13‑nji bap
Toba ediň
1 Şol wagt birnäçe adam gelip, Pilatyň jelilelilere edenleri barada Isa habar berdiler. Pilat olaryň käbirini öldürip, olaryň ganlaryny kesip duran gurbanlyklaryna goşupdy. 2 Isa şeýle jogap berdi: «Şeýle ejir çeken bu jelilelileri beýleki ähli jelilelilerden has köp günäli hasaplaýarsyňyzmy? 3 Elbetde, ýok! Emma toba etmeseňiz, siziň hemmäňiz şolar ýaly heläk bolarsyňyz. 4 Ýa Siloýam minarasy üstlerine ýykylyp ölen on sekiz adam ýadyňyzda dälmi? Eýsem şolar Iýerusalimdäkilerden has köp ýazyklydyr öýdýäňizmi? 5 Elbetde, ýok! Emma toba etmeseňiz, siziň hemmäňiz şolar ýaly heläk bolarsyňyz».
6 Onsoň Isa olara şu tymsaly gürrüň berdi: «Bir adamyň bagynda bitip oturan bir injir agajy bar eken. Ol gelip, ondan miwe agtarýar, ýöne hiç zat tapmaýar. 7 Ol bagbana: „Men üç ýyldan bäri gelip, bu injir agajyndan miwe gözleýän, emma birini-de tapamok. Ony kesip taşla! Ol nämä biderek ýer tutup otyr?“ diýýär. 8 Emma bagban oňa: „Agam, oňa bu ýyl hem degme, men onuň töweregini gazyp, dökün bereýin. 9 Geljek ýyl miwe berse-hä ne ýagşy, bermese-de, ony kesip taşlarsyň“ diýýär».
Isa bili bükük aýaly sagaldýar
10 Bir Sabat güni Isa sinagogalaryň birinde halka öwredýärdi. 11 Ol ýerde on sekiz ýyl bäri içinde hassalyk ruhy bolan bili bükük bir aýal bardy. Ol iki eplenip, asla dikelip bilmeýärdi. 12 Isa ony görende, ýanyna çagyryp: «Naçar! Sen çekýän ejirleriňden halas bolduň» diýdi. 13 Onsoň Isa ellerini aýalyň üstünde goýdy welin, ol şobada dikelip, Hudaýy şöhratlandyrmaga başlady. 14 Emma Isanyň hassa aýala Sabat güni şypa berenine gahary gelen sinagoga baştutany halka ýüzlenip: «Işlemek üçin alty gün bardyr, şypa tapmaga Sabat güni däl-de, başga günlerde geliň» diýdi. 15 Reb Isa hem oňa: «Eý, ikiýüzlüler! Siziň haýsy biriňiz Sabat güni öküziňizi ýa eşegiňizi ahyryň başyndan çözüp, suwa ýakmaga äkitmeýärsiňiz? 16 Bu aýal on sekiz ýyllap şeýtan tarapyndan baglanan Ybraýymyň gyzydyr. Eýsem Sabat güni bolany üçin ol bu zynjyrdan azat edilmeli dälmi?» diýdi. 17 Isa bu sözleri aýdan wagty, Oňa garşy çykanlaryň hemmesi utandy. Halk bolsa Onuň edýän ajaýyp işlerine begendi.
Gorçisa tohumy we hamyrmaýa tymsaly
(Matta 13:31-33; Mark 4:30-32)
18 Onsoň Isa: «Hudaýyň Şalygy nämä meňzeýär? Ony nämä meňzedeýin? 19 Ol bir adamyň öz mellegine eken gorçisa tohumyna meňzeşdir. Ol ösüp, agaja öwrülýär, guşlaram onuň şahalarynda höwürtge ýasanýarlar» diýdi.
20 Isa ýene-de söz açyp: «Hudaýyň Şalygyny nämä meňzedeýin? 21 Ol hamyrmaýa meňzeýär: aýal üç kersen una birje bölek hamyrmaýa goşsa-da, tutuş hamyr çişýär» diýdi.
Dar gapy
(Matta 7:13,14,21-23)
22 Isa Iýerusalime tarap gidip barşyna, şäherleriň, obalaryň içinden geçip, adamlara öwredýärdi. 23 Bir adam Ondan: «Eý, Agam! Halas ediljekleriň sany az bolarmyka?» diýip sorady.
Isa olara şeýle diýdi: 24 «Men size diýýärin: dar gapydan girmäge çalşyň, sebäbi köpler bu gapydan girmäge jan ederler, emma başarmazlar. 25 Öý eýesi turup, gapyny gulplanda, siz daşarda galyp, gapyny kakarsyňyz we: „Aga, bize gapyny açaý-da!“ diýip ýalbararsyňyz. Ol hem size: „Men sizi tanamok, nireden geleniňizi-de bilemok“ diýip jogap berer. 26 Şonda siz: „Biz seniň bilen iýip-içdik. Sen köçelerimizde bize sapak berdiň“ diýersiňiz. 27 Emma ol ýene-de: „Men sizi tanamok! Niredendigiňizi-de bilemok! Ýok boluň ýanymdan, eý, erbetler!“ diýip jogap berer. 28 Ybraýymy, Yshagy, Ýakuby we ähli pygamberleri Hudaýyň Şalygynda, özüňiziň bolsa daşary kowlanyňyzy gören wagtyňyz, ol ýerde aglama hem diş gyjama bolar. 29 Gündogardan, günbatardan, demirgazykdan, günortadan adamlar gelip, Hudaýyň Şalygynda saçak başynda oturarlar. 30 Dogrudan-da, ilkinjiler boljak soňkular bar we soňkular boljak ilkinjiler bar».
Isanyň Iýerusalime haýpy gelýär
(Matta 23:37-39)
31 Şol wagt käbir fariseýler gelip, Isa: «Bu ýerden çykyp, başga ýere git. Hirod Seni öldürmek isleýär» diýdiler. 32 Isa olara şeýle diýdi: «Gidiň-de, ol tilkä aýdyň, ine, Men bu gün we ertir arwah-jynlary kowup, şypa bererin, üçülenji güni işimi bitirerin. 33 Emma şonda-da Men bu gün, ertir we birigün ýol ýöremeli, sebäbi pygamberiň Iýerusalimden daşarda ölmegi bolup biljek zat däldir! 34 Eý, Iýerusalim! Pygamberleri öldürýän, özüne ýollananlary daşlaýan Iýerusalim! Towugyň öz jüýjelerini ganatlarynyň aşagyna ýygnaýşy ýaly, Men hem ençeme gezek seniň çagalaryňy ýygnajak boldum, emma siz muny islemediňiz! 35 ‡Ine, öýüňiz haraba öwrüler. Size şuny aýdaýyn: „Rebbiň adyndan Gelýäne alkyş bolsun!“ diýýänçäňiz, Meni gaýtadan görmersiňiz».