4‑nji bap
Isa samariýaly aýal bilen gepleşýär
1 Isanyň Ýahýa garanda has köp şägirt edinip, suwa çümdürýändigi baradaky habar fariseýleriň gulagyna ýetdi. 2 Aslynda olary Isa däl-de, şägirtleri çümdürýärdi. 3 Isa fariseýleriň Özi hakynda eşidendigini bilende, Ýahudyýany taşlap, ýene-de Jelilä gaýtdy. 4 Ol Samariýanyň üsti bilen gitmelidi. 5 Şeýlelikde, Isa Samariýanyň Sihar diýen şäherine geldi. Bu şäher Ýakubyň öz ogly Ýusuba beren ýerine golaýdy. 6 Ýakubyň guýusy-da şol ýerdedi. Ýol ýöräp ýadan Isa guýynyň başynda oturdy. Wagt günortan bolup barýardy. 7 Şol wagt samariýaly bir aýal guýudan suw almaga geldi. Isa oňa: «Maňa içmäge suw bersene» diýdi. 8 Isanyň şägirtleri bolsa iýmit satyn almak üçin şähere gidipdiler. 9 Samariýaly aýal Isa geň galyp: «Sen ýahudy bolup, men samariýaly aýaldan nädip içmäge suw soraýarsyň?» diýdi. Sebäbi ýahudylar samariýalylary äsgermeýärdiler. 10 Isa oňa: «Sen Hudaýyň peşgeşini we özüňden suw diläniň kimdigini bilsediň, özüň Ondan suw dilärdiň, Ol-da saňa ýaşaýyş suwuny bererdi» diýdi. 11 Aýal Oňa: «Eý, Aga, Seniň suw çeker ýaly hiç zadyňam-a ýok, guýy bolsa çuň, ýaşaýyş suwuny nireden aljak? 12 Bu guýyny bize atamyz Ýakup berdi. Onuň özi-de, çagalary-da, mal-garalary-da bu guýudan suw içen. Eýsem sen şol atamyz Ýakupdan hem beýikmi?» diýdi. 13 Isa oňa: «Bu suwdan içen ýene suwsar. 14 Emma Meniň berjek suwumdan içen asla suwsamaz. Tersine, Meniň berjek suwum onuň içinde baky ýaşaýyş çeşmesine öwrüler» diýdi. 15 Aýal: «Eý, Aga, maňa şol suwdan bersene, gaýdyp suwsamaýyn, suw çekmäge bu ýere gelmäýin» diýdi. 16 Isa: «Bar, git-de, äriňi çagyryp gel» diýdi. 17 Aýal: «Meniň ärim ýok» diýdi. Isa oňa: «Ärim ýok diýip, dogrusyny aýtdyň. 18 Seniň öň bäş äriň bardy, häzirki bile ýaşap ýöreniň hem öz äriň däl, muny dogry aýtdyň» diýdi. 19 Aýal: «Eý, Aga, görýän welin, Sen pygamber öýdýän. 20 Biziň ata-babalarymyz Hudaýa şu dagda sežde edipdirler, emma siz ýahudylar Hudaýa sežde edilýän ýer Iýerusalimdedir diýýärsiňiz» diýdi. 21 Isa oňa şeýle diýdi: «Eý, zenan, Maňa ynan, şeýle bir wagt geler, şonda Ata Hudaýa ne şu dagda, ne-de Iýerusalimde sežde edersiňiz. 22 Siz samariýalylar kime sežde edýäniňizi bilmeýärsiňiz, biz kime sežde edýänimizi bilýäris, sebäbi halas bolmaklyk ýahudylardan gelýändir. 23 Emma şeýle bir wagt geler, hakyky sežde edýänler Ata ruhda we hakykatda sežde ederler. Ol wagt eýýäm geldi! Ata Özüne şeýle sežde edýänleri agtarýar. 24 Hudaý Ruhdur, Oňa sežde edýänler ruhda we hakykatda sežde etmelidirler». 25 Aýal Oňa: «Men Mesihiň geljegini bilýärin, Ol gelende bize ähli zady düşündirer» diýdi. (Mesih Hudaýyň saýlap-seçeni diýmekdir.) 26 Isa oňa: «Seniň bilen gepleşip duran Şoldur» diýdi.
27 Edil şol wagt Isanyň şägirtleri geldiler we Onuň bir aýal bilen gepleşip duranyna haýran galdylar. Emma hiç kim: «Edýäniň näme?» ýa-da «Bu aýal bilen näme üçin gepleşýärsiň?» diýip soramady. 28 Onsoň ýaňky aýal küýzesini goýdy-da, şähere baryp, halka: 29 «Ýörüň, meniň ähli eden işlerimi aýdyp beren Adamy görüň. Ol Mesih bolaýmasyn?» diýdi. 30 Olar şäherden çykyp, Isanyň ýanyna bardylar. 31 Şu aralykda şägirtleri Isa: «Mugallym, çörek iýip otur!» diýip, hödür etdiler. 32 Isa bolsa olara: «Meniň iýmäge zadym bar, ýöne siz ony bilmeýärsiňiz» diýdi. 33 Onsoň şägirtleri: «Kimdir biri Oňa iýmäge zat getirip beren däldir-ä?» diýişdiler. 34 Isa olara: «Meniň iýmitim Özümi Ibereniň yradasyny berjaý etmekdir, Onuň işini ýerine ýetirmekdir. 35 Siz oraga ýene dört aý bar diýmeýärsiňizmi? Emma Men size diýýärin, başyňyzy galdyryň-da, ekin meýdanlaryna serediň, olar eýýäm oraga taýýar. 36 Orakçy hem hakyny alýar, hem-de baky ýaşaýyş üçin hasyl toplaýar. Şeýdip, ekýän-de, orýan-da bilelikde şatlanýar. 37 ‡„Biri eker, başga biri orar“ diýilýän söz bu babatda dogrudyr. 38 Men sizi zähmetiňiziň siňmedik hasylyny ormaga iberdim. Başgalar bu hasyl ugrunda zähmet çekdiler, siz bolsa olaryň zähmetiniň rähnetini görýärsiňiz» diýdi.
39 «Meniň ähli eden işlerimi aýdyp berdi» diýip, şaýatlyk eden aýalyň sözi bilen bu şäherdäki samariýalylaryň köpüsi Isa iman etdiler. 40 Şonuň üçin-de, samariýalylar Isanyň ýanyna gelip, öz ýanlarynda galmagyny Ondan haýyş etdiler. Ol hem şol ýerde iki gün galdy. 41 Onuň sözlerini diňläp, ýene-de köp adamlar Oňa iman etdiler. 42 Olar aýala: «Indi biz seniň aýdanlaryňa görä iman etmeýäris, muny özümiz eşitdik. Ol, dogrudan-da, dünýäniň çyn Halasgäri» diýdiler.
Isa köşk emeldarynyň ogluny sagaldýar
43 Iki gün geçenden soň, Isa ol ýerden Jelilä gitdi. 44 Pygamberleriň öz ýurdunda gadyrynyň ýokdugyny Isanyň Özi tassyklapdy. 45 Muňa garamazdan, Isa Jelilä gelende, jelileliler Ony gyzgyn garşy aldylar, sebäbi olar Pesah baýramy üçin Iýerusalime baranlarynda, ol ýerde Isanyň eden ähli işlerini görüpdiler. 46 Şeýlelikde, Isa ýene-de Özüniň suwy şeraba öwren ýeri bolan Jeliläniň Kana şäherine gaýdyp geldi. Şol wagt Kapernaumda bir köşk emeldarynyň ogly keselläp ýatyrdy. 47 Bu adam Isanyň Ýahudyýadan Jelilä gelenini eşidip, Onuň ýanyna bardy. Ol gelip, ölüm ýassygynda ýatan ogluny sagaltmagyny sorap, Isa ýalbardy. 48 Isa oňa: «Siz alamatlar, mugjyzalar görmeseňiz, asla ynanmarsyňyz» diýdi. 49 Köşk emeldary Oňa: «Eý, Aga, oglum ölmänkä baraý-da!» diýdi. 50 Isa oňa: «Gidiber, ogluň ýaşar» diýdi. Ol hem Isanyň aýdan sözüne ynanyp, öýüne gaýtdy. 51 Ol heniz ýoldaka, hyzmatkärleri onuň öňünden çykyp: «Ogluň sagaldy» diýdiler. 52 Ol adam hyzmatkärlerinden oglunyň gowulaşyp başlan sagadyny sorady. Olar oňa: «Düýn gündiz sagat birde gyzgyny gaýtdy» diýdiler. 53 Onsoň munuň Isanyň «Ogluň ýaşar» diýen sagadynda bolandygyna atasy göz ýetirdi. Şeýdip ol öý-içersi bilen birlikde Oňa iman etdi. 54 Bu Isanyň Ýahudyýadan Jelilä gelenden soň görkezen ikinji gudratly alamatydy.