52‑nji mezmur
1 Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Üflenip çalynýan saz guralynda. Maskil. Dawudyň mezmury.
2 Akmaklar ýüreginde: «Hudaý ýok» diýýärler.
Olar azýarlar we ýigrenji işleri edýärler;
ýagşylyk edýän ýok.
3 Paýhasly we Hudaýy agtarýan barmyka diýip,
Hudaý göklerden adamzada nazar aýlaýar.
4 Olaryň hemmesi ýoldan çykdylar,
bary deň derejede haram boldular;
ýagşylyk edýän ýok, ýok ýeke biri-de.
5 Eýsem düşünmeýärmi ähli betkärler?
Olar halkymy çörek ýaly iýýärler
hem-de Hudaýy çagyrmaýarlar.
6 Olar gorky ýok ýerde gorka düşerler,
çünki Hudaý seni gabanlaryň süňklerini dagadar.
Sen olary galdyrarsyň uýada,
çünki olary Hudaý ret etdi.
7 Wah, gelsedi Siondan Ysraýyl ýeňşi!
Hudaý halka öňki abadançylygyny gaýtaryp berende,
Ýakup begener, Ysraýyl hem şatlanar.