35‑nji bap
Hudaý Beýtelde Ýakuba pata berýär
1 Hudaý Ýakuba: «Beýtele git-de, şol ýerde mesgen tut. Doganyň Ysawdan gaçyp barýarkaň, özüňe görnen Hudaýa gurbanlyk sypasyny ýasa» diýdi. 2 Şeýdip, Ýakup maşgalasyna we ýanyndakylara ýüzlenip: «Keseki hudaýlaryňyzy taşlaň, tämizleniň we geýimleriňizi çalşyryň. 3 Geliň, Beýtele gideliň. Ol ýerde hasratly günümde maňa kömek eden we giden ýerimde meniň bilen bolan Hudaýa gurbanlyk sypasyny ýasaýyn» diýdi. 4 Şondan soň olar öz keseki hudaýlaryny we gulakhalkalaryny Ýakuba berdiler. Ýakup olary Şekemiň golaýyndaky dub agajynyň aşagynda gizledi.
5 Soňra olar ýola düşdüler. Ýakubyň ogullaryny hiç kim yzarlamaz ýaly, töwerekdäki galalaryň ählisiniň ilatyny Hudaýyň gorkusy gaplady. 6 Ýakup öz adamlary bilen Kengandaky Luza, ýagny häzirki Beýtele geldi. 7 Ýakup ol ýerde gurbanlyk sypasyny ýasap, ol ýeri «Beýteliň Hudaýy» diýip atlandyrdy, sebäbi Ýakup doganyndan gaçyp barýarka, Hudaý Özüni şol ýerde oňa aýan edipdi. 8 Rebekanyň enekesi Debora aradan çykdy we ol Beýteliň golaýyndaky dub agajynyň düýbünde jaýlandy. Şeýdip, bu agaç Alon-bakut* diýlip atlandyryldy.
9 Ýakup Padanaramdan gaýdyp gelenden soň, Hudaý Özüni Ýakuba ýene-de aýan edip, oňa pata berdi. 10 Hudaý Ýakuba: «Seniň adyň häzir Ýakup, ýöne mundan beýläk seniň adyň Ýakup däl-de, Ysraýyl bolar» diýdi. Şeýdip, Ol onuň adyna Ysraýyl dakdy. 11 Soňra Hudaý ýene: «Men Gudratygüýçli Hudaýdyryn. Örňäň, köpeliň. Senden millet we birtopar milletler dörär, seniň nesilleriňden şalar çykar. 12 Ybraýyma, Yshaga beren ýurdumy saňa we seniň nesliňe bererin» diýdi. 13 Soňra Hudaý Ýakup bilen sözleşen ýerinden ýokary göterilip gitdi. 14 Ýakup Hudaýyň özi bilen gepleşen ýerinde uly daş dikdi we onuň üstüne içgi sadakasyny hem-de zeýtun ýagyny guýdy. 15 Ýakup Hudaýyň özi bilen gepleşen ýerini Beýtel* diýip atlandyrdy.
Raheliň ölümi
16 Olar Beýtelden ugradylar. Efrat welaýatyna ýetmäge sanlyja menzil galanda, ýolda Raheliň çagasynyň bolmaly pursady gelip, ony agyr burgy tutup ugrady. 17 Agyr burgy tutýarka, göbegene oňa: «Gorkma, ine, seniň munyň-da ogul!» diýdi. 18 Jany çykyp barýan Rahel ogluna Benony* diýip at dakdy. Ýöne kakasy onuň adyna Benýamin* goýdy. 19 Şeýdip, Rahel dünýäden ötdi. Ol Efrata, ýagny Beýtullahama gidilýän ýoluň gyrasynda jaýlanyldy. 20 Ýakup Raheliň guburynyň üstünde bir uly daş dikdi. (Şol daş Raheliň guburynyň üstünde şu güne çenli hem dur.) 21 Ysraýyl ýene ýoluny dowam etdirdi. Ol Eder diňiniň aňyrsynda öz çadyryny dikdi. 22-23 Ysraýyl Ederde ýaşaýarka, onuň ogly Ruben öz kakasynyň gyrnak aýaly Bilha bilen ýatdy. Ysraýyl muny eşitdi.
Ysraýylyň on iki ogly bardy. Onuň Leýadan bolan ogullary: Ruben (nowbahar ogly), Şimgon, Lewi, Ýahuda, Ysakar, Zebulun; 24 onuň Rahelden bolan ogullary: Ýusup, Benýamin; 25 onuň Raheliň gyrnagy Bilhadan bolan ogullary: Dan, Naftaly; 26 onuň Leýanyň gyrnagy Zilpadan bolan ogullary: Gat we Aşer. Bu Ýakubyň Padanaramda doglan ogullarydy.
Yshagyň ölümi
27 Ýakup Ybraýym bilen Yshagyň gelmişek bolup ýaşan ýeri bolan Mamrä, ýagny Kirýatarba (Hebrona) kakasy Yshagyň ýanyna geldi. 28 Yshak ýüz segsen ýyl ömür sürdi. 29 Ol garrap dünýäden ötüp, ata-babalaryna gowuşdy. Ogullary Ysaw bilen Ýakup ony jaýlady.