53‑nji mezmur
1-2 Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Kirişli saz guralynda. Maskil. Zipliler gelip, Şawula: «Dawut biziň aramyzda gizlenýär» diýenlerinde, Dawudyň aýdan mezmury.
3 Eý, Hudaý, meni halas et Öz adyň bilen,
meni akla Sen gudratyň bilen.
4 Eý, Hudaý, meniň dogamy eşit,
Sen agzymyň sözlerine gulak goý.
5 Çünki gelmişekler garşyma galdy,
sütemkärler janymyň kastyna çykdy;
olar Hudaýy äsgermeýärler. Sela
6 Meniň üçin bolsa Hudaý kömekdir!
Taňry söýgetleýär meniň janymy.
7 Ol duşmanlarymyň eden ýamanlygyny
olaryň öz başlaryna inderer.
Öz wepalylygyň hatyrasyna ýok et olary.
8 Saňa höwes bilen gurbanlyk keseýin,
ýa Reb, Seniň ýagşy adyňa şükür edeýin.
9 Çünki Ol meni ähli muşakgatdan halas eýledi,
gözüm duşmanlaryma ýeňiş bilen garady.