18‑nji bap
Iň beýik kim?
(Mark 9:33-37,42-48; Luka 9:46-48; 17:1-2)
1 Şol wagt şägirtler Isanyň ýanyna gelip: «Gögüň Şalygynda iň beýik kim?» diýip soradylar. 2 Isa-da bir çagany çagyryp, ony olaryň ortasynda duruzdy-da, şeýle diýdi: 3 «Size dogrusyny aýdýaryn: eger siz ýoluňyzdan dönüp, çagalar ýaly bolmasaňyz, Gögüň Şalygyna asla girip bilmersiňiz. 4 Kim şu çaga ýaly pes göwünli bolsa, Gögüň Şalygynda iň beýik şoldur. 5 Kim şunuň ýaly bir çagany Meniň adymdan kabul etse, Meni kabul etdigidir. 6 Emma kimde-kim Maňa ynanýan bu pes göwünlilerden biriniň günä etmegine sebäp bolsa, onuň üçin boýnundan uly degirmen daşy asylyp, deňziň düýbüne zyňylmagy has gowy bolar. 7 Ynsanlary günä duçar edýän zatlar üçin bu dünýäniň halyna waý! Beýle zatlar gelmelidir, emma bularyň gelmegine ýardam berýän adamyň dat gününe! 8 Eliň ýa aýagyň seniň günä etmegiňe sebäp bolsa, ony kesip taşla. Seniň iki elli, iki aýakly bolup, ebedi oda taşlananyňdan, bir elli, bir aýakly bolup, baky ýaşaýşa gowşanyň gowudyr. 9 Gözüň seniň günä etmegiňe sebäp bolsa, ony oýup taşla. Saňa ýeke gözli bolup baky ýaşaýşa girmek, iki gözli bolup dowzah oduna zyňlanyňdan gowudyr.
Ýiten goýun tymsaly
(Luka 15:3-7)
10 Bu pes göwünlilerden birini äsgermezlik etmekden gaça duruň! Men size şuny aýdýaryn: gökde olaryň perişdeleri gökdäki Atamyň ýüzüni elmydama görýärler.*
12 Siz nähili pikir edýärsiňiz? Bir adamyň ýüz goýny bolup, olaryň biri azaşsa, ol togsan dokuzyny daglarda goýup, azaşanyň gözlegine çykmazmy? 13 Ony tapyp biläýse, size dogrusyny aýdýaryn, ol munuň üçin azaşmadyk togsan dokuzysyna begenenden hem has köp begener. 14 Şeýlelikde, bu pes göwünlilerden biriniň heläk bolmagy gökdäki Ataňyzyň islegi däldir.
Doganyň günä etse
15 Eger doganyň günä etse*, bar-da, ikiçäk gürleşip, aýybyny oňa aýt. Seniň sözüňe gulak assa, bu doganyňy gazandygyňdyr. 16 Emma gulak asmasa, bir ýa iki adamy ýanyňa alyp bar, aýdylan her bir söz iki ýa-da üç şaýadyň güwäsi bilen tassyklansyn. 17 Olara-da gulak asmak islemese, onda ýygnaga aýt. Oňa-da gulak asmak islemese, goý, ol seniň üçin bir butparaz ýa-da salgytçy ýaly bolsun. 18 Size dogrusyny aýdýaryn: ýer ýüzünde rugsat berýän zadyňyza gökde-de rugsat berler. Ýer ýüzünde gadagan edýän zadyňyz gökde-de gadagan ediler. 19 Ýene size şuny aýdýaryn: eger araňyzdan iki adam islendik zady dilemek üçin bir ylalaşyga gelse, gökdäki Atam dilegleri bitirer. 20 Meniň adym bilen iki ýa-da üç adam üýşse, Men hem olaryň arasynda bolaryn».
Rehimsiz hyzmatkär
21 Soňra Petrus Isanyň ýanyna gelip, Ondan: «Agam, doganym maňa garşy günä etse, ony näçe gezek bagyşlaýyn? Ýedi gezekmi?» diýip sorady. 22 Isa oňa: «Men saňa ýedi gezek däl, ýetmiş gezek ýedi diýýärin» diýip jogap berdi. 23 «Şonuň üçin hem Gögüň Şalygy öz dolandyryjysy bilen hasaplaşmak islän bir patyşa meňzeýär. 24 Patyşa hasaplaşyga başlanda, onuň ýanyna ägirt möçberdäki pul bergisi bolan bir dolandyryjysyny getirýärler. 25 Ol bergisini berip bilmänsoň, hojaýyny oňa özüni, aýalyny, çagalaryny we ähli mallaryny satyp, bergisini bermegi buýurýar. 26 Dolandyryjy ýere ýüzin düşüp, hojaýynyna: „Sabyr et! Baryny bereýin“ diýip ýalbarýar. 27 Hojaýynyň oňa rehimi inýär, onuň bergisini geçip, ony boşadyp goýberýär. 28 Ýaňky dolandyryjy çykyp gidýär. Ol özüne ujypsyzja bergisi bolan bir ýoldaşyna sataşýar. Ony tutup: „Bergiňi ber“ diýip, onuň bokurdagyndan ýapyşýar. 29 Ýoldaşy onuň aýagyna ýykylyp: „Sabyr et, bergimi bererin“ diýip, oňa ýalbarýar. 30 Emma ol etmeýär, gaýtam, bergisini berýänçä, ony zyndana saldyrýar. 31 Ýaňky adamyň ýoldaşlary bu wakany görüp, gaty gynanýarlar. Olar gidip, bolan ähli zady onuň hojaýynyna habar berýärler. 32 Hojaýyny ony çagyryp: „Eý, ýaramaz gul! Maňa ýalbaranyň üçin, men seniň bergiňiň baryny geçdim. 33 Meniň saňa rehim edişim ýaly, sen hem ýoldaşyňa rehim etmeli dälmidiň?“ diýýär. 34 Hojaýyny gazaba münüp, bergisini berýänçä, ony gynaýanlaryň eline tabşyrýar. 35 Eger her biriňiz öz doganyny ýürekden bagyşlamasa, gökdäki Atam-da size şeýle eder».