51‑nji mezmur
1-2 Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Edomly Döweg Şawula gelip, Dawut Ahymelegiň öýüne baryp ýetendigini habar berende, Dawudyň aýdan maskili.
3 Näme üçin ýamanlyk bilen öwünýäň, eý, edermen?
Hudaýyň sadyk söýgüsi hemişe meniň bilen!
4 Seniň diliň düzýär weýrançylyklary,
ol ýiti päki kimin işläp düzýär hiläni.
5 Sen ýagşylykdan ýamanlygy halaýaň,
hakykaty sözläniňden – ýalan aýtmagy.
6 Eý, hileli dil,
sen halaýaň ähli heläkleýji sözleri!
7 Emma Hudaý seni baky heläklär,
seni tutup, çadyryňdan çekip çykarar,
ýaşaýyş topragyndan köküňi sograr. Sela
8 Dogry adamlar muny görüp, gorkarlar,
oňa gülüp, şeýle diýerler:
9 «Ine, bu adam Hudaýy özüne pena etmedi,
öz baýlygynyň köplügine baglady bili;
ol öz baýlygyndan* pena gözledi».
10 Men bolsa Hudaýyň öýündäki
gök öwüsýän zeýtun agajy ýaly;
Hudaýyň sadyk söýgüsine
ebedi we baky baglaýan bili.
11 Edenleriň üçin Saňa baky şükür ederin;
Saňa sadyk bolanlaryň jemagatynda
Seniň ýagşy adyňa umyt baglaryn.