21‑nji bap
Isa Iýerusalime uly dabara bilen girýär
(Mark 11:1-11; Luka 19:28-40; Ýohanna 12:12-19)
1 Isa bilen şägirtleri Iýerusalime golaýlap, Zeýtun dagynyň etegindäki Beýtfaja gelenlerinde, Isa iki şägirdini öňden ýollap, olara: 2 «Öňüňizdäki oba baryň. Oba giren ýeriňizde daňylgy duran bir eşegi we ýanyndaky taýhary taparsyňyz, olary çözüň-de, Meniň ýanyma getiriň. 3 Eger biri size bir zat diýse: „Bu taýhar Rebbe gerek, ony dessine yzyna iberer“ diýip aýdyň» diýdi.
4 Bu-da pygamber arkaly aýdylan şu sözüň berjaý bolmagy üçindi:
5 «Eý, Sion gyzy!
Patyşaň, ine, saňa tarap gelýär.
Ol bir eşege,
eşegiň-de taýharyna münüp,
pes göwünlilik bilen saňa tarap gelýär».
6 Şägirtler gidip, Isanyň tabşyryşy ýaly etdiler. 7 Eşek bilen taýhary getirdiler-de, donlaryny olaryň üstüne atdylar, Isa-da taýhara mündi. 8 Mähelläniň köpüsi donuny ýola ýazýardy, käbirleri-de agaçlardan şahalar kesip, ýola düşeýärdi. 9 Onuň öňünden hem yzyndan gelýän mähelle: «Dawut Ogluna alkyş bolsun! Rebbiň adyndan gelýäne alkyş bolsun, göklerde alkyş!» diýip gygyryşýardy. 10 Isa Iýerusalime girende, tutuş şäher: «Bu kim?» diýip, galagopluga düşdi. 11 Mähelle hem olara: «Bu Jeliläniň Nasyra şäherinden bolan Isa pygamber» diýýärdi.
Isa satyjylary ybadathanadan kowýar
(Mark 11:15-19; Luka 19:45-48; Ýohanna 2:13-22)
12 Isa ybadathananyň howlusyna girip, ol ýerdäki satyjylary, alyjylary kowdy. Ol pul çalyşýanlaryň tekjelerini, kepderi satýanlaryň oturgyçlaryny düňderdi. 13 Isa olara: «„Meniň öýüm ybadat öýi diýlip atlandyrylar“ diýip ýazylgydyr, siz bolsa muny garakçylaryň sürenine öwürýärsiňiz» diýdi. 14 Ybadathanada körler, agsaklar Isanyň ýanyna geldiler. Isa olary sagaltdy. 15 Ýolbaşçy ruhanylar bilen Töwrat mugallymlary Onuň görkezen gudratlaryny we ybadathanada: «Dawut Ogluna alkyş!» diýip gygyrýan çagalary görenlerinde gazaba mündüler. 16 Olar Isadan: «Bularyň näme diýýänini eşidýärsiňmi?» diýip soradylar. Isa olara: «Hawa, eýsem siz: „Çagalaryň, bäbekleriň dilinde alkyş senasyny ýaratdyň“ diýen sözleri asla okamadyňyzmy?» diýdi.
17 Isa olary şol ýerde galdyryp, şäherden çykyp gitdi. Ol Beýtaniýa gelip, gijäni şol ýerde geçirdi.
Guran injir agajy
(Mark 11:12-14,20-24)
18 Isa ir säher bilen şähere dolanyp gelýärkä ajykdy. 19 Ýoluň gyrasynda bir injir agajyny görüp, onuň ýanyna geldi, emma onda ýaprakdan başga hiç zat tapmady. Isa agaja: «Mundan beýläk sende asla miwe bitmesin!» diýdi. Injir agajy şol pursadyň özünde gurady. 20 Şägirtler muny görüp: «Injir agajy şol pursadyň özünde nädip gurady?» diýşip haýran galdylar. 21 Isa olara: «Size dogrusyny aýdýaryn, imanyňyz bolup, şübhe etmeseňiz, siz diňe bu injir agajyna edilen bilen çäklenmän, eýsem, şu daga: „Göteril-de, deňze zyňyl“ diýseňiz-de, ol bolar. 22 Imanyňyz bar bolsa, doga-dileg edeniňizde, näme dileseňiz, alarsyňyz» diýip jogap berdi.
Isanyň erk-ygtyýary barada sowal
(Mark 11:27-33; Luka 20:1-8)
23 Isa ybadathananyň howlusyna gelip, sapak berip otyrka, ýolbaşçy ruhanylar, halkyň ýaşululary Onuň ýanyna gelip: «Sen bu zatlary haýsy ygtyýar bilen edýärsiň? Saňa bu ygtyýary kim berdi?» diýip soradylar. 24 Isa olara: «Men hem size bir sowal berjek. Maňa jogap berseňiz, size bu zatlary haýsy ygtyýar bilen edýänimi aýdaýyn. 25 Ýahýa suwa çümdürmäge ygtyýary nireden aldy? Gökdenmi ýa-da ynsandan?» diýip sorady. Olar muny özara maslahatlaşmaga başladylar: «Eger Gökden diýsek, Ol bize: „Onda näme üçin oňa ynanmadyňyz?“ diýer. 26 Ynsandan diýmäge-de halkdan gorkýarys, sebäbi hemmeler Ýahýany pygamber saýýar». 27 Ahyry olar Isa: «Biz bilemzok» diýip jogap berdiler. Isa-da olara: «Menem size bu zatlary haýsy ygtyýar bilen edýänimi aýtjak däl» diýdi.
Iki ogul tymsaly
28 Isa söze başlady: «Siz muňa näme diýersiňiz? Bir adamyň iki ogly bar eken. Ol birinji oglunyň ýanyna baryp: „Oglum, bu gün git-de, üzümçilikde işle“ diýýär. 29 Emma ol: „Gitjek däl!“ diýip jogap berýär. Ýöne soňrak muňa gaýtmyşym edip, ol ýere gidýär. 30 Ýaňky adam ikinji oglunyň ýanyna baryp, oňa-da şol sözi aýdýar. Ol bolsa: „Bolýar, hojaýyn, bararyn!“ diýip jogap berýär, emma gitmeýär. 31 Bularyň ikisinden haýsysy kakasynyň islegini ýerine ýetirdi?» Olar: «Birinjisi» diýip jogap berdiler. Isa olara: «Size dogrusyny aýdýaryn, salgytçylar we lolular Hudaýyň Şalygyna sizden öň girerler. 32 Ýahýa size dogry ýol görkezmäge geldi, siz oňa ynanmadyňyz, emma salgytçylar we lolular oňa ynandylar. Siz muny göreniňizden soň hem ökünmediňiz, oňa ynanmadyňyz» diýdi.
Üzümçilik we kärendeçiler tymsaly
(Mark 12:1-12; Luka 20:9-19)
33 «Ýene bir tymsala gulak asyň: bir ýer eýesi bar eken. Ol üzüm baglaryny oturdyp, daşyna haýat aýlaýar. Şerap ýasamak üçin üzüm sykmaga çukur gazýar we gözegçilik diňini gurýar. Onsoň üzümçiligini bagbanlara kärendesine berip, özi uzak ýola gidýär. 34 Hasyl möwsümi gelende, üzümiň miwesinden alyp gelmek üçin, ol hyzmatkärlerini kärendeçileriň ýanyna iberýär. 35 Kärendeçiler onuň hyzmatkärlerini tutup, birini ýenjýärler, başga birini öldürýärler, beýlekisini-de daşlaýarlar. 36 Üzümçiligiň eýesi öňküden hem köp hyzmatkärlerini iberýär. Kärendeçiler olara-da öňkülere edenlerini edýärler. 37 Ahyrsoňunda üzümçiligiň eýesi: „Oglumy sylarlar“ diýip, öz ogluny iberýär. 38 Emma kärendeçiler biri-birlerine: „Mirasdar şudur! Geliň, şuny öldürip, mirasyny elinden alalyň“ diýişýärler. 39 Olar ony tutup öldürýärler we üzümçiligiň daşyna taşlaýarlar. 40 Indi üzümçiligiň eýesi gelip, bu kärendeçilere näme eder?» 41 Olar Isa: «Bu pis adamlary aýylganç ölüme sezewar eder we üzümçiligini bolsa miwesini wagtynda özüne berjek başga kärendeçilere berer» diýdiler. 42 Isa olardan: «Siz näme Mukaddes Ýazgylarda:
„Ussalaryň ret eden daşy,
binanyň burç daşy boldy.
Muny Reb etdi,
bu nazarymyzda täsin saýyldy“
diýen sözleri okamadyňyzmy?» diýip sorady.
43 «Munuň üçin size şeýle diýýärin: Hudaýyň Şalygy sizden alnyp, Şalyk üçin hasyl öndürjek halka berler. 44 Bu daşyň üstüne ýykylan bölek-bölek bolar. Eger ol biriniň üstüne gaçsa, ony mynjyradar». 45 Ýolbaşçy ruhanylardyr fariseýler Onuň tymsallaryny eşidenlerinde, gürrüňiň özleri baradadygyny aňdylar. 46 Ony tutjak boldular, ýöne halkdan gorkdular, sebäbi halk Isany pygamber saýýardy.