142‑nji mezmur
Dawudyň mezmury
1 Ýa Reb, dogamy eşit,
dady-perýadyma gulak goý;
Öz sadyklygyňda we dogrulygyňda,
maňa jogap ber!
2 Öz bendäň bilen dawa girişme,
çünki dirileriň hiç biri
Seniň öňüňde aýypsyz çykmaz.
3 Duşmanlar aňtaýar meniň janymy,
ýer bilen ýegsan etdiler ýaşaýşymy,
gadymyýetde ölenler kimin,
olar tümlükde oturtdy meni.
4 Şoňa görä, ruhum sustlandy,
meniň ýüregim sarsdy.
5 Gadymky günleri ýada salýaryn,
Seniň ähli edenleriň barada oýa batýaryn,
Seniň elleriňiň işi barada pikir edýärin.
6 Saňa tarap ellerimi gerýärin.
Janym gurak toprak deý Saňa teşnedir. Sela
7 Ýa Reb, maňa tizräk jogap beräý-dä!
Meniň ruhum ysgyndan düşýär!
Gabra inýänlere meňzemez ýaly,
menden gizleme Sen Öz ýüzüňi.
8 Ertirlerine maňa duýdur sadyk söýgiňi,
çünki Saňa baglaýan bili.
Maňa bildir ýöremeli ýolumy,
çünki men Saňa intizardyryn.
9 Ýa Reb, duşmanlarymdan halas et meni,
men Seni pena edinýändirin!
10 Maňa Öz yradaňy berjaý etmegi öwret,
çünki meniň Hudaýym Sensiň!
Seniň ýagşy Ruhuň
düz ýoldan meni äkitsin!
11 Ýa Reb, Öz adyň hatyrasyna,
gora Sen ýaşaýşymy!
Öz dogrulygyňyň hatyrasyna,
muşakgatdan halas eýle janymy!
12 Öz sadyk söýgiňiň hatyrasyna,
meniň duşmanlarymy heläk edersiň;
janyma ezýet berýänleriň baryny weýran edersiň,
çünki men Seniň bendäňdirin.