43‑nji bap
Ysraýylyň Halasgäri
1 Emma indi, eý, Ýakup, seni ýaradan,
eý, Ysraýyl, seni döreden
Reb şeýle diýýär:
«Gorkma, çünki Men seni azat etdim,
adyňy tutup çagyrdym, sen Meniňkisiň.
2 Seniň bilen bolaryn suwlardan geçeniňde,
derýalardan geçeniňde, seni gark etmez olar,
oduň içinden ýöräniňde ýanmarsyň,
ýalyn ýakmaz seni.
3 Men seniň Hudaýyň Reb,
Ysraýylyň Mukaddesi, seniň Halasgäriň.
Men saňa töleg hökmünde Müsüri,
seniň ýeriňe Efiopiýany, Sebany berdim.
4 Nazarymda eziz, gadyrly bolup,
seni söýýändigim üçin,
seniň öweziňe adamlar,
halklar bererin janyňyň deregine.
5 Gorkma, Men seniň bilendirin;
perzentleriňi gündogardan,
seni günbatardan getirerin.
6 Demirgazyga: „Olary ber“,
günorta: „Olary saklama“ diýerin;
ogullarymy uzakdan,
gyzlarymy ýeriň çetlerinden,
7 Maňa degişli bolan her kesi,
Öz şöhratym üçin ýaradanymy,
şekil berip döredenimi getir.
 
8 Gözli körleri,
gulakly kerleri öňe çykar.
9 Ähli milletler bir ýere ýygnansyn,
halklar toplansyn,
olaryň arasynda kim muny yglan etdi?
Haýsysy bolup geçenleri öňden bildirdi?
Güwälerini getirip, özlerini aklasynlar,
başgalar eşidip: „Bu dogry“ diýsinler.
10 Siz Meniň şaýadymsyňyz,
muny Men – Reb aýdýandyryn.
Öz saýlan bendelerimsiňiz,
Siz Meni bilip, Maňa ynam ediň,
Meniň Şoldugyma düşüniň,
Menden öň hiç hudaý bolan däldir,
Menden soň-da hijisi bolmaz.
11 Men, diňe Men Rebdirin,
Menden başga Halasgär ýokdur.
12 Men yglan etdim, halas etdim, aýan etdim,
araňyzda başga hudaý ýok;
siz Meniň şaýatlarym.
Muny Men – Reb aýdýandyryn.
13 Owaldan bäri Men Olduryn.
Elimden halas edip biljek ýokdur.
Meniň edenimi ýatyryp biljek barmy?»
14 Penakäriňiz, Ysraýylyň Mukaddesi
Reb şeýle diýýär:
«Siziň hatyraňyza Babyla leşger ýollap,
ähli babyllylary gaçgaklar hökmünde
buýsanýan gämilerinde getirerin.
15 Siziň Mukaddesiňiz, Ysraýyly Ýaradan,
Patyşaňyz Reb Mendirin».
16-17 Deňizden ýol,
çuň suwlardan ýoda açýar Reb,
söweş arabalary, atlary,
goşunlary söweşijileri bilen çykarýar Ol;
olar ýykylyp, galyp bilmeýärler,
öçürilýärler, pelteler dek söndürilýärler.
Bulary edýän Reb şeýle diýýär:
18 «Ýatlamaň öten zatlary,
köne zatlara üns bermäň.
19 Ine, Men bir täze zat edýärin,
ol häzir başlaýar, görmeýärmisiňiz?
Men çölde ýol,
sährada derýalar emele getirerin.
20 Ýabany haýwanlar,
şagallardyr düýeguşlar
Meni hormatlarlar.
Men Öz saýlan halkymy
gandyrmak üçin çölde suwlar,
sährada derýalar bilen üpjün etdim.
21 Maňa alkyş aýtsynlar diýip,
Özüm üçin ýaratdym bu halky.
22 Emma sen, eý, Ýakup,
çagyrmadyň Meni,
eý, Ysraýyl, Menden irdiň sen!
23 Goýunlaryňyzy getirmediňiz Maňa
ýakma gurbanlyk üçin,
gurbanlyklaryňyz bilen Meni sylamadyňyz.
Sadakalary size agyr ýük etmedim,
ýakymly ysly tütetgi bilen irizmedim.
24 Hoşboý ysly gamyş satyn almadyňyz Maňa,
gurbanlyklaryňyzyň ýagyndan doýurmadyňyz,
günäleriňiz bilen Maňa ýük bolduňyz gaýtam,
etmişleriňiz bilen Meni irizdiňiz.
25 Öz hatyram üçin
ýazyklaryňyzy öçürýän Mendirin,
Men günäleriňizi ýatlamaryn.
26 Maňa ýatlat!
Gel, bilelikde dawalaşalyň,
aklanar ýaly
delilleriňi aýt.
27 Ilkinji ataňyz günä etdi,
töwellaçylaryňyz garşyma çykdylar.
28 Munuň üçin biabraý etdim
ybadathananyň ruhanylaryny,
Ýakuby doly weýrançylyga,
Ysraýyly ryswalyga höküm etdim».