16-njy bap
Ýolbaşçylar alamat talap edýär
(Mark 8:11-13; Luka 12:54-56)
1 Fariseýler bilen saddukeýler Isanyň ýanyna geldiler. Olar Isany synamak üçin, Onuň özlerine gökden bir gudratly alamat görkezmegini islediler. 2 Ol şeýle jogap berdi: «Agşam düşende: „Asmanyň ýüzi gyzaryp dur, howa gowy boljak“ diýýärsiňiz. 3 Ertirine hem: „Asmanyň ýüzi garalypdyr hem tutuk, bu gün gaý turjak“ diýýärsiňiz. Siz asmana seredip, howanyň ýagdaýyny saýgaryp bilýärsiňiz-de, döwrüň alamatlaryny saýgaryp bilmeýärsiňizmi? 4 Bu erbet we biwepa nesil alamat talap edýär, emma oňa Ýunus pygamberiňkiden başga alamat berilmez». Şeýlelikde, Isa olary taşlap gitdi.
Fariseýleriň we Hirodyň hamyrmaýasyndan hüşgär boluň!
(Mark 8:14-21)
5 Şägirtleri kölüň beýleki tarapyna geçenlerinde, çörek almagy unudan ekenler. 6 Isa olara: «Hüşgär boluň, özüňizi fariseýler bilen saddukeýleriň hamyrmaýasyndan goraň» diýdi. 7 Olar bolsa özara çekeleşip: «Ol muny biziň çörek almandygymyz üçin şeýle diýýändir» diýişýärdiler. 8 Emma Isa olaryň näme diýişýändiklerini bilip, şeýle diýdi: «Eý, imany azlar! Çörek almandyrys diýşip, nämä özara çekeleşýärsiňiz? 9 Entek hem düşüneňzokmy? Bäş çörek bilen bäş müň adamyň doýandygy, artanynyň näçe sebet bolandygy ýadyňyza düşmeýärmi? 10 Ýedi çörek bilen dört müň adamyň doýandygy, artanyndan näçe sebedi dolduryp ýygnandygyňyz hem ýadyňyza düşenokmy? 11 Siz nädip çörek barada gürrüň etmeýändigime düşüneňzok? Men size: „Özüňizi fariseýler bilen saddukeýleriň hamyrmaýasyndan goraň“ diýýärin». 12 Şägirtler Isanyň özlerine hamyrmaýa däl-de, fariseýler bilen saddukeýleriň taglymatyndan goranyň diýýändigine şonda düşündiler.
Petrus Isanyň Mesihdigini ykrar edýär
(Mark 8:27-30; Luka 9:18-21)
13 Isa Kaýsariýa-Filip şäheriniň golaýyna gelende, şägirtlerinden: «Adamlar Ynsan Ogluna kim diýýärler?» diýip sorady. 14 Şägirtleri Oňa: «Käbirleri Ýahýa çümdüriji, käbirleri Ylýas, başga birleri Ýermeýa, käbirleri-de pygamberlerden biri diýýärler» diýip jogap berdiler. 15 Isa olardan: «Siz Maňa kim diýýärsiňiz?» diýip sorady. 16 Simun Petrus: «Sen diri Hudaýyň Ogly Mesihsiň» diýip jogap berdi. 17 Isa Oňa şeýle diýdi: «Eý, Ýunusyň ogly Simun, sen nähili bagtly! Bu syry saňa aýan eden ynsan däl-de, gökdäki Atamdyr. 18 Men saňa şuny aýdaýyn: Eý, Petrus!* Sen gaýasyň, Men ýygnagymy bu gaýanyň üstünde guraryn, hatda ölüm-de bu ýygnagymy ýeňip bilmez. 19 Gögüň Şalygynyň açarlaryny saňa bererin. Ýer ýüzünde rugsat berýän zadyňa gökde-de rugsat berler. Ýer ýüzünde gadagan edýän zadyň gökde-de gadagan ediler». 20 Onsoň şägirtlerine Özüniň Isa Mesihdigini hiç kime aýtmazlygy tabşyrdy.
Isa ölüp direljegini öňünden aýdýar
(Mark 8:31–9:1; Luka 9:22-27)
21 Şondan soň Isa şägirtlerine Özüniň Iýerusalime gitmelidigi, ýaşulularyň, ýolbaşçy ruhanylaryň, Töwrat mugallymlaryň elinden köp görgüler görmelidigi, öldürilmelidigi we üçülenji gün direlmelidigi hakynda düşündirmäge başlady. 22 Petrus Ony bir çete çekip: «Hudaý saklasyn, Agam! Seniň başyňa asla beýle iş düşmez!» diýip, Onuň aýdanlaryna garşy çykmaga başlady. 23 Emma Isa Petrusa tarap öwrülip: «Çekil öňümden, şeýtan! Sen Maňa böwet bolýarsyň, sebäbi Sen Hudaýyň işlerini däl-de, ynsan işleri hakda oýlanýarsyň» diýdi. 24 Onsoň Isa şägirtlerine ýüzlenip: «Kim Meniň yzyma eýermek isleýän bolsa, özüni inkär etsin-de, haçyny alyp, yzyma düşsün. 25 Kim janyny halas etmek islese, ony ýitirer, ýöne kim janyny Meniň ugrumda ýitirse, ony halas eder. 26 Ynsan tutuş dünýäni gazanybam, janyndan mahrum bolsa, oňa näme peýdasy bar? Ynsan öz janyna derek näme berip biler? 27 Ynsan Ogly Atasynyň şöhratynda Öz perişdeleri bilen gelende, her kime eden işlerine görä hakyny berer. 28 Size dogrusyny aýdýaryn: bu ýerde duranlaryň käbiri Ynsan Oglunyň Patyşa bolup gelýänini görmezden ölmezler» diýdi.