D
4
Dagon – bu piliştlileriň hudaýy bolup, onuň göwresiniň ýarysyndan ýokarsy adam, aşaky ýarysy balyk hökmünde suratlandyrylypdyr.
1Şam 5:2.
Dawut galasy – Sion dagynda Iýerusalimiň köne bölegi, Dawut pygamberiň ýabuslylaryň ilatyny basyp alan ýeri.
2Şam 5:6-9; 1ÝÝ 11:5.
Seret: Içki gala.
Dawut Ogly – Hudaý hezreti Dawut patyşa onuň nesilleriniň biriniň müdimilik şalyk sürjekdigini söz beripdir (2Şam 7:12-16; Işa 9:6-7). Isanyň döwründe ýahudylar bu Patyşa garaşypdyrlar we Ony Mesih diýip atlandyrypdyrlar. Isa garaşylýan Patyşa hökmünde tanalypdyr we Ol Dawut Ogly diýlip atlandyrylypdyr.
Mat 9:27; 15:22.
Seret: Hudaýyň Ogly; Mesih.
Dawut pygamber – çölde çopançylyk edip ýörkä, Hudaý Dawudy ysraýyl halkyna patyşa edip saýlaýar. Ol Iýerusalimi basyp alyp, ony paýtagt şäheri etmek bilen duşmanlarynyň üstünden ysraýyl halkyna ýeňiş getiripdir. Dawut pygamber dogruçyl hem adalatly patyşa bolupdyr, ýöne ol hem günä edipdir. Şeýle hem ol sazanda we şahyr bolupdyr, ol köp sanly mezmurlar ýazypdyr, bular soňra Zebur kitabynyň bir bölegi bolupdyr. Dawut pygamberden soň onuň ogly Süleýman pygamber patyşa bolupdyr. Dawut Hudaýa örän sadyk bolupdyr, Hudaý diňe Dawudyň neslinden biriniň hemişelik patyşa boljakdygyna söz beripdir. Mattanyň Hoş Habary kitabyny açanymyzda, ol ýerde Hudaýyň Dawuda söz beren nesliniň Isadygy hakda gürrüň berilýär.
1Sa 16:13-23; 17:12-58; 2Sa 7; 11; Zeb 88:4; Mat 1:1; Rim 4:6; 2Ti 2:8; Aýn 5:5.
Dekapolis – Samariýa bilen Jeliläniň gündogaryndaky on şäher, olar Grek imperiýasy döwründe gurlupdyr. Isanyň döwründe olar Rim imperiýasyna degişli bolsalar-da, özleri hökümdarlyk edipdirler.
Mat 4:25; Mar 7:31.
Deri keseli – Köne we Täze Äht döwründe deri keseliniň köp dürli görnüşleri bolupdyr. Deri keseliniň haýsam bolsa birine ýolugan adam, bu kesel beýlekilere ýokuşmaz ýaly we ol başga adamy elläp, ony-da haram etmez ýaly, başgalardan aýry saklanypdyr.
Lew 13:45-46; 2Pat 5:1-27; Mat 8:1-4; Luk 7:22.
Dikme daş – bu uzyn daş bolup, dim-‑dik goýlupdyr. Bu dikme daş kimdir biriniň mazaryny bellemek üçin ýa-da möhüm bir zady ýa-da adamy ýatlamak üçin görkezme hökmünde ulanylypdyr. Olar keramatly hasaplanypdyr.
Gçk 28:18-22; 35:20; Msr 24:4; 2Şam 18:18.
Doga-dileg etmek – Mukaddes Kitapda doga-dileg etmek – kitapdan okamak ýa-da ýat tutup aýtmak däl-de, adatça kalbyňdaky zatlary Hudaýa ýürekden beýan etmekdir. Şeýle hem doga-dileg etmek, köp halatda Hudaýa alkyş aýtmagy ýa-da Ondan kömek sorap ýalbarmagy aňladypdyr. Mukaddes Kitap bize durmuşymyzyň ähli ugurlary babatda, şeýle hem öz tanaýan we bütin dünýäden eşidip, hatda tanamaýan adamlarymyzyň hem mätäçlikleri dogrusynda Hudaý bilen gepleşip bilýändigimizi öwredýär. Isanyň bize nädip doga-dileg etmelidigini öwreden nusgasy Mattanyň Hoş Habarynyň 6-njy babynyň 9-13 aýatlarynda we Lukanyň Hoş Habarynyň 11‑nji babynyň 2-4 aýatlarynda görkezlendir.
2Şam 7:27; Zeb 6:10; 141:2; Mat 6:9-13; Luk 11:2-4; Ýak 5:12-18; 1Pet 4:7; Fil 4:6; Kol 4:2; 1Tim 2:1-4.
Seret: Sežde etmek.
Dogry – Mukaddes Kitap Hudaýyň dogrudygyny öwredýär, Onuň ähli işleri dogrudyr. Şonuň üçin hem Hudaýyň halky Onuň buýruklaryna tabyn bolmak bilen, Onuň huzurynda dogry işleri etmäge çagyrylandyr. Işaýa pygamber halka: «Adalaty saklaň, dogry işleri ediň» diýip, öwüt-ündew edipdir (Işa 56:1). Täze Ähtde daşky görnüşi dogry, emma içi erbetlikden doly adamlaryň hakykatda kimdigini Hudaýyň bilýändigini Isa bize duýdurýar. Şeýle adamlar Hudaýyň jezasyndan gaçyp gutulmazlar. Pawlus Hudaýyň Ybraýym pygamberi imany sebäpli dogry hasaplandygyny öwredýär, edil şunuň ýaly, biz hem Hudaý tarapyndan dogry adamlar hasaplanmak isleýän bolsak, onda Hudaýyň saýlap-seçen Isa Mesihine iman etmelidiris.
Gçk 6:9; 15:6; Kan 12:25; Zeb 33:16; 63:11; Mat 13:49; Rim 4:3.
Seret: Adalatly.