32‑nji mezmur
1 Eý, dogry adamlar, şatlanyň Rebde,
dogruçyla alkyş aýtmak gelişýär.
2 Rebbe alkyş aýdyň lirada,
Oňa mukam çalyň on kirişli guralda.
3 Aýdyň Oňa täze nagmany,
şadyýan gygyryşyp,
ussatlarça çalyň öz sazyňyzy.
4 Çünki Rebbiň sözi dogry,
wepalydyr Onuň ähli işleri.
5 Ol dogrulygy, adalaty söýýändir;
ýer ýüzi Rebbiň sadyk söýgüsinden doludyr.
6 Ýaradyldy gökler Reb sözi bilen,
bar asman jisimleri – agzynyň nepesi bilen.
7 Ol deňiz suwlaryny üýşmek kimin ýygnady,
düýpsüz suwlary howdanlara sygdyrdy.
8 Bütin ýer ýüzi, goý, Rebden gorksun;
dünýäde ýaşaýanlaryň bary Ondan eýmensin.
9 Çünki Ol aýtdy – aýdany boldy;
Ol buýurdy – buýrany hem berk durdy.
10 Reb milletleriň maslahatyny hiç edýär,
halklaryň niýetlerini puja çykarýar.
11 Emma ebedidir Reb maslahaty,
Onuň ýürek pikirleri – nesillerboýy.
12 Hudaýy Reb bolan millet bagtlydyr;
Öz genji hökmünde saýlan halky bagtlydyr.
13 Reb göklerden nazar aýlaýar,
Ol adamzadyň baryny görýär.
14 Tagtynda oturan ýerinden
ýeriň ähli ilatyna nazar aýlaýar:
15 Oldur her biriniň ýüregini ýaradan,
olaryň ähli işlerine düşünýän.
16 Patyşany halas etmez uly goşuny,
uly güýji halas etmez batyry.
17 Güýçli bedew ýeňşi kepillendirmez,
uly güýji bilen hiç kimi ol halas etmez.
18 Ine, Rebbiň nazary Ondan gorkýanlarda,
sadyk söýgüsine umyt baglaýanlarda.
19 Ölümden olaň janyny Ol halas eder,
açlyk döwründe-de aman galdyrar.
20 Rebbi pena edinýär biziň janymyz,
Ol – kömegimiz we galkanymyz.
21 Onda şatlanýar ýüreklerimiz,
çünki mukaddes adyna bil baglaýandyrys.
22 Ýa Reb, biz Saňa umyt baglaýandyrys.
Seniň sadyk söýgiň bize ýar bolsun!