16-njy bap
Timoteos Pawlus bilen Silasa goşulýar
1 Pawlus Derbe we Listra şäherlerine geldi. Listrada Timoteos atly Isanyň bir şägirdi bardy. Onuň ejesi imanly ýahudydy, kakasy bolsa grekdi. 2 Listradaky we Ikoniýadaky doganlar ol barada gowy sözler aýdýardylar. 3 Pawlus Timoteosy özi bilen äkitmek isleýärdi. Şonuň üçin ony sünnet etdirdi, sebäbi ol ýerde ýaşaýan ýahudylaryň hemmesi Timoteosyň kakasynyň grekdigini bilýärdi. 4 Olar şäherleriň içinden geçip, ol ýerdäki imanlylara Iýerusalimdäki resullar we ýolbaşçylar tarapyndan kabul edilen kararlara eýermekligi tabşyrýardylar. 5 Şeýlelikde, doganlaryň imany has-da berkäp, olaryň sany günsaýyn artýardy.
Pawlus Makedoniýa barada görnüş görýär
6 Mukaddes Ruh tarapyndan Rebbiň sözüni Aziýa welaýatyna wagyz etmeklik bökdelensoň, Pawlus dagy Frikiýa we Galatýa ülkesinden geçdiler. 7 Olar Misýa serhedine gelip, Bitiniýa welaýatyna girmekçi boldular. Emma Isa Mukaddes Ruh arkaly olara rugsat bermedi. 8 Onsoň Misýanyň üsti bilen Troasa gitdiler. 9 Şol gije Pawlus bir görnüş gördi. Makedoniýaly bir adam onuň garşysynda durup: «Makedoniýa gel, bize kömek et!» diýip ýalbardy. 10 Pawlus bu görnüşi görensoň, Hudaý bizi olara Hoş Habary wagyz etmäge çagyrýar diýen netijä gelip, biz dessine Makedoniýa tarap ýola düşdük.
Lidiýa iman edýär
11 Şeýlelikde, Troasdan gämi bilen göni Samofrakiýa, ertesi hem Neapolise gitdik. 12 Ol ýerden-de Makedoniýanyň esasy welaýatynda ýerleşýän Filipi şäherine geldik. Bu şäher Rime garaşlydy. Biz birnäçe günläp ol ýerde galdyk. 13 Sabat güni biz şäherden derýa ýakasyna çykdyk. Ol ýerde ybadat edilýän ýeriň bardygyny bilýärdik. Onsoň ol ýerde ýygnanan aýallar bilen oturyp, olara gürrüň bermäge başladyk. 14 Bizi diňläp oturanlaryň arasynda Lidiýa atly bir söwdagär aýal hem bardy. Ol Tiýatira şäherinden bolup, gyrmyzy parçalar satýardy. Bu aýal Hudaýa sežde edýärdi. Pawlusyň sözlerine gulak asmak üçin, Reb onuň ýüregini açdy. 15 Lidiýa tutuş öý-içersi bilen suwa çümdürilenden soňra bizi öýüne çagyryp: «Meni Rebbe sadyk saýýan bolsaňyz, geliň-de, öýümde galyň» diýip ýalbaryp, bizi yrdy.
Pawlus bilen Silas tussaglykda
16 Bir gün ybadat edilýän ýere barýarkak, palçylyk ruhy eýelän bir hyzmatkär gyza duş geldik. Bu gyz pal atmaklyk bilen hojaýynlaryna köp pul gazanyp berýärdi. 17 Ol Pawlusyň we biziň yzymyza düşüp: «Bu adamlar Beýik Hudaýyň gullarydyr. Olar size* halas bolmagyň ýoluny wagyz edýärler» diýip gygyrýardy. 18 Ol ençeme günläp şeýle diýip gygyrmagyny dowam etdi. Ahyry Pawlus bizar bolup, yzyna öwrülip, arwah-jyna: «Isa Mesihiň adyndan buýurýaryn: bu gyzyň içinden çyk!» diýdi. Arwah-jyn şol pursadyň özünde gyzdan çykdy. 19 Onuň hojaýynlary gazanç umytlarynyň elden gidenini görüp, Pawlus bilen Silasy tutup, bazar meýdançasyna süýräp getirdiler. 20 Olary häkimleriň öňüne getirip: «Bu adamlar şäherimizde başagaýlyk döredýärler. Özleri hem ýahudylar, 21 biz bolsa rimliler, olar biziň kanunymyza ters gelýän adatlary wagyz edýärler. Bize olaryň adatlaryny kabul etmek ýa-da berjaý etmek gadagandyr» diýdiler. 22 Halk hem Pawlus bilen Silasa garşy aýaga galdy. Şeýlelikde, häkimler esgerlere olaryň eşiklerini sypyryp, taýaklap urmagy buýurdylar. 23 Köp taýaklanlaryndan soň, zyndana saldylar-da, zyndanyň baş gözegçisine olary berk saklamagy tabşyrdylar. 24 Ol hem şeýle buýruk alansoň, olary zyndanyň içki bölümine salyp, aýaklaryna gandal baglady.
25 Ýarygije töweregi Pawlus bilen Silas doga-dileg edip, Hudaýa öwgüli nagmalar aýdýardylar, tussaglar hem olary diňleýärdi. 26 Birdenkä güýçli ýertitreme boldy, zyndanyň binýady sarsyp, ähli gapylar birbada açyldy, hemmeleriň zynjyry üzüldi. 27 Ukudan oýanan baş gözegçi zyndanyň gapylarynyň açykdygyny gördi. Ol tussaglar gaçandyr öýdüp, özüni öldürjek bolup, gylyjyny syrdy. 28 Emma Pawlus gaty ses bilen: «Saklan! Janyňa kast etme, biziň hemmämiz şu ýerde!» diýip gygyrdy. 29 Baş gözegçi çyra getirdip, içeri kürsäp girdi. Ol sandyrap baryp, Pawlus bilen Silasyň aýagyna ýykyldy. 30 Olary daşary çykaryp: «Agalar! Men halas bolmak üçin näme etmeli?» diýip sorady. 31 Olar hem: «Rebbimiz Isa iman et, özüň-de, tutuş öý--içeriň hem halas bolar» diýdiler. 32 Soňra olar baş gözegçä we onuň öý-içerisine Rebbiň Hoş Habaryny wagyz etdiler. 33 Şol gijäniň özünde baş gözegçi olary bir çete çykaryp, ýaralaryny ýuwdy. Soňra dessine ol öý-içersindäkiler bilen bile suwa çümdürildi. 34 Onsoň olary öýüne salyp, öňlerine saçak ýazdy. Ol tutuş öý-içersi bilen birlikde Hudaýa iman edendigine begendi.
35 Ertesi daň atanda, häkimler öz gullukçylaryny iberip: «Şol adamlary boşat» diýdiler. 36 Zyndanyň baş gözegçisi hem bu habary Pawlusa ýetirip: «Häkimler size gidiberiň diýip habar ýollapdyrlar. Indi siz gidip bilersiňiz. Sag-aman baryň» diýdi. 37 Emma Pawlus olara: «Rim raýatydygymyza garamazdan, bizi halkyň öňünde bikanun ýençdiler, zyndana taşladylar. Näme üçin indi bizi ogrynça boşadyp goýberjek bolýarlar? Bu bolmaz! Goý, bizi zyndandan özleri gelip çykarsynlar» diýdi. 38 Gözegçiler hem bu sözleri häkimlere ýetirdiler. Häkimler Pawlus bilen Silasyň Rim raýatydygyny eşidip, gaty howsala düşdüler. 39 Häkimler gelip, olardan ötünç soradylar we zyndandan alyp çykdylar. Soňra olara şäherden gitmeklerini haýyş etdiler. 40 Pawlus bilen Silas zyndandan çykyp, Lidiýanyň öýüne bardylar. Olar bu ýerde imanlylar bilen duşuşyp, olary ruhlandyrdylar, soňra ol ýerden gitdiler.