19-njy bap
Nika we aýrylyşmak barada
(Mark 10:1-12)
1 Isa bu sözleri tamamlandan soň, Jelileden çykyp, Iordan derýasynyň aňyrsyndaky Ýahudyýa welaýatyna gitdi. 2 Uly mähelle Onuň yzyna düşdi, Isa hem şol ýerde olaryň hassalaryny sagaltdy. 3 Isanyň ýanyna gelen käbir fariseýler Ony synap görmek üçin: «Bir adamyň her hili bahana arap, öz aýalyndan aýrylyşmagy kanuna dogry gelýärmi?» diýip soradylar. 4 Isa hem: «Siz näme „Ýaradanyň Özi owal-başda ynsanlary erkek we aýal edip ýaratdy“ diýen sözleri okamadyňyzmy? 5 „Şol sebäpden hem erkek ata-enesini taşlap, aýaly bilen birleşýär we olaryň ikisi bir ten bolýar“. 6 Şeýlelikde, olar indi iki däl, bir tendir. Şonuň üçin hem Hudaýyň birleşdirenini ynsan aýyrmasyn» diýdi.
7 Fariseýler Isadan: «Onda näme üçin Musa talak hatyny ýazyp, aýrylyşmaga ygtyýar beripdir?» diýip soradylar. 8 Isa olara: «Musa siziň doňýürekdigiňiz üçin aýalyňyzy aýyrmaga ygtyýar berdi, emma owal-başda beýle däldi. 9 Men size şuny diýýärin: kim aýalyny zynadan başga sebäp bilen aýryp, başga aýala öýlense, zyna edýändir*» diýip jogap berdi. 10 Şägirtler Oňa: «Eger är-aýalyň arasyndaky ýagdaý şeýle bolsa, onda öýlenmezlik gowudyr» diýişdiler. 11 Emma Isa olara: «Hemme adamlar bu sözi kabul edip bilmezler, diňe özlerine berlenler kabul edip bilerler. 12 Käbir adamlar dogabitdi agtadyrlar, käbirleri bolsa adamlar tarapyndan agta edilendir. Başga birleri bolsa Gögüň Şalygynyň hatyrasyna hiç kim bilen birleşmeýär. Muny kabul edip bilen kabul etsin» diýdi.
Isa çagalara pata berýär
(Mark 10:13-16; Luka 18:15-17)
13 Soňra başlaryna elini goýup, doga-dileg etsin diýip, adamlar çagalary Isanyň ýanyna getirdiler, emma şägirtler çagalary getirenlere käýediler. 14 Isa bolsa: «Çagalary Meniň ýanyma goýberiň, olary saklamaň, sebäbi Gögüň Şalygy şular ýalylaryňkydyr» diýdi. 15 Isa olaryň başyna elini goýup, pata berenden soň, ol ýerden gitdi.
Baý ýaş ýigit
(Mark 10:17-31; Luka 18:18-30)
16 Şol mahal bir adam Isanyň ýanyna gelip: «Eý, Mugallym*, baky ýaşaýşa eýe bolar ýaly, men näme ýagşy iş etmeli?» diýip sorady. 17 Isa: «Näme üçin Menden ýagşylyk hakynda soraýarsyň? Ýeke-täk Hudaýdan başga hiç kim ýagşy däldir. Baky ýaşaýşa gowuşmak isleýän bolsaň, Hudaýyň tabşyryklaryny berjaý et» diýdi. 18-19 Ol Isadan: «Haýsy tabşyryklaryny?» diýip sorady. Isa: «Adam öldürme, zyna etme, ogurlyk etme, ýalan şaýatlyk etme, ata-eneňe hormat goý, ýakynyňy özüňi söýşüň ýaly söý» diýip jogap berdi. 20 Ýaş ýigit Isadan: «Men bularyň hemmesini ýaşlygymdan bäri berjaý edip gelýärin-ä, men ýene näme etmeli?» diýip sorady. 21 Isa oňa: «Müýnsüz bolaýyn diýseň, git-de, nämäň bar bolsa satyp, garyplara paýla, şonda gökde hazynaň bolar. Soňra gel-de, Meniň yzyma düş» diýdi. 22 Ýaş ýigit bu sözi eşidip, tukat bolup gitdi, sebäbi onuň mal-mülki köpdi.
23 Isa şägirtlerine: «Size dogrusyny aýdýaryn, baý adamyň Gögüň Şalygyna girmegi kyndyr. 24 Men size ýene-de şuny aýdýaryn, bir düýäniň iňňäniň gözünden geçmegi baý adamyň Hudaýyň Şalygyna girmeginden aňsatdyr» diýdi. 25 Muny eşidenlerinde, şägirtleri çakdanaşa haýran galyp: «Onda kim halas bolup biler?» diýip soradylar. 26 Isa olara seredip: «Ynsanlar üçin bu mümkin däl, emma Hudaý üçin ähli zat mümkindir» diýdi. 27 Onsoň Petrus Oňa: «Ine, biz ähli zadymyzy taşlap, Seniň yzyňa düşdük! Munuň üçin biz näme alarys?» diýdi. 28 Isa olara: «Size dogrusyny aýdýaryn, ähli zadyň täzelenen döwri Ynsan Ogly Öz şöhratly tagtynda oturanda, Meniň yzyma düşen siz hem on iki tagtda oturyp, Ysraýylyň on iki tiresine kazylyk edersiňiz. 29 Meniň hatyram üçin öýlerini, doganlaryny, uýalaryny, ene-atasyny*, çaga-çugalaryny, ýerlerini taşlan her kes yzyna ýüz esse edip gaýtaryp alar. Olar baky ýaşaýşyň mirasdüşeri bolarlar. 30 Emma ilkinjileriň köpüsi soňkular, soňkularyň köpüsi hem ilkinjiler bolar» diýdi.