74‑nji mezmur
1 Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. «Heläk etme» äheňinde aýdylýan. Asafyň mezmury. Nagma.
2 Eý, Hudaý, Saňa şükür edýäris,
Sen Öz barlygyňy aýan edýäň, şükür edýäris,
Biz Seniň gudratlaryň hakda aýdýarys*.
3 Diýýärsiň: «Öz bellän wagtym gelende,
ýüz görmezlik bilen höküm çykararyn Men.
4 Ýer we onuň ilaty titrän wagtynda,
Mendirin onuň direglerini berkiden» Sela
5 Öwünjeňlere: «Öwünmäň» diýýän,
erbetlere: «Güýjüňize daýanmaň» diýýän.
6 Siz öz kuwwatyňyza magtanmaň,
ýeňsäňizi dim-dik tutup gürlemäň.
7 Çünki ýeňiş ne gündogardan,
ne günbatardan, ne-de çöldendir.
8 Kazylyk edýän diňe Hudaýdyr,
birini peseldip, birini beýgeldýän Oldur.
9 Çünki käse Rebbiň elinde,
ol güýçli garylyp, köpükleýän şerapdan doly.
Reb gazaby we şeraby käseden guýar:
ýer ýüzüniň ähli erbetleri,
ony löderesine çenli içerler.
10 Men bolsa elmydama beýan ederin,
Ýakubyň Hudaýyna nagma aýdaryn.
11 Ol erbetleriň ähli kuwwatyny syndyrar,
dogrularyň kuwwatyny bolsa Ol belende galdyrar.