33‑nji mezmur
1 Dawudyň Abymelegiň öňünde özüni dälilige uran wagtyndaky mezmury. Abymelek Dawudy kowandan soň, ol gitdi.
Alef
2 Men Rebbe hemişe alkyş aýdaryn,
Oňa öwgi elmydama agzymda bolar.
Bet
3 Reb bilen meniň janym magtanar,
pespäller eşider hem-de şat bolar.
Gimel
4 Meniň bilen bile Rebbi öweliň,
beýgeldeli bilelikde Onuň adyny.
Dalet
5 Men Rebbi agtardym, Ol jogap berdi
hem-de ähli howplardan meni halas eýledi.
He
6 Oňa nazar salyň, nurlanarsyňyz,
asla utandyrylmaz siziň ýüzüňiz.
Zaýin
7 Men-biçäre Rebbi çagyrdym, Ol hem eşitdi,
meni ähli azaplarymdan halas eýledi.
Ḥet
8 Reb perişdesi Ondan gorkýanlary gurşaýar,
olary bela-beterden halas eýleýär.
Ṭet
9 Dadyp görüň Reb ýagşylygyny,
Ony pena edinýän nähili bagtly!
Ýod
10 Rebden gorkuň, eý, Onuň mukaddesleri,
Ondan gorkýanlaryň ýok mätäçligi.
Kaf
11 Hatda ýolbarslar hem çekýär ejir bilen açlygy,
Rebbi agtarýanlar bolsa çekmez hiç mätäçligi.
Lamed
12 Geliň, eý, ogullarym, diňläň siz meni,
öwredeýin size Rebden gorkmagy.
Mem
13 Isleýärmiň döwran sürmegi?
Göresiň gelýärmi ýagşy günleri?
Nun
14 Ýamanlykdan sakla sen öz diliňi
we hileli gepden – dodaklaryňy;
Sameh
15 ýamanlykdan aýryl, et sen ýagşylyk,
parahatlyk agtar, onuň yzyndan galma.
Ğaýin
16 Dogry adamlarda Rebbiň gözleri,
perýatlaryna açyk Onuň gulagy.
Pe
17 Rebbiň ýüzi betkärlere garşydyr;
olary ýatlamadan ýer ýüzünde nyşan galdyrmaz.
Tsadi
18 Reb eşidýär dogrular perýat edende,
Ol olary ähli muşakgatlaryndan halas eýleýär.
Ķof
19 Reb kalby synyklara ýakyndyr;
ruhdan düşenleri halas edýändir.
Reş
20 Dogry ynsanyň dertleri köpdür,
emma Reb ählisinden ony halas edýändir.
Şinׁ
21 Onuň ähli süňklerini goraýar,
olaryň biri hem döwülmez.
Taw
22 Ýamanlyk erbet adamy öldürer,
dogry adamy ýigrenýän höküm ediler.
23 Reb Öz bendelerini halas edýändir,
Ony pena edinýänleriň hiç biri höküm edilmez.