73‑nji mezmur
Asafyň maskili
1 Eý, Hudaý, näme üçin bizi hemişelik taşladyň?
Näme üçin öriňdäki goýunlara lowlaýar Seniň gazabyň?
2 Ýatla Sen gadymdan Özüň üçin saýlan halkyňy –
Özüňe taýpa edinmek üçin azat edenleriňi,
ýatla Sen mesgen tutunan Sion* dagyňy.
3 Müdimi harabalyklara howluk-da, sal Sen nazary –
duşman weýran etdi mukaddes öýüňdäki ähli zatlary.
4 Ybadat öýünde duşmanlaryň arlap gygyrdy,
olar nyşanlaryny şol ýerde dikdi.
5 Olar göýä gür agaçlyga
paltalary aýlap salýan kişiniň keşbindediler.
6 Indi bolsa ähli haşamlaryny bir pursadyň içinde
palta, çekiç bilen parçaladylar.
7 Mukaddes öýüňi oda ýakdylar,
Seniň mesgeniňi haramladylar,
ony ýer bilen ýegsan etdiler.
8 Öz-özlerine şeýle diýdiler:
«Olaryň baryny tabyn edeliň».
Hudaýyň ýurdundaky ähli ybadat öýlerini oda berdiler.
9 Biz görmeýäris gudratly alamatlary,
indi hiç bir pygamber hem ýok;
haçana çenli şeýle boljagyny bilýän
aramyzda ýok.
10 Eý, Hudaý, duşman haçana çenli ýaňsylamaly?
Duşman Seniň adyňa ebedilik dil ýetirsinmi?
11 Näme üçin goluňy yza çekýärsiň?
Eliňi goltugyňdan çykaryp, ýok et olary!
12 Eý, Hudaý, ezelden bäri Sen Patyşamsyň,
ýer ýüzünde halas ediş işlerini berjaý edýärsiň.
13 Gudratyň bilen Sen deňzi böldüň,
deňiz aždarhalarynyň başlaryny suwlarda döwdüň.
14 Liwýatanyň* başlaryny kül- -owram edip,
ony çöl wagşylaryna şam edip berdiň.
15 Gözbaşlar ýardyryp, bulaklary akdyrdyň,
haýbatly derýalary gus-gury etdiň.
16 Gündiz Seniňki, gije Seniňki,
Sen gögüň yşyklaryny, Güni berkarar etdiň.
17 Ýeriň ähli çäklerini Sen çekdiň,
Sen tomsy, gyşy ýaratdyň.
18 Ýa Reb, ýatla duşmanyň ýaňsylaýşyny,
akmak halkyň Seniň adyňy har edişini.
19 Wagşy haýwanlara berme Öz gumryň janyny,
ebedilik unutma pukaralaryň ýaşaýşyny.
20 Öz ähtiňi ýatla,
çünki ýurduň ähli buky ýerleri
zulum öýlerinden ýaňa dos-doly.
21 Ezilenler ryswa bolmasyn,
pukaralar, mätäçler adyňy şöhratlandyrsyn.
22 Eý, Hudaý, galk-da, dawaň üçin dawalaş,
akmagyň günuzyn Seni ýaňsylaýşyny ýatla.
23 Öz duşmanlaryňyň seslerini unutma;
Saňa garşy baş galdyrýanlaryň gohy dyngysyz artýar.