B
2
Babyl – Babyl şäheri Babyl imperiýasynyň paýtagty bolupdyr we ol häzirki günorta Yrakda ýerleşipdir. B. e. öň 586-njy ýylda babyllylar Ýahuda patyşalygyny basyp alypdyrlar we köp adamlary Babyla ýesir edip äkidipdirler.Seret: Ýahuda.
Bagal – kenganlar tarapyndan sežde edilen harasat hudaýy. Bagal sözi aslynda «hojaýyn», şeýle hem «är» diýmegi aňladýar.
1Pat 18:1-45; Ýer 7:9; Hoş 11:2.
Baş ruhany – Lewiniň nesli bolan Harun pygamber we onuň ogullary Hudaý tarapyndan ruhany bolmaklyga saýlanypdyrlar. Olar Mukaddes çadyrda Hudaýa hyzmat edipdirler. Harun pygamber ilkinji Baş ruhany hökmünde saýlanypdyr. Diňe Baş ruhana Iň mukaddes otaga girmäge rugsat edilipdir. Ol ysraýyllary günälerinden saplamak üçin ol ýere ýylda bir gezek «Günäden saplanma» güni giripdir. Ýewreýler kitabynyň awtory Isany kämil Baş ruhany hökmünde beýan edýär.
1623-nji sahypadaky surata seret.
Başan – bu günorta Siriýanyň tekiz jülgeleri we baýyrlyklary. Ol Jelile kölüniň we Iordan derýasynyň gündogar tarapynda ýerleşýär. Başan Gilgat etrabynyň demirgazygynda bolup, özüniň semiz sygyrlary we bol hasyly bilen meşhur bolupdyr.
Baýram ýyly – her elli ýyldan ysraýyl halky toprak, miras, karz we gullar babatda Hudaý tarapyndan berlen ýörite düzgünleri berjaý etmeli bolupdyr.
Baýramçylyklar – Mukaddes Kitapda ysraýyl halky tarapyndan bellenen birnäçe möhüm baýramçylyklar aýdylyp geçilýär. Aşakdaky sanawda bu baýramlaryň atlary berilýär:
Çatma baýramy
Ellinji gün baýramy
Galla baýramy
Günäden saplanma güni
Hasyl baýramy
Pesah baýramy
Petir baýramy
Purym baýramy
Surnaý baýramy
Täze Aý baýramy
Bu baýramlar baradaky maglumatlary sözlükden, olaryň hersiniň adynyň aşagyndan tapyp bilersiňiz.
Bereket –
Seret: Ýalkamak.
Beýelzebul – arwah-jynlaryň ýolbaşçysynyň ady. Bu at «Bagalzebupdan» gelip çykandyr; Bagalzebup Köne Äht döwründe ysraýyllara golaý ýaşan halklaryň sežde eden hudaýlarynyň biridir (2Pat 1:2-16). Beýelzebulyň beýleki ady şeýtandyr.
Seret: Şeýtan.
Bu dünýäniň hökümdary –
Seret: Şeýtan.
But – daşdan, agaçdan ýa-da başga bir zatdan ýasalan heýkel, adamlar olary hudaý hökmünde hasaplap, sežde etmek üçin ulanypdyrlar. Bularyň käbiri seždegähde saklar ýaly uly bolupdyr, käbiri öýde saklar ýaly kiçi bolupdyr.
Seret: Öý butlary.
Bütinleý ýok etmek – Hudaýyň Öz halkyna söz beren ýurdunda uruşdan soň olja düşen emlägi, ýagny ýesirleri, haýwanlary we harytlary ysraýyl halkynyň bähbidi üçin alynman, eýsem bütinleý ýok etmek arkaly Hudaýa bagyş edilipdir.
Ýeş 6:17-21.