86-njy mezmur
1 Koranyň nesillerine. Mezmur. Nagma.
2 Reb şäheriniň binýady mukaddes daglardadyr.
Reb söýýär Ýakup halkynyň ähli mesgenlerini,
aýratyn-da Sionyň derwezelerini.
3 Eý, Hudaý şäheri!
Sen hakda şöhratly zatlar aýdylýar. Sela
4 Reb şeýle diýýär:
«Özümi tanaýanlaryň ýanynda
Men Rahaby* we Babyly agzaýyn,
Pilişt, Sur, Efiopiýa ýurtlaryny ýatlaýyn;
Diýýärler: „Bu adam Sionda doglan“».
5 Sion babatda şeýle aýdylar:
«Bu adam hem, ol adam hem şu ýerde doglan».
Beýik Hudaýyň hut Özi ony berkarar eder.
6 Reb «Bu adam Sionda doglan» diýip,
halklaryň sanawyny ýazanda bellär. Sela
7 «Meniň ähli gözbaşlarym Sionda» diýip,
bagşylar we tansçylar biragyzdan aýdarlar.