20‑nji bap
Üzümçilik tymsaly
1 Gögüň Şalygy üzümçiliginde işlär ýaly, ir ertir bilen günlükçi tutmaga giden ýer eýesine meňzeýändir. 2 Ol günlükçiler bilen bir günlük iş hakyny bir kümüş teňňä razylaşyp, olary öz üzümçiligine ýollaýar. 3 Ir sagat dokuzlarda daşary çykan wagty, ol bazarda bikär duran birnäçe adamlary görýär. 4 Olara-da: «Siz hem üzümçilige gidiň, hakyňyzy doly tölärin» diýýär. Olar hem gidýärler. 5 Günortan we öýlän sagat üçlerde ýene daşary çykyp, ýene şeýle edýär. 6 Öýlän sagat bäşlerde aýlanmaga çykan wagty, başga boş duranlary görüp, olardan: «Näme üçin günuzyn bu ýerde boş dursuňyz?» diýip soraýar. 7 Olar hem: «Bizi hiç kim hakyna tutmady» diýip jogap berýärler. Olara: «Siz-de üzümçilige gidiň» diýýär. 8 Agşam düşen çagy, üzümçiligiň eýesi öz iş dolandyryjysyna: «Günlükçileri çagyr-da, iň soňkulardan başlap, ilkinjilere çenli haklaryny töle» diýýär. 9 Şeýlelikde, öýlän sagat bäşlerde gelenleriň her biri bir kümüş teňňe alýar. 10 Ilkinji gelenler köp alarys öýdüp tama edýärler, emma olaryň-da her biri bir kümüş teňňe alýar. 11 Olar puluny alan wagtlary ýer eýesine hüňürdeşip: 12 «Bu iň soňky gelenler diňe bir sagat işlediler, biz bolsa, jöwzaly yssyda günuzyn agyr zähmet çekdik. Muňa garamazdan sen biziň zähmetimizi olaryňky bilen deň etdiň» diýýärler. 13 Ýer eýesi olaryň birine şeýle jogap berýär: «Eý, dost! Men saňa adalatsyzlyk edemok. Sen meniň bilen bir kümüş teňňä razylaşmadyňmy näme? 14 Öz hakyňy al-da, gidiber. Men bu iň soňka-da saňa berenimi bermek isleýärin. 15 Öz pulumy isleýşimçe sarp etmäge ygtyýarym ýokmy? Ýa-da sen meniň sahylygyma göriplik edýärsiňmi?» 16 Şeýlelikde, iň soňkular ilkinjiler, ilkinjiler hem iň soňkular bolar.*
Isa Özüniň ölüp direljegini ýene aýdýar
(Mark 10:32-34; Luka 18:31-34)
17 Isa Iýerusalime barýarka, ýolda on iki şägirdini bir çete çekip, olara: 18 «Ine, Iýerusalime barýarys. Ynsan Ogly ýolbaşçy ruhanylaryň, Töwrat mugallymlaryň eline tabşyrylar, olar hem Ony ölüme höküm ederler. 19 Ony kemsitsinler, gamçylasynlar we haça çüýlesinler diýip, keseki milletlere tabşyrarlar, emma Ol üçülenji gün direler» diýdi.
Bir enäniň haýyşy
(Mark 10:35-45)
20 Soňra Zebedeýiň ogullarynyň ejesi öz ogullary bilen Isanyň ýanyna geldi. Ol Isadan bir zatlar dilemek üçin dyzyna çöküp, tagzym etdi. 21 Isa aýaldan: «Näme isleýärsiň?» diýip sorady. Aýal Isa ýüzlenip: «Öz Şalygyňda meniň bir oglumyň Seniň sagyňda, beýlekisiniň bolsa çepiňde oturmagyny emr et» diýdi. 22 Emma Isa: «Siz näme dileýäniňizi bilmeýärsiňiz. Siz Meniň içjek hasrat käsämden içip bilersiňizmi?*» diýdi. Olar Isa: «Hawa, içip bileris!» diýip jogap berdiler. 23 Isa olara: «Siz Meniň içjek käsämden içersiňiz*, emma size sagymda ýa çepimde oturmaga rugsat bermek Meniň elimde däl. Bu orunlary Atam kimler üçin taýýarlan bolsa, şolar üçindir» diýdi. 24 Beýleki on şägirt muny eşidip, ýaňky iki dogana gaharlandylar. 25 Isa olary ýanyna çagyryp: «Özüňiz bilýärsiňiz, keseki milletleriň baştutanlary olara hökümdarlyk edýärler, ýokary wezipelileri-de agalyk edýärler. 26 Siziň araňyzda beýle bolmasyn. Araňyzda kim üstün bolmak isleýän bolsa, beýlekileriň hyzmatkäri bolsun. 27 Kim ilkinji bolmak isleýän bolsa, hemmäňiziň guly bolsun. 28 Ynsan Ogly hem Özüne hyzmat edilmegi üçin däl-de, eýsem, başgalara hyzmat etmek üçin, köpleriň ugrunda janyny gurban edip, olary azat etmek üçin geldi» diýdi.
Iki körüň gözi açylýar
(Mark 10:46-52; Luka 18:35-43)
29 Isa bilen şägirtleri Ýerihodan çykanlarynda, uly mähelle Isanyň yzyna düşüp gitdi. 30 Ýoluň gyrasynda oturan iki sany kör adam Isanyň geçip barýanyny eşidip: «Agam, eý, Dawut Ogly, bize rehim et!» diýip gygyrdy. 31 Seslerini çykarmaz ýaly, köp adamlar olara käýediler, emma olar öňküden hem gaty ses bilen: «Agam, eý, Dawut Ogly, bize rehim et!» diýip gygyrdylar. 32 Isa aýak çekdi-de, olary çagyryp: «Siziň üçin näme etmegimi isleýärsiňiz?» diýip sorady. 33 Olar Oňa: «Agam, gözümiz açylsyn» diýdiler. 34 Isanyň olara haýpy gelip, gözlerine elini degirdi welin, şobada olaryň gözleri açyldy. Olar hem Isanyň yzyna düşüp gidiberdiler.