüp, gadymy ýakyn Gündogarda (häzirki Orta Gündogarda) diplomatiýa we täjirçilik üçin ulanylypdyr. Ysraýyllar Babyl sürgüninden dolanyp gelenlerinden soň, halk ýewreý diline garanda arameý dilinde has köp geplemäge başlapdyr. Köne Ähtiň käbir bölekleri arameý dilinde ýazylypdyr, ýagny Ezr 4:8–6:18; 7:12-26; Dan 2:4–7:28. Isanyň döwründe bu dil ýahudylar we Isa tarapyndan giňden ulanylypdyr, şonuň üçin Täze Ähtde birnäçe arameý sözleri bar.
Seret: Ýewreý.
Arfa – kirişli saz guralynyň bir görnüşi.
1624-nji sahypadaky surata seret.
Artemis – grekleriň zenan hudaýynyň ady, oňa aýratyn Aziýa welaýatynda sežde edipdirler. Gadymy dünýäniň ýedi gudratynyň biri bolan onuň buthanasy Efes şäheriniň edil daşynda ýerleşipdir.
Arwah-jyn – Şeýtana gulluk edýän erbet ruhdur. Ol adama zyýan ýetirip ýa-da ony eýeläp bilýär. Isada olary kowup çykarýan gudrat bolupdyr we Ol arwah-jyn eýelän adama şypa beripdir. Resullara hem Isanyň ady bilen arwah-jynlary kowup çykarmak gudraty berlipdir.
Arýopagus – Gresiýanyň Afiny şäherindäki baýyrlyk. Afiny şäheriniň möhüm adamlary bu baýyrlykda duşuşyp wajyp meseleler barada geňeşipdirler. Bu adamlaryň geňeşi hem Arýopagus diýlip atlandyrylypdyr.
Aşera – hasyl berýän iň möhüm zenan hudaýy hasaplanyp, oňa Kenganda we Siriýada sežde edipdirler. Bu zenan hudaýy köplenç Bagal hudaýy bilen gatnaşypdyr. Adamlaryň oňa sežde etmek üçin üýşen ýerinde, onuň agaçdan ýa-da daşdan ýonulyp ýasalan heýkeli dikilipdir.
Aştoret – Suruň we Sidonyň esasy zenan hudaýy bolup, oňa Müsürde we Kenganda sežde edipdirler.
Aşur – b. e. öň IX we VIII asyrlarda Aşur Ysraýylyň gündogarynda güýçli imperiýa bolupdyr. Onuň paýtagt şäheri bolan Ninewe häzirki demirgazyk Yrakda ýerleşipdir. B. e. öň 722‑nji ýylda aşurlar Ysraýyl patyşalygyny basyp alypdyrlar we köp adamlary ýesir edip äkidipdirler. Soňra aşurlar öz imperiýasynyň beýleki böleklerinden adamlary Ysraýylyň ýurdunda ornaşdyrypdyrlar. Öz ýurdunda galan ysraýyl halky bu adamlar bilen gyz alşyp-berşipdir. Aşurlar Ýahuda patyşalygynyň hem üstüne çozupdyrlar, emma ýeňip bilmändirler. Soňrak Ninewe paýtagty Hudaýyň jezasy hökmünde duşmanyň ýeňiji goşunlary tarapyndan bütinleý weýran edilipdir.
Aýanlyk – käwagt pygamberlere Hudaý tarapyndan aýanlyk berilýär. Onda häzirki we geljekki zatlar barada görnüş bolýar. Şeýle aýanlyklarda Hudaý Öz merhemetini we hökümini görkezýär.
Seret: Görnüş.
Aziýa – Täze Äht döwründe Rim imperiýasynyň iň baý welaýaty bolupdyr. Bu günki gün bu welaýat Türkiýäniň araçäklerinde ýerleşýär.
Karta seret.