15‑nji bap
Adamy näme murdar edýär?
(Mark 7:1-23)
1 Onsoň käbir fariseýler bilen Töwrat mugallymlary Iýerusalimden Isanyň ýanyna gelip, Ondan: 2 «Näme üçin Seniň şägirtleriň ata-babalaryň adatyny bozýarlar? Näme üçin olar nahar iýenlerinde ellerini ýuwmaýarlar?» diýip soradylar. 3 Isa olara şeýle jogap berdi: «Siz näme üçin öz adatlaryňyzyň hatyrasyna Hudaýyň buýrugyny bozýarsyňyz? 4 Hudaý: „Ata-eneňe hormat goý“, şeýle-de, „Atasyna ýa-da enesine gargan adam ölüme höküm edilsin“ diýip buýrupdy. 5-6 Emma siz ata-enesine: „Men size kömek edip biljek däl. Size bermegi niýet eden zatlarymy men Hudaýa sadaka berdim“ diýip aýdýana onuň atasyna* hormat goýmagy hökman däl diýýärsiňiz. Şeýdip, adatlaryňyzyň hatyrasyna Hudaýyň sözüni puja çykarýarsyňyz. 7 Eý, ikiýüzlüler, Işaýa pygamber siz hakda jaýdar pygamberlik edipdir! Onda şeýle ýazylan:
8 ‡„Bu halk Meni dilinde hormatlaýar,
emma ýürekleri Menden uzakdadyr.
9 Biderek ýere Maňa sežde edýärler,
taglymat diýip öwredýänleri ynsan buýruklarydyr“».
10 Isa mähelläni ýanyna çagyryp, olara: «Diňläň, düşüniň! 11 Agza giren zat adamy murdar edýän däldir, adamy agyzdan çykýan zat murdar edýändir» diýdi. 12 Onsoň şägirtler gelip, Ondan: «Fariseýleriň bu sözi eşidip, nägile bolandyklaryny bilýärsiňmi?» diýip soradylar. 13 Ol: «Gökdäki Atamyň ekmedik her bir ösümligi köki bilen sogrular. 14 Olara zat diýmäň, olar körleri idýän körlerdir. Kör-köri ideklese, olaryň ikisi hem çukura gaçar» diýip jogap berdi. 15 Petrus Oňa: «Bize bu tymsaly düşündirip ber» diýdi. 16 Isa hem şeýle diýdi: «Siz henizem düşüneňzokmy? 17 Agza giren her bir zadyň ilki garna baryp, ol ýerden hem daşary çykýandygyny bilmeýärsiňizmi? 18 Emma agyzdan çykan zatlar ýürekden çykyp, adamy murdar edýär. 19 Adamyň ýüreginden erbet pikirler, ganhorlyk, zynahorlyk, azgynlyk, ogurlyk, ýalan şaýatlyk, sögünç çykýandyr. 20 Adamy şu zatlar murdar edýär, ýuwulmadyk el bilen nahar iýmek adamy murdar etmeýär».
Kengan aýalyň imany
(Mark 7:24-30)
21 Isa ol ýerden çykyp, Sur we Sidon şäherleriniň töweregine gitdi. 22 Ol ýerde bir kengan aýaly Isanyň ýanyna gelip: «Agam, eý, Dawut Ogly, bize rehim et! Gyzymy arwah-jyn eýeledi, ol erbet ejir çekýär» diýdi. 23 Emma Isa oňa hiç bir jogap bermedi. Şonda şägirtleri Onuň ýanyna gelip: «Ony ugrat, ýogsam yzymyzdan galman gygyryp gelýär» diýip haýyş etdiler. 24 Isa hem: «Men diňe ysraýyl halkynyň azaşan goýunlaryna iberildim» diýip jogap berdi. 25 Emma ol aýal ýene-de Isanyň golaýyna gelip, dyza çökdi-de: «Agam, maňa kömek et» diýip ýalbardy. 26 Isa oňa: «Çagalaryň çöregini alyp, itlere zyňmak dogry däldir» diýdi. 27 Aýal hem: «Hawa, Agam! Ýöne itler hem saçak başynda dökülen çörek owuntyklaryndan iýýändir» diýdi. 28 Şonda Isa oňa: «Eý, zenan, seniň imanyň beýik! Saňa isleýşiň ýaly bolsun!» diýdi. Ol aýalyň gyzy şol sagadyň özünde sagaldy.
Isa dört müň adamy doýurýar
(Mark 8:1-10)
29 Isa ol ýerden gaýtdy we Jelile kölüniň golaýyna gelip, bir dagyň üstüne çykyp oturdy. 30 Onuň ýanyna bir uly mähelle geldi, olaryň arasynda agsaklar, maýyplar, körler, lallar we ýene-de bir topar hassalar bardy. Olary getirip, Isanyň aýagynyň astynda goýdular. Ol hem bulary sagaltdy. 31 Halk lallaryň gepleýändigini, maýyplaryň sagalandygyny, körleriň görýändigini, agsaklaryň ylgaýandygyny görüp haýran galdy. Olar Ysraýyl Hudaýyny şöhratlandyrdylar.
32 Isa şägirtlerini ýanyna çagyryp: «Bu mähellä haýpym gelýär! Bular üç gün bäri Meniň ýanymda, iýmäge hem hiç zatlary ýok. Olary öýlerine aç goýberesim gelenok, ýolda tapdan düşmekleri ahmal» diýdi. 33 Şägirtleri Oňa: «Beýle uly mähelläni doýrar ýaly, bu çola ýerde biz çöregi nireden alaly?» diýdiler. 34 Isa olardan: «Näçe çöregiňiz bar?» diýip sorady. Olar: «Ýedi çörek bilen birnäçe ownuk balygymyz bar» diýdiler. 35 Isa mähellä ýerde oturmagy buýurdy. 36 Ýedi çörek bilen balyklary alyp, şükür edeninden soň, olary bölüşdirip, şägirtlerine berdi, şägirtleri hem olary mähellä paýladylar. 37 Hemmeler iýip doýdular. Artan çörek bölekleri ýedi sebet boldy. 38 Iýenler aýallardyr çagalardan başga dört müň adamdy. 39 Isa halky ugradandan soň, gaýyga münüp, Magadan şäheriniň töweregine gitdi.