Giriş
Eliňizdäki Mukaddes Kitap her bir adam üçin iň wajyp kitapdyr! Bu kitap arkaly adamzat öz Ýaradyjysy Hudaýy tanap, Onuň biz üçin niýetlän ajaýyp maksadyny öwrener we iman edip, baky ýaşaýşa eýe bolar. Beýik patyşa bolan Dawut pygamber Hudaýyň Sözi barada öz mezmurlarynyň birinde: «Seniň sözüň – çyra aýaklaryma, ol – ýagtylyk meniň ýodama» diýip aýdýar. Hudaýyň Sözi, dogrudan-da, her bir ynsanyň durmuşy üçin çyradyr, ýöreýän ýoluny ýagtyldýan nurdur! Goý, Hudaý bu kitaby okaýan her bir ynsana pähim-paýhas berip, Öz Sözüniň ummasyz baýlygyny oňa bagyş etsin!
Kitaplaryň atlary
Mukaddes Kitabyň düzümine girýän kitaplaryň atlary dürli-dürlüdir:
•Kitap ýa-da onuň esasy bölegi belli bir adam tarapyndan ýazylyp, şol adamyň ady bilen atlandyrylýar, mysal üçin, «Süleýmanyň pähimleri».
•Kitap haýsydyr bir adam barada ýazylyp, şol adamyň adyna laýyklykda atlandyrylýar, mysal üçin, «Rut».
•Kitap ysraýyl halkynyň taryhynyň haýsydyr bir döwrüni beýan edip, şol döwürdäki wakalara, ýagdaýlara laýyklykda atlandyrylýar, mysal üçin, «Ysraýyl serdarlary». Bular barada has giňişleýin maglumaty almak üçin, her kitabyň başynda berilýän giriş bölümine göz aýlaň.
Mukaddes Kitabyň düzümine girýän kitaplar şu toparlara bölünýär:
•Köne Äht
○Töwrat (Gelip çykyş – Kanun taglymaty)
○Ir döwürdäki pygamberler; bu kitaplar topary käwagt «Taryhy kitaplar» diýlip hem atlandyrylýar (Ýeşuwa – Patyşalar (Ikinji kitap))
○Ýazgylar, şeýle topara Zebur we Süleýmanyň pähimleri ýaly kitaplar girýär. (Ýyl ýazgylary – Nagmalar nagmasy)
○Beýleki pygamberler (Işaýa – Malaky)
•Täze Äht
○Hoş habarlar. Muňa dört kitap degişli bolup, olar dürli adamlar tarapyndan ýazylandyr. Olar özleriniň şaýat bolan wakalaryny beýan edýärler.
○«Resullaryň işleri» atly kitap Luka tarapyndan ýazylandyr. Ol bu kitapda Isa Mesihiň göge göterilenden soň bolan wakalary beýan edýär.
○Hatlar. Bular Pawlus, Petrus we Ýohanna ýaly awtorlaryň mesihi ýygnaklara ýazan hatlarydyr.
○«Ýohanna gelen aýanlyk» edebiýatyň aýratyn görnüşi bolup, onda Hudaýdan gelen görnüşler we aýanlyklar beýan edilýär.
Ýokarda agzalan kitaplar toplumlarynyň her biri özüne mahsus bolan žanrda ýazylandyr. Şonuň üçin-de okyjy kitaby okanda, onuň žanr aýratynlygyny hasaba almalydyr.
«Köne Äht» we «Täze Äht» kitaplaryna goşmaça sözbaşylar berilýär. «Köne Ähtiň» düzümine pygamberleriň kitaplarynyň hem girýändigine garamazdan, oňa türkmen okyjylaryna giňden tanyş bolan «Töwrat» we «Zebur» diýen goşmaça sözbaşylar berildi. «Täze Äht» kitabyna «Injil» diýen goşmaça sözbaşy berilse-de, onuň düzümine «Injilden» başga kitaplar we imanlylar ýygnaklaryna ýazylan hatlar girýär.
Hudaýyň atlary
Köne Äht kitaby türkmen diline asyl nusgadan, ýagny ýewreý dilinden terjime edildi. Bu kitabyň ýewreý dilindäki asyl nusgasynda Hudaýyň birnäçe ady duş gelýär. Onuň «Elohim» ady has köp ulanylyp, ol türkmen diline «Hudaý» diýip terjime edildi. Onuň beýleki ady Ýahwe bolup, ol hem «Hudaý» diýmegi aňladýar. Bu at türkmen diline «Reb» diýip terjime edildi. «Reb» sözi Hudaýyň äht baglaşan, Özüni halkyna aýan eden ýa-da ynsan keşbinde peýda bolan ýagdaýlaryna degişli wakalarda ulanyldy. Hudaýyň «El-Şaddaý» ady türkmen diline «Gudratygüýçli» diýip, «El-Elýon» bolsa «Beýik Hudaý» diýip terjime edildi. Hudaýyň kitapda seýrek duş gelýän «Adonaý» ady «Taňry» diýip terjime edildi. Hereket edýän, beýik işleri amala aşyrýan Hudaýy suratlandyrmak üçin ýewreý dilinde utgaşdyrylyp ulanylan «Ýahwe Elohim» ady türkmen diline «Hudaýymyz Reb» diýip terjime edildi.
Täze Äht kitabynyň asyl nusgasy grek dilinde ýazylyp, onda Hudaý babatda «kurios» diýen söz ulanylýar. Kitabyň ýazga geçirilen döwründe bu söz «aga» ýa-da «hojaýyn, eýe» diýmegi aňladýardy. Köne Ähtiň grek dilindäki terjimesinde Hudaýyň «Ýahwe» we «Adonaý» atlary hem «kurios» diýip terjime edilendir. Şonuň üçin-de, Täze Äht kitabynda adamlar Isa Mesihe «kurios» diýip ýüzlenenlerinde, Ony Hudaý hökmünde kabul edendikleri äşgär bolýar. Şeýle ýagdaýlarda «kurios» sözi türkmen diline «Reb» diýip terjime edildi. Mundan başga-da, Isa Mesih ölümden direlenden soň Oňa Kurios Isa Mesih diýip ýüzlenilip, bu at türkmen diline «Rebbimiz Isa Mesih» diýip terjime edildi.
Mukaddes Ýazgylar we taryhy wakalar
Mukaddes Ýazgylarda beýan edilýän wakalara doly we dogry düşünmek üçin, olara şol döwürde bolup geçen taryhy wakalar bilen umumy baglanyşykda garamalydyr. Aşakda Mukaddes Ýazgylarda beýan edilen taryhy döwürleriň we imperiýalaryň ady berilýär:
1.Ybraýym pygamberiň döwrüne çenli bolup geçen wakalar. Hudaý dünýäni ýaradýar. Ol Adam atany we How enäni ýaradyp, olary Erem bagynda ýerleşdirýär. Emma olar Hudaýyň emrini bozansoňlar, Eremden mahrum edilýärler. Olaryň nesli köpelip, ýer ýüzüne ýaýraýar, günä içinde ýaşap, öz durmuşlaryna gümra bolup, Ýaradany unudýar. Hudaýyň muňa juda gahary gelip, tutuş adamzady ýok etmegi niýet edinýär. Ol Öz niýetini berjaý etmek üçin, ýer ýüzüne elhenç sil iberýär-de, Nuh pygamber bilen onuň maşgalasyndan başga tutuş adamzady ýok edýär. Hawa, Hudaý şol silde diňe Nuh pygamberi we onuň maşgalasyny halas edýär, sebäbi olar diri Hudaýa iman edip, Oňa sežde edýärdiler. Beýan edilýän wakalaryň şu tapgyry Nuhuň nesilleriniň Babyl minarasyny gurşy we tutuş adamzadyň nesil daragtynyň döreýşi bilen tamamlanýar.
2.Ybraýym pygamber baradaky wakalar. Hiç perzendi bolmadyk Ybraýym pygambere Hudaý bir ogul berjekdigini, ondan beýik bir millet ýaratjakdygyny wada berýär. Mundan başga-da, Hudaý pygambere onuň nesline «bal bilen süýt akýan» Kengan topragyny-da miras berjekdigini wada edýär. Ybraýym pygamber wada berlen ýurda göçüp, ol ýerde çadyrda bir çarwadar kimin ýaşaýar. Hudaý Ybraýymyň agtygy Ýakuba «Ysraýyl» diýip at berýär. Ysraýylyň on iki ogly bolup, olar tutuş halkyň nesilbaşylary bolýar. Ysraýylyň Ýusup atly söýgüli ogly doganlary tarapyndan Müsür gulçulygyna satylsa-da, Hudaý ony ýalňyz goýmaýar. Ýusup pygamber Hudaýyň kömegi bilen tutuş Müsür ýurdunda ikinji derejeli adam bolýar. Ol açlyk döwründe tutuş ýurdy we öz atasynyň maşgalasyny halas edýär. Onuň nesli Müsürde juda köpelýär, emma Ýusup pygamber aradan çykandan soň, olar Müsür ýurdunda gul bolýarlar.
3.Müsürden çykyş we wada edilen topragy eýelemek baradaky wakalar:
a.Musa Ysraýylyň neslini müsür gulçulygyndan azat edýär. Ysraýylyň ogullaryndan dörän tireler çölde Hudaýa eýerip, Ondan Mukaddes Kanuny kabul edýärler. Hudaý olara lewi tiresini ruhanyçylyga bellemegi we Özi üçin mukaddes çadyry ýasamagy buýurýar. Bu çadyr Hudaýa sežde etmek üçin niýetlenendi.
b.Ýeşuwa ysraýyllary Ybraýym pygambere wada berlen topraga – Kengana getirýär. Olar bu topragy şol ýerde ýaşap ýören tirelerden basyp alýarlar. Bu tireleriň aglaba bölegi Nuh pygamberiň Ham we Ýafes atly ogullarynyň nesilleridi. Ybraýym pygamber bolsa Nuh pygamberiň nowbahar ogly Samyň neslidi. Ysraýylyň duşmanlary bolan ammonlar we mowaplar bolsa Lutuň nesilleridi. Basylyp alnan ýurt on iki bölege bölünip, ysraýyl tireleriniň arasynda bije boýunça paýlanylýar. Ýusubyň iki oglundan iki tire emele gelýär, sebäbi Ysraýyl pygamber dünýäden ötmänkä olary öz ogullary hökmünde kabul edip, ak pata beripdi. Şonuň üçin-de, on iki bölege bölünen toprak Ysraýylyň on bir oglunyň nesilleriniň arasynda mülk hökmünde paýlanylýar. Ysraýylyň Lewi oglunyň nesilleri bolsa ruhanyçylyga bellenensoňlar, toprakdan hiç mülk almaýarlar, sebäbi Ysraýyl Hudaýy Rebbiň Özi olaryň mülküdi.
4.On iki tiräniň bir patyşalygy emele getirişi baradaky wakalar:
a.Şawul patyşa Ysraýylyň ilkinji patyşasy bolýar. Soňra Dawut pygamber Ysraýyla patyşa bolýar we on iki tiräni birleşdirip, bir milleti emele getirýär--de, öz çäklerini giňeldýär.
b.Süleýman pygamber Rebbe sežde etmek üçin dünýäde deňi-taýy bolmadyk ybadathanany gurýar.
5.Patyşalygyň bölünmegi baradaky wakalar. Süleýman pygamber aradan çykandan soň, onuň iki oglunyň arasynda uruş başlanýar. Ýurduň demirgazygyndaky on tire Süleýmanyň ogullarynyň birini goldap, Ysraýyl patyşalygyny emele getirýär. Ýahuda we benýamin tireleri bolsa Süleýmanyň beýleki ogluny goldap, ýurduň günortasynda Ýahuda patyşalygyny emele getirýär. Ýahuda we Ysraýyl patyşalyklary pygamberleriň ýazgylarynda köp ýatlanylýar. Demirgazyk patyşalygy babyllylar tarapyndan basylyp alynýar, ilaty bolsa Babyla sürgün edilýär.
6.Sürgünlik döwri ybadathana weýran edilýär, günorta patyşalygy bolan Ýahudanyň abraýly we görnükli adamlary, maşgalalary babyllylar tarapyndan ýesir alynýar.
7.Dikeldiş döwri – Pars imperiýasy döränden soň ýahudylara öz watanyna, Ysraýyla dolanmak rugsat edilýär. Olar öz ýurduna dolanyp, şäheri we ybadathanany dikeldýärler.
8.Köne we Täze Ähtiň aralygyndaky döwür – Makedoniýa imperiýasy. Ortaýer deňzi makedoniýalylar tarapyndan basylyp alynýar. Makedonlar grek dilini ýaýradyp, bilim ulgamyny ösdürip ýaýbaňlandyrýarlar.
9.Isa Mesihiň durmuşy we hyzmaty. Şol döwürde ýahudylar Rim imperiýasyna garaşly bolup, onuň bellän patyşalarynyň golastynda ýaşaýardylar. Şeýle patyşalaryň biri-de Hirod bolup, ol Rim imperatoryna doly garaşly bolupdyr.
10.Ilkinji mesihiler ýygnagy. Isa Mesih göge göterilenden soň, Oňa iman edenleriň sany barha artýar. Güýçli yzarlanmalara, sögülmelere we ejirlere garamazdan, olaryň sany barha köpelýär. Mesihi ýygnaklar Orta Gündogardan Rim imperiýasynyň Aziýa welaýatyna (häzirki Türkiýe), hatda Ýewropa ýurtlaryna çenli ýaýraýar.
Mukaddes Ýazgylaryň žanrlary
Mukaddes Ýazgylaryň terjimesinde üç dürli žanr: kyssa (beýan etme), goşgy (ýa ak goşgy) we goşgy žanrynda ýazylan proza ulanyldy. Goşgy žanrynda ýazylan proza doly kapyýa eýe bolmasa-da, goşgy ýaly okalýar. Şonuň üçin-de, şeýle žanrda ýazylan pygamberlik kitaplary terjime edilende, olar goşgy görnüşde rejelendi. Ýewreý şygryýetinde «parallelizm» usuly giňden ulanylýar. Şeýle usulda ýazylan goşgularyň birinji setirinde beýan edilýän pikir ikinji setirinde gaýtalanyp, manysy has giňişleýin düşündirilýär.
Golýazmalar
Köne Äht kitaby türkmen diline ýewreý dilinde ýazylan Masoretik tekstlerinden terjime edildi. Bu Masoretik tekst Bibliýa Hebraýikanyň soňky neşirinde çap edildi. Zerurlygyň dörän ýagdaýlarynda şu neşiriň teklip eden alternatiw düşündirmelerinden hem ugur alnyp, olara degişli çykgytlar berildi. Täze Äht kitaby grek dilindäki golýazmadan (Birleşen Mukaddes kitap jemgyýeti, 4‑nji neşiri) terjime edildi. Bu görnüşdäki aýatlaryň Tekstus Reseptus bilen tapawutly bolan ýagdaýlarynda olara hem degişli çykgytlar berildi.
Çykgytlar
Terjimede çykgytlaryň birnäçe görnüşleri ulanyldy. Olaryň iň ýönekeýi okyja düşnüksiz ýa-da näbelli bolan söze düşündiriş berýär. Şeýle sözler kitabyň ahyrynda berilýän Sözlükde hem ýerleşdirilendir. Çykgytlaryň ýene bir görnüşi terjime edilen asyl nusgadaky aýatlaryň başga görnüşiniň bardygyny hem görkezýär. Şeýle aýatlaryň arasyndaky tapawut jikme-jik görkezilmese-de, haýsy asyl nusgadan alnandygy mälim edilýär.
Ölçeg birlikleri
Mukaddes Ýazgylaryň terjimesinde ölçeg birliklerini aňlatmak üçin mysgal, gadak, batman ýaly gadymy köne türkmen ölçeg birikleri ulanyldy. Olaryň häzirki döwürdäki takmynan ölçegini görkezmek üçin degişli çykgytlar berildi. Şeýle-de, çykgytlarda köne ýewreý we grek ölçegleri ulanyldy. Siz bu ölçeg birliklerini kitabyň ahyrynda berilýän tablisada görüp bilersiňiz.
Salgylanma aýatlary
Täze Ähtiň kitaplarynda Köne Ähtden mysal getirilende, onuň haýsy kitapdan alnandygyny görkezmek üçin salgylanma aýatlary berilýär. Bu okyja aýadyň ýa-da babyň asyl mazmunyny tapmagy ýeňilleşdirmek maksady bilen edildi.
Mukaddes Ýazgylaryň stili
Mukaddes Ýazgylaryň stili özboluşlydyr. Sebäbi onuň asyl nusgasynyň ýazylan döwründäki durmuş ýagdaýlarynyň, däp-dessurlarynyň käbirleri türkmen durmuşy we medeniýeti üçin nätanyşdyr. Şoňa görä-de, terjimeçiler asyl nusganyň manysynyň türkmen okyjysyna düşnükli bolmagy üçin bu işe örän seresaply çemeleşdiler. Olar asyl nusganyň manysynyň üýtgedilmegine ýa-da teswirlenmegine ýol bermezlik üçin, ony sözme-söz terjime etmekden ýa-da diňe manysyny terjime etmekden gaça durdular. Öňde goýlan meseläniň kyn bolandygyna garamazdan, terjime adaty okyja düşnükli bolup, manysynyň arassa, anyk we tebigy bolmagy üçin sada dilde edildi. Terjime stiliniň dürli bolmagy terjimeleriň hem dürli bolýandygyny aňladýar. Şonuň üçin-de, haýsydyr bir terjimäni başga terjime bilen deňeşdirip, onuň nädogry edilendigini aýtmak ýerliksizdir. Terjimeleriň birmeňzeş bolup, adalgalaryň ýa-da jümleleriň başgaça, okyja has düşnükli tärde berilmegi ahmaldyr. Mundan başga-da, terjimeleriň hemmesi belli bir derejede düşündirmelere eýedir. Terjimäniň dowamynda duş gelen ikimanyly sözlemleriň aglaba böleginiň düşündirilmeleri okyjynyň paýyna galdyryldy. Ýöne manysy örän çylşyrymly we aýdyň bolmadyk aýatlaryň käbirleri sadalaşdyrylyp, okyja düşnükli bolar ýaly terjime edildi. Şeýle aýatlaryň terjimesinde köp alymlar tarapyndan bu babatda kabul edilen düşündirişlerden ugur alyndy.
Mukaddes Kitap Terjime instituty