Ç
3
Çatma baýramy – ýewreýleriň senenamasy boýunça ýedinji aýyň, ýagny Tişri aýynyň (muňa Etanym aýy hem diýlipdir) on bäşi bilen ýigrimi biri aralygynda, Günäden saplanma gününiň yz ýany bellenilipdir. Bu hepdäniň dowamynda ysraýyl halky Müsürden Kengana barýança, çölde azaşyp gezen döwrüni ýatlapdyr. Halk Hudaýa bellenen gurbanlyklary hödürläpdir we çatmalarda ýaşapdyr. Bu baýramçylyk iň soňky gallanyň we miweleriň ýygnalýan döwri bolupdyr, şonuň üçin bu döwürde hasyl toýy tutulypdyr.