H
9
Haça çüýlemek – Rim imperiýasynda elhenç jenaýat edenleri haça çüýläp, olara ölüm jezasyny bermeklik adat bolupdyr. Ol ýerde esgerler ol adamy haça çüýläpdirler ýa-da ýüp bilen haça baglapdyrlar. Soňra haçy dikläpdirler we ol adam demi gutaryp ölýänçä, şol haçda durupdyr. Haçda çüýlenip öldürilmek uly masgaraçylyk hasaplanypdyr.
Mat 27; Mar 15; Luk 23; Ýoh 19.
Halasgär – Köne Ähtde Hudaý Halasgärdir, sebäbi Ol Öz halkyny duşmanlaryndan halas etdi. Pygamberleri arkaly geplemek bilen, Hudaý Özüni Halasgär diýip atlandyrýar. Ýewreýçe «Ýeşuwa» diýen at «Reb – Halasgär» diýmegi aňladýar. Ýeşuwa we Isa diýen iki adyň ýewreýçe ýazylyşy «Ýehoşuwa» diýen sözden gelip çykýar. Ýusuba görnen perişde Isanyň Öz halkyny günälerinden halas etjekdigini habar berýär. Isanyň doglan gijesi Jebraýyl perişde «Siziň üçin Halasgär doguldy» diýip jar edýär.
Işa 43:3; Mat 1:21; Luk 2:11.
Hantagta – Rebbe hödür edilen çörekleri goýmak üçin ýörite ýasalan tagta. Hantagta agaçdan ýasalyp, sap altyna gaplanypdyr. Ol Mukaddes çadyryň içinde, soňrak Iýerusalimdäki ybadathanada goýlupdyr.
Msr 25:23-30, 26:35.
Seret: Hödür çöregi.
Hasyl baýramy – bu ýewreýleriň senenamasy boýunça ýedinji aýda, ýagny Tişri aýynda (muňa Etanym aýy hem diýlipdir) edil Günäden saplanma gününiň yz ýany bellenipdir. Tişri aýy güýz paslynda bolupdyr. Bu Çatma baýramynyň bir bölegi bolup, Köne Ähtde iki gezek gabat gelýär.
Msr 23:16; 34:22.
Seret: Çatma baýramy.
Heläkçilik ýeri
Seret: Ölüler dünýäsi.
Eýp 26:6; 28:22; 31:12; Zeb 87:12.
Hepdäniň birinji güni – bu ýewreýleriň senenamasy boýunça ýekşenbe güni.
Hermon dagy – Ysraýyl topragynda iň beýik dag bolup, ýurduň demirgazygynda ýerleşipdir.
Hetler – Ysraýyl halky Kengan ýurduny eýelemezden öň, ol ýerde ýaşan halklaryň biri. B. e. öň 1200‑nji ýylda olaryň uly imperiýasy bolupdyr, häzirki Türkiýäniň bir bölegi bolupdyr.
Seret: Kengan.
Gçk 10:15.
Higaýon – bu saz guralynyň bir görnüşi.
Zeb 9:17.
Hirod – Täze Ähtde Hirod diýlip atlandyrylýan dört adam bar:
1. Isa doglan wagty Ýahudanyň patyşasy bolan, Beýik Hirod diýlip atlandyrylan patyşa. Isa bäbekkä Ony öldürmäge synanyşan hem şoldy (Mat 2:1-22; Luk 1:5).
2. Isa wagyz eden we gudratlar görkezen döwri Jelilede patyşa bolan Hirod Antip. Doganynyň aýaly Hirodiýa öýlenen we Ýahýa çümdürijiniň kellesini çapmagy buýran hem şoldy. Ýahudylar Isany haça çüýlemezden öň, şu Hirod tarapyndan tutup getirýärler. (Mar 6:14-29; Luk 23:6-12).
3. Patyşa Hirod Agrip birinji, irki ýygnakda Isanyň yzyna eýerenleri yzarlan adam. Ol Ýahýanyň dogany Ýakuby öldürdýär (Res 12:1-23).
4. Patyşa Hirod Agrip Ikinji, Pawlus imperator tarapyndan höküm edilmegi üçin Rime iberilmezden öň, ony öz ýagdaýy bilen tanyşdyrýar (Res 25:13–26:2; 26:19, 27-32).
Hiwiler – Ysraýyl halky eýelemezden öň, Kenganda ýaşan halklaryň biri. Olar ýurduň merkezinde ýaşapdyrlar.
Gçk 10:17; Msr 3:17; 13:5.
Seret: Kengan.
Horep
Seret: Sinaý.
Horylar – Ysraýyl halky eýelemezden öň, Kenganda ýaşan halklaryň biri.
Gçk 14:6; 36:20-30; Kan 2:21-22.
Seret: Kengan.
Hossar – gadymy Ysraýylda hossaryň dürli jogapkärçiligi bolupdyr. Onuň garyndaşy öldürilende, gandardan hun alypdyr. Maşgalada miras galar ýaly, oňa satylan emlägi yzyna satyn almaga rugsat edilipdir.
Çöl 35:12-27; Rut 4:1-8; Eýp 19:25;
Hoş habar – Täze Ähtde bu söz Isanyň ölümi we Onuň ölümden direlmegi arkaly Hudaýyň Şalygynyň berkarar bolandygy, Oňa ynanýanlaryň halas edilendigi baradaky habar.
Mat 4:23; Mar 1:15; Rim 1:16; 1Kor 15:1-11; Gal 1:11.
Hoşboý ysly gamyş – atyrlar we ýaglar almak üçin ulanylan gamşyň bir görnüşi.
Msr 30:23; Nag 4:14; Işa 43:24; Ýrm 6:20; Ezk 27:19.
Hoşeýa pygamber
Seret: Hoş 1; Rim 9:25.
How ene – How ähli adamzadyň enesi bolupdyr, onuň ady ýewreýçe «ýaşaýyş» diýmegi aňladypdyr.
Gçk 3:20.
Hödür çöregi – çadyrda, soňra ybadathanada hantagtanyň üstünde goýlan on iki sany petir çöregi. Çörekler hantagtada bir hepdeläp galdyrylypdyr. Soňra täze on iki çörek bilen çalşyrylypdyr. Hantagtadan aýrylan bu çörekleri diňe ruhanylara iýmäge rugsat edilipdir.
Lew 24:5-9; 1Şam 21:4
Seret: Mukaddes otag.
Hudaý – gögi we ýeri, ýagny tutuş älem-jahany ýaradan Hudaýdyr. Hudaý başga-da ençeme atlar bilen atlandyrylypdyr, emma olaryň hemmesi şol bir Hudaýy aňladypdyr: Reb, Beýik Hudaý, Hökmürowan Reb, Mukaddes.
Seret: Reb.
Hudaýyň Guzusy – Ýahýa çümdüriji Isa Mesihi Hudaýyň Guzusy diýip atlandyrýar. Ýahudylaryň urp-adatlaryna görä, Hudaý olaryň günälerini bagyşlamagy üçin, olar janly soýup, Hudaýa gurbanlyk beripdirler. Bu gurbanlyk arkaly olar Hudaýyň nazarynda päk saýylypdyr. Ýahýa, belki, bu gurbanlygy göz öňünde tutup, Isany şeýle atlandyrandyr. Belki-de, Ony Pesah guzusy öýdüp pikir edendir. Pesah baýramynda ysraýyllar janly soýup, özleriniň nowbahar ogullarynyň şol janlynyň gany arkaly ölüm perişdesiniň elinden halas bolandyklaryny ýatlapdyrlar. Aýanlyk kitabynyň 5‑nji babynda beýan edilen görnüşde Mesih Guzy hökmünde suratlandyrylýar.
Ýoh 1:29, 36; Lew 4:32; Msr 12:21-27.
Seret: Günä gurbanlygy; Pesah baýramy.
Hudaýyň Ogly – Köne Ähtde «Hudaýyň Ogly» patyşalar üçin, iň möhüm patyşa bolan Dawut pygamber üçin ulanylypdyr. Reb Dawudyň oglunyň hemişelik şalyk sürjekdigini we Hudaý bilen ata-ogul gatnaşygynyň boljakdygyny söz berýär. Bu ogul ýahudylar tarapyndan Mesih diýlip atlandyrylypdyr. Şeýlelikde, Täze Ähtde bu atlar, ýagny Hudaýyň Ogly we Mesih, ikisi hem diňe Isa üçin ulanylýar. Bularyň ikisi hem Hudaýyň Şalygyny berkarar etmek üçin Hudaý tarapyndan Saýlanyp-seçilen diýmegi aňladýar, Hudaý bilen Isanyň deňhukukly gatnaşygy bar.
Seret: Mesih.
Hudaýyň Şalygy – Matta tarapyndan Hudaýyň Şalygyna «Gögüň Şalygy» hem diýilýär. Isa Mesih bu dünýä gelende, adamlaryň Hudaý bilen täze aragatnaşykda ýaşamagyna ýol açmak arkaly Hudaýyň Şalygyny berkarar etdi. Hudaýyň Şalygynyň adamlary Isa ynanýan we tabyn bolýan adamlardy. Isa Mesih dolanyp gelende, Hudaýyň Şalygy doly tamam bolar we bu ähli adamlara aýdyň aýan bolar.
Mat 19:24; Luk 13:29; Ýoh 3:3-5; Rim 14:17.
Hyzmat etmek – Mukaddes Kitapda bu söz diňe bir hojaýynlaryna hyzmat edýän adamlary däl-de, eýsem Hudaýa hyzmat edýän Onuň adamlaryny hem aňladypdyr. Isa ynanýanlar Hoş Habary wagyz edip we beýleki mesihilere ýagşylyk edip, olaryň mätäçliklerine kömek etmek bilen Oňa hyzmat edýärler.
Çöl 16:8-9; Kan 6:13; Ýeş 23:7, 16; 24:24.
Seret: Sežde etmek.