22‑nji bap
Gelin toý tymsaly
(Luka 14:15-24)
1 Isa olara ýene-de tymsallar arkaly gürrüň berdi: 2 «Gögüň Şalygy öz ogly üçin gelin toýuny tutan patyşa meňzeýändir. 3 Ol toýa çagyrylanlara habar etmek üçin hyzmatkärlerini iberýär, emma çagyrylanlar gelmek islemeýärler. 4 Patyşa ýene başga hyzmatkärleri iberip, olara: „Çagyrylanlara aýdyň, ine, men toý saçagyny taýýarlap goýdum. Öküzlerim, semiz mallarym soýuldy, ähli zat taýýar, toýa gelsinler“ diýýär. 5 Emma olar üns hem bermeýärler, biri öz ekin meýdanyna gidýär, ýene biri öz söwdasynyň ugrunda gezýär. 6 Başgalary bolsa onuň hyzmatkärlerini tutup azar berýärler, olary öldürýärler. 7 Şeýlelikde, patyşa gazap donuny geýýär. Ol goşun ýollap, ýaňky ganhorlary derbi-dagyn edýär, şäherlerini otlaýar.
8 Onsoň patyşa hyzmatkärlerine: „Toý saçagy taýýar, emma çagyrylanlar muňa mynasyp däl eken. 9 Köçelere çykyň-da, kimi tapsaňyz, toýa çagyryň“ diýýär. 10 Hyzmatkärler ýollara çykyp, ýaman diýmän, ýagşy diýmän, tapanlarynyň baryny üýşürýärler, toýhana myhmanlardan dolýar. 11 Patyşa myhmanlary görmäge girende, onuň toý geýimini geýmedik bir adama gözi düşýär. 12 Oňa: „Eý, dost, sen toý geýimini geýmän, bu ýere nädip girip bildiň?“ diýip soraýar. Şonda ol adamyň dili tutulýar. 13 Onsoň patyşa hyzmatkärlerine: „El-aýagyny daňyň-da, ony daşary, garaňkylyga taşlaň, ol ýerde agy we diş gyjama bolar“ diýýär. 14 Çünki çagyrylanlar köp, emma saýlananlar azdyr».
Imperatoryňky – imperatora
(Mark 12:13-17; Luka 20:20-26)
15 Soňra fariseýler gidip, Ony gepde tutmak barada maslahat etdiler. 16 Hirodyň tarapdarlarynyň birnäçesini Onuň ýanyna iberdiler. Olar Isadan: «Mugallym! Biz Seniň dogruçyldygyňy, Hudaýyň ýoluny hakykat bilen öwredýändigiňi, hiç kime tarapgöýlik etmeýändigiňi bilýäris, sebäbi Sen adamlaryň derejesine bakmaýarsyň. 17 Hany, bize aýt, Seniň pikiriňçe, imperatora salgyt tölemek dogrumy ýa dogry däl?» diýip soradylar. 18 Isa olaryň niýetleriniň ýamandygyny bilip: «Meni näme üçin synaýarsyňyz, eý, ikiýüzlüler? 19 Maňa salgyt puluny görkeziň» diýdi. Olar Isa bir kümüş teňňe getirdiler. 20 Isa olara: «Şu şekil bilen ýazgy kimiňki?» diýip sorady. 21 Olar: «Imperatoryňky» diýip jogap berdiler. Şonda Isa olara: «Onda imperatoryňkyny – imperatora, Hudaýyňkyny Hudaýa beriň» diýdi. 22 Olar muny eşidenlerinde, haýran galdylar. Şeýdip, olar Isany taşlap, ol ýerden gitdiler.
Direliş barada sowal
(Mark 12:18-27; Luka 20:27-40)
23 Ölümden soň direlişiň ýokdugyny aýdýan saddukeýler Isanyň ýanyna gelip, Oňa şeýle sorag berdiler: 24 «Mugallym! Musa bize bir adam perzentsiz ölüp gitse, dogany onuň dul aýalyny alyp, ölen doganynyň neslini dowam etdirmelidir diýip aýdypdyr. 25 Biziň aramyzda ýedi dogan bardy. Birinjisi öýlendi-de öldi. Zürýady bolmansoň, aýalyny doganyna galdyrdy. 26 Ikinjisi, üçünjisi, tä ýedinjisine çenli hemmesinde şol bir ýagdaý gaýtalandy. 27 Olaryň hemmesinden soň ol aýal hem öldi. 28 Indi direliş güni bu aýal olaryň haýsysynyň aýaly bolar? Olaryň ýedisi hem oňa öýlenipdi ahyryn». 29 Isa olara şeýle jogap berdi: «Siz ne Mukaddes Ýazgylary, ne-de Hudaýyň gudratyny bilýärsiňiz, ine, şu sebäpden ýalňyşýarsyňyz. 30 Ynsanlar ölümden direlende, ne öýlenerler, ne-de durmuşa çykarlar, olar göklerdäki perişdeler ýaly bolarlar. 31 Ölüleriň direlişi babatda bolsa, siz Hudaýyň özüňize: 32 „Men Ybraýymyň, Yshagyň, Ýakubyň Hudaýydyryn“ diýenini okamadyňyzmy? Ol ölüleriň däl-de, dirileriň Hudaýydyr». 33 Mähelle muny eşidip, Onuň taglymatyna haýran galdy.
Iň uly tabşyryk
(Mark 12:28-34; Luka 10:25-28)
34 Fariseýler Isanyň saddukeýleriň agzyny ýumdurandygyny eşidenlerinde, bir ýere ýygnanyşdylar. 35 Olardan bir Töwrat mugallymy Isany synamak üçin: 36 «Mugallym, Töwratda iň uly tabşyryk näme?» diýip sorady. 37 Isa oňa şeýle jogap berdi: «Hudaýyňyz Rebbi tutuş ýüregiňiz, ähli düşünjäňiz bilen jan-tenden söýüň. 38 Şu birinji we iň uly tabşyrykdyr. 39 Ikinjisi bolsa şunuň ýalydyr: „Ýakynyňy özüňi söýşüň ýaly söý“. 40 Tutuş Töwrat bilen pygamberleriň ýazgylary şu iki tabşyryga baglydyr».
Mesih kimiň ogly?
(Mark 12:35-37; Luka 20:41-44)
41 Fariseýler üýşüp durkalar, Isa olardan: 42 «Mesih barada näme pikir edýärsiňiz? Ol kimiň ogly?» diýip sorady. Olar hem Isa: «Ol Dawudyň ogly» diýip jogap berdiler. 43 Isa olara şeýle diýdi: «Onda näme üçin Dawudyň özi Mukaddes Ruhdan ylham alyp, Mesihe Reb diýýär? Ol şeýle diýipdir:
44 „Hudaý Rebbime şeýle sözledi:
Duşmanlaryňy aýak astyna salýançam,
Meniň sagymda otur“.
45 Eger Dawut Mesihe Reb diýýän bolsa, Ol nähili Dawudyň ogly bolýar?» 46 Isanyň soragyna hiç kim jogap berip bilmedi. Şol günden başlap, Oňa mundan artyk sorag bermäge hiç kim milt etmedi.