141‑nji mezmur
Dawudyň maskili, gowakdaka aýdan dogasy
1 Men gaty ses bilen Rebbe perýat edýärin,
gaty ses bilen Rebbe men ýalbarýaryn.
2 Onuň öňüne arz-halymy dökýärin,
Onuň öňünde gaýgylarymy beýan edýärin.
3 Ruhum tapdan düşen mahaly,
Sen bilýänsiň meniň ýolumy!
Ýöreýän ýodamda maňa duzak gurdular.
4 Sagyma bak-da, gör:
hiç kim maňa hormat goýmaýar,
maňa indi gaçalga-da ýok,
hiç kim janymyň gaýgysyny etmeýär.
5 Ýa Reb, Saňa perýat edýärin,
diýýärin: «Sen – meniň penam,
diriler diýarynda – meniň nesibäm».
6 Meniň perýadyma dykgat ber,
çünki gaty peselendirin.
Aňtaýanlardan meni halas et,
çünki olar menden güýçlüdir!
7 Zyndandan azat et meni,
adyňa şükür edeýin!
Ýa Reb! Maňa jomartlyk edeniň üçin,
dogrular meni gurşarlar.