75‑nji mezmur
1 Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Kirişli saz gurallary üçin. Asafyň mezmury. Nagma.
2 Hudaý Ýahudada meşhurdyr,
Onuň ady Ysraýylda beýikdir.
3 Onuň çadyry Salimdedir*,
Onuň mekany Siondadyr.
4 Ol şol ýerde döwdi
otly peýkamlary hem-de galkany,
gylyjy hem-de söweş ýaraglaryny. Sela
5 Sen nur deý şöhle saçýarsyň,
awlaglara baý bolan daglardan dabaralysyň.
6 Arslan ýürekliler oljasyny aldyrdylar,
olar baky uka gitdiler.
Iň güýçlüleriň hiç biriniň-de
elini galdyrmaga gurby çatmady.
7 Eý, Ýakubyň Hudaýy, Seniň käýinjiňden
atlar, söweş arabalary doňup galdylar.
8 Sen wehimlisiň!
Gazaba müneňde kim durup biler?
9-10 Sen göklerden yglan etdiň karary;
ýer ýüzüniň ähli pukarasyny halas etmäge,
Sen kazylyk etmek üçin aýaga galdyň,
şonda ýer ýüzi eýmenip, ümsümlik boldy. Sela
11 Saňa öwgi gazandyrar hatda ynsan gazaby,
gazabyňdan gutulanlar-da Saňa öwgi aýdarlar.
12 Beýik Hudaýyňyza sadaka aýdyň,
olary beriň,
töweregindäkileriň bary wehimli Hudaýa
sowgat getirsin.
13 Şazadalaryň ruhuny syndyrýan Oldur,
ýer ýüzüniň şalaryna wehimli Oldur.