2‑nji bap
Isa suwy şeraba öwürýär
1 Şondan iki gün geçensoň, Jeliläniň Kana şäherinde toý boldy. Isanyň ejesi-de şol ýerdedi. 2 Isa bilen şägirtleri hem toýa çagyrylypdy. 3 Şerap gutaryberende, ejesi Isa ýüzlenip: «Olaryň şeraby gutarypdyr» diýdi. 4 Isa oňa: «Eý, hatyn, munuň Maňa näme dahyly bar? Meniň wagtym entek gelenok» diýip jogap berdi. 5 Ejesi hyzmatkärlere: «Ol size näme diýse, şony hem ediň» diýdi. 6 Şol ýerde ýahudylaryň ýuwnup-päkizlenme dessury üçin uly göwrümli*alty sany hum bardy. 7 Isa hyzmatkärlere: «Humlary suwdan dolduryň» diýdi. Olar humlary erňegine çenli doldurdylar. 8 Onsoň hyzmatkärlere: «Indi şulardan guýup, toýuň beýemçisine äkidiň» diýdi. Olar äkitdiler. 9 Toýuň beýemçisi şeraba öwrülen suwuň nireden gelenini bilmeýärdi, muny diňe suwy guýan hyzmatkärler bilýärdi. Ol bu şerapdan dadyp gördi we öýlenýän ýigidi çagyryp, oňa: 10 «Hemmeler saçaga ilki bilen oňat şeraby goýýarlar. Myhmanlar içip doýanlaryndan soň, arzan şeraby berýärler. Sen bolsa oňat şeraby şu wagta çenli saklap goýupsyň!» diýdi. 11 Bu Isanyň ilkinji görkezen gudratly alamatydy. Ol muny Jeliläniň Kana şäherinde görkezip, Öz şöhratyny aýan etdi. Muny gören şägirtleri Oňa iman etdiler. 12 Bu wakadan soň Isa ejesi, inileri, şägirtleri bilen bile Kapernauma gidip, ol ýerde birnäçe gün galdy.
Isa satyjylary ybadathanadan kowýar
(Matta 21:12,13; Mark 11:15-17; Luka 19:45,46)
13 Ýahudylaryň Pesah baýramynyň golaýlaşýandygy üçin Isa Iýerusalime gitdi. 14 Ol ybadathananyň howlusynda sygyr, goýun, kepderi satýanlary, şeýle hem pul çalşyp oturanlary gördi. 15 Isa ýüpden dürre ýasap, mal-garalary bilen birlikde hemmäni gamçylap, ybadathanadan kowup çykardy, pul çalyşýanlaryň tekjelerini agdaryp, pullaryny ýere seçip goýberdi. 16 Ol kepderi satýanlara: «Bulary bu ýerden ýok ediň! Atamyň öýüni bazara öwürmäň!» diýdi. 17 Şonda Onuň şägirtleri Mukaddes Ýazgylardaky «Seniň öýüňe bolan yhlas meni köýdürer» diýlen sözleri ýatladylar. 18 Onsoň ýahudylaryň baştutanlary Ondan: «Seniň beýtmäge näme hakyň bar? Eger hakyň bar bolsa, gudrat görkezip, muny bize subut et» diýip talap etdiler. 19 Isa olara: «Bu ybadathanany ýykyň, Men ony üç günde dikelderin» diýip jogap berdi. 20 Ýolbaşçylar: «Bu ybadathana kyrk alty ýylda guruldy, Sen bolsa ony indi üç günde dikeltjekmi?» diýdiler. 21 Emma Isa ybadathana diýip, Öz bedenine aýdýardy. 22 Isa ölümden direlenden soň, şägirtleri Onuň bu aýdanyny ýatlap, Mukaddes Ýazgylara we Isanyň sözlerine ynandylar.
23 Isa Iýerusalimde Pesah baýramynda bolanda, köp adamlar Onuň görkezen gudratlaryny görüp, Oňa iman etdiler. 24 Emma Isa ähli adamlaryň ýüregini bilensoň, Özüni olara ynanmaýardy. 25 Ynsan babatda Oňa hiç kimiň şaýatlygy gerek däldi, sebäbi Ol ynsanyň näme niýetiniň bardygyny bilýärdi.