14‑nji bap
Ýahýanyň ölümi
(Mark 6:14-29; Luka 9:7-9)
1 Şol wagt Isanyň at-owazasy Hirod hanyň gulagyna baryp ýetdi. 2 Ol öz emeldarlaryna: «Bu Ýahýa çümdürijidir. Ol ölümden direlipdir, şol sebäpli ol bu mugjyzalary görkezip bilýär» diýdi. 3 Hirod dogany Filipiň aýaly Hirodiýa üçin Ýahýany tutduryp, el-aýagyny gandallap, zyndana taşladypdy. 4 Ol muny Ýahýaňyň özüne: «Seniň öz doganyňyň aýalyna öýlenmegiň dogry däl» diýeni üçin etdi. 5 Hirod Ýahýany öldürmek isleýärdi, emma halkyň Ýahýany pygamber saýýandygy üçin beýle etmekden gorkýardy.
6 Hirodyň doglan güni Hirodiýanyň gyzy ortada tans edip, Hirodyň göwnüni çaglady. 7 Şonda Hirod gyza ant içip, dilän zadyny berjekdigine söz berdi. 8 Gyz hem ejesiniň öwretmegi bilen: «Maňa bir tabagyň içinde Ýahýa çümdürijiniň başyny ber» diýdi. 9 Han gamgyn boldy, emma myhmanlaryň ýanynda ant içensoň, Ýahýanyň başynyň oňa getirilip berilmegini buýurdy. 10 Jellat iberip, zyndanda Ýahýanyň başyny çapdyrdy. 11 Çapylan başy bir tabakda getirip, gyza berdi. Gyz-da ony ejesine eltip berdi. 12 Ýahýanyň şägirtleri gelip, onuň jesedini äkidip jaýladylar. Soňra gidip, muny Isa habar berdiler.
Isa bäş müň adamy doýurýar
(Mark 6:30-44; Luka 9:10-17; Ýohanna 6:1-14)
13 Isa muny eşidip, ýeke Özi gaýyga mündi-de, ol ýerden bir çola ýere çekildi. Halk muny bilende, şäherlerden çykyp, paý-pyýada Onuň yzyndan gitdi. 14 Ol gaýykdan düşende, uly mähelläni görüp, olara haýpy geldi, olaryň hassalaryny sagaltdy. 15 Şägirtleri agşam Onuň ýanyna gelip: «Bu bir çola ýer, wagt hem gijikdi, halky goýber, obalara gidip, özlerine iýmit satyn alsynlar» diýdiler. 16 Isa olara: «Gitmegiň geregi ýok, olara iýmäge zady siz beriň» diýdi. 17 Şägirtler hem Isa: «Biziň bu ýerde bäş çörek bilen iki balykdan başga zadymyz ýok ahyryn» diýdiler. 18 Isa: «Olary şu ýere – Meniň ýanyma getiriň» diýdi. 19 Şonda Isa halka otuň üstünde oturmagy buýurdy. Ol bäş çörek bilen iki balygy alyp, gözlerini göge dikip, şükür etdi we çörekleri bölüşdirip, şägirtlerine berdi. Şägirtleri hem olary mähellä paýladylar. 20 Hemmeler iýip doýdular. Şägirtler artan çörek böleklerini ýygnap, on iki sebedi doldurdylar. 21 Mundan iýenleriň sany aýallardyr çagalardan başga bäş müňe golaý adamdy.
Isa suwuň ýüzünden ýöreýär
(Mark 6:45-56; Ýohanna 6:15-21)
22 Isa halky öýlerine ugradyp durka, şägirtlerine gaýyga münüp, Özünden öň beýleki kenara geçmeklerini buýurdy. 23 Halky ugradanyndan soň, Hudaýa doga etmek üçin bir Özi daga çykdy. Agşam hem Ol şol ýerde ýekedi. 24 Gaýyk bolsa şol wagt eýýäm kölüň ortasyndady, tolkunlar gelip, oňa urulýardy, sebäbi ýel olaryň garşysyndan öwüsýärdi. 25 Daňdana golaý Isa kölde suwuň ýüzünden ýöräp, olara tarap geldi. 26 Emma şägirtler Onuň suwuň ýüzünden ýöräp gelýänini görenlerinde, tanaman: «Bu bir gözümize görünýän arwahdyr!» diýşip, dowla düşdüler, olar gorkudan ýaňa gygyryşdylar. 27 Emma Isa dessine olara söz gatyp: «Dogumly boluň! Bu – Men, gorkmaň!» diýdi. 28 Petrus Oňa jogap berip: «Agam, bu Sen bolsaň, maňa buýruk ber, suwuň ýüzünden ýöräp, ýanyňa baraýyn» diýdi. 29 Isa: «Gel!» diýdi. Petrus hem gaýykdan düşüp, Isanyň ýanyna barjak bolup, suwuň ýüzünden Isa tarap ýöremäge başlady. 30 Emma ýeliň güýjüni görüp gorkdy, gark bolup ugranda: «Agam, meni halas et» diýip gygyrdy. 31 Isa şobada elini uzadyp, ony tutdy-da: «Eý, az imanly, näme üçin şübhelendiň?» diýdi. 32 Olaryň ikisi gaýyga münen badyna ýel ýatdy. 33 Gaýykdakylar: «Sen, hakykatdan-da, Hudaýyň Oglusyň» diýip, Oňa sežde etdiler.
34 Olar kölüň beýleki tarapyna geçip, Ginnesarete gelip ýetdiler. 35 Ol ýeriň adamlary Isany tanap, çar tarapa adam iberip, hassalaryň baryny Onuň ýanyna getirdiler. 36 Olar diňe donunyň syýyna ellerini degirmäge rugsat etmegini sorap, Oňa ýalbarýardylar. Oňa el degrenleriň hemmesi-de sagaldy.