3‑nji bap
Isa bilen Nikodim
1 Fariseýleriň arasynda Nikodim atly bir adam bardy, ol ýahudylaryň mejlisiniň bir agzasydy. 2 Ol bir gün gije Isanyň ýanyna gelip: «Ýa Rabbi, biz seniň Hudaýdan gelen bir mugallymdygyňy bilýäris. Çünki Hudaýyň Özi seniň bilen bolmadyk bolsa, beýle gudratly alamatlary görkezip bilmezdiň» diýdi. 3 Isa oňa: «Hakykatdan hem, gaýtadan dogulmadyk* adam Hudaýyň Şalygyny görüp bilmez» diýip jogap berdi. 4 Nikodim Oňa: «Garran adam nädip gaýtadan doglup biler? Ol ýene-de enesiniň göwresine girip, täzeden doglup bilmez ahyry!» diýdi. 5 Isa şeýle jogap berdi: «Hakykatdan hem, suwdan we Mukaddes Ruhdan dogulmadyk adam Hudaýyň Şalygyna girip bilmez. 6 Bedenden doglan bedendir, Mukaddes Ruhdan doglan ruhdur. 7 Saňa gaýtadan dogulmalysyň diýýänime geň galma. 8 Ýel islän tarapyna öwüsýär, sen onuň şuwwuldysyny eşidýärsiň-de, nireden gelip, nirä barýanyny bilmeýärsiň. Mukaddes Ruhdan doglanlar hem şeýledir». 9 Nikodim Ondan: «Bu nähili beýle bolup bilýär?» diýip sorady. 10 Isa oňa şeýle jogap berdi: «Sen Ysraýylyň mugallymy bolubam, bulary bileňokmy?! 11 Hakykatdan hem, biz bilenimizi aýdýarys, görenimize şaýatlyk edýäris, emma siz biziň şaýatlygymyzy kabul etmeýärsiňiz. 12 Meniň ýerdäki zatlar barada aýdýanlaryma ynanmasaňyz, onda gökdäki zatlar barada aýtsam, nähili ynanarkaňyz? 13 Hiç kim göge çykan däldir; oňa diňe gökden inen* Ynsan Ogly çykandyr. 14 Musanyň çölde ýylany ýokary göterişi ýaly, Ynsan Ogly-da ýokary göterilmelidir. 15 Şoňa görä Oňa iman eden her bir adam baky ýaşaýşa gowşar*».
16 Hudaý dünýäni örän söýendigi sebäpli Özüniň ýeke-täk Ogluny berdi. Ol muny Ogluna iman edenleriň hiç biri heläk bolman, baky ýaşaýşa gowuşmagy üçin etdi. 17 Hudaý Ogluny dünýäni höküm etmek üçin däl-de, eýsem dünýä Ol arkaly halas bolsun diýip iberdi. 18 Oňa iman eden höküm edilmez. Emma iman etmedik eýýäm höküm edilendir, sebäbi ol Hudaýyň ýeke-täk Ogluna iman etmedi. 19 Höküm, ine, şeýle subutnama esaslanýar: dünýä Nur geldi, emma adamlar garaňkylygy Nurdan has gowy gördüler, sebäbi olaryň işleri ýamanlykdy. 20 Ýamanlyk edýän adam Nury ýigrenýändir, öz edýän pislikleriniň äşgär bolmagyndan gorkup, Nura ýakynlaşýan däldir. 21 Emma hak iş edýän adam Nura ýakynlaşýar. Şeýdip, onuň işleriniň Hudaýyň haky üçin edilýändigi äşgär bolýar.
Ýahýanyň Isa baradaky şaýatlygy
22 Şundan soň Isa şägirtleri bilen Ýahudyýa etrabyna gitdi. Isa olar bilen birnäçe wagtlap şol ýerde galdy we ol ýerde adamlary suwa çümdürdi. 23 Şol wagt Salimiň golaýyndaky Enonda bolsa halk Ýahýa tarapyndan çümdürilýärdi. Ol ýerde suw köpdi we çümdürilmek üçin ol ýere gelýän adamlaryň yzy üzülenokdy. 24 Bu wakalar Ýahýa zyndana salynmazdan öň bolup geçdi.
25 Şol mahal Ýahýanyň şägirtleri bilen bir ýahudynyň* arasynda ýuwnup-päkizlenme dessury barada jedel turdy. 26 Olar Ýahýanyň ýanyna gelip: «Eý, mugallym, Iordanyň beýleki tarapynda sen bir Adam barada şaýatlyk edipdiň, ine, şol Adam halky suwa çümdürýär. Hemmeler Onuň ýanyna barýarlar» diýdiler. 27 Ýahýa olara şeýle jogap berdi: «Gökden berilmese, ynsan hiç zat edip bilmez. 28 „Men Mesih däl, men diňe Onuň öňünden iberildim“ diýenime siziň özüňiz şaýatsyňyz. 29 Gelin giýewe degişlidir. Giýewiň dosty bolsa, giýewiň gelerine garaşyp, onuň sesini eşideninde juda şatlanýandyr. Hut şonuň ýaly meniň şatlygym-da indi hasyl boldy. 30 Ol beýgelmelidir, men peselmelidirin.
31 Ýokardan gelen hemmeden ýokarydyr. Ýerden bolan ýeriňkidir, ýerdäki zatlar barada gepleýändir. Gökden gelen hemmeden üstündir. 32 Ol görenine, eşidenine şaýatlyk edýär, ýöne Onuň şaýatlygyny hiç kim kabul etmeýär. 33 Emma Onuň şaýatlygyny kabul eden kişi Hudaýyň hakdygyny tassyklaýandyr. 34 Hudaýyň Ibereni Hudaýyň sözlerini sözleýändir, sebäbi Hudaý Oňa Mukaddes Ruhy ölçegsiz berýär. 35 Ata Ogly söýýär we Ol hemme zady Onuň eline tabşyrandyr. 36 Ogla iman edýän adam baky ýaşaýşa eýe bolýar, emma Ogly ret eden adam baky ýaşaýşa gowuşmaz, ol Hudaýyň gazabyna duçar bolýar».