12‑nji bap
Isa ikiýüzlülik barada duýdurýar
(Matta 10:26-31; 12:32)
1 Şol wagt müňlerçe adam üýşüp, biri-birlerine gysylyşyp durdular. Isa ilki bilen Öz şägirtlerine gürrüň bermäge başlady: «Özüňizi fariseýleriň hamyrmaýasyndan, ýagny ikiýüzlülikden goraň. 2 Ýapyk bolup, üsti açylmajak, gizlin bolup, bilinmejek zat ýokdur. 3 Garaňkylykda näme aýtsaňyz, ýagtylykda eşidiler, içki otaglarda çakan çawuşyňyz üçeklerde yglan ediler. 4 Eý, dostlarym, Men size şuny aýdaýyn: bedeni öldürýän, emma ondan soňra hiç zat edip bilmeýänlerden gorkmaň. 5 Men size kimden gorkmalydygyňyzy aýdaýyn: öldürenden soň dowzaha zyňmaga güýji ýetýän Hudaýdan gorkuň. Hawa, size aýdýaryn, Ondan gorkuň. 6 Bäş serçe iki teňňä satylmaýarmy näme? Muňa garamazdan, Hudaý olaryň hiç birini ýatdan çykarmaýar. 7 Siziň başyňyzdaky saçyňyz hem doly sanalgydyr. Gorkmaň, siz serçelerden has gymmatlysyňyz. 8 Size şuny diýýärin: kim Meni ynsanlaryň öňünde ykrar etse, Ynsan Ogly hem ony Hudaýyň perişdeleriniň öňünde ykrar eder. 9 Kim Meni adamlaryň öňünde ret etse, onuň özi-de Hudaýyň perişdeleriniň öňünde ret ediler. 10 Kim Ynsan Ogluna garşy söz aýtsa, bagyşlanar, emma Mukaddes Ruha dil ýetiren bagyşlanmaz.
11 Sizi sinagogalara, ýolbaşçylaryň, hökümdarlaryň huzuryna getirenlerinde, özüňizi nähili gorajakdygyňyzy we näme diýjekdigiňizi gaýgy etmäň. 12 Mukaddes Ruh size näme diýmelidigiňizi şol pursadyň özünde öwreder».
Akmak baý tymsaly
13 Mähelläniň arasyndan biri Isa: «Mugallym! Doganyma aýt, goý, ol mirasy meniň bilen paýlaşsyn» diýdi. 14 Isa oňa: «Eý, ynsan, kim Meni siziň üstüňizden kazy ýa-da häkim edip belledi?» diýdi. 15 Onsoň olara: «Ägä boluň! Özüňizi her hili betnebislikden goraň, sebäbi ynsanyň ýaşaýşy onuň mal-mülküniň bollugyna bagly däldir» diýdi. 16 Soňra Isa olara bir tymsal aýdyp berdi: «Bir baý adamyň ýeri bol hasyl berýär. 17 Ol adam: „Näme etsemkäm? Hasylymy goýmaga-da ýerim ýok“ diýip, içini gepledýär. 18 Onsoň ol: „Hä, men, ine, şeýle ederin: ammarlarymy söküp, ulurak ammarlar salaryn-da, ähli gallamy, bar zadymy şol ýere ýygnaryn. 19 Özüme bolsa, eý, janym, köp ýyl üçin ýygnalan ençeme zadyň bar, dynjyňy al, iý, iç, keýp çek diýerin“ diýýär. 20 Emma Hudaý oňa: „Eý, akmak! Edil şu gijäniň özünde janyň alnar. Onsoň özüň üçin taýýarlan zatlaryň kime galar?“ diýýär. 21 Özi üçin hazyna toplaýan, emma Hudaýyň nazarynda baý bolmadyk her bir adamyň soňy şeýle bolar».
Gaýgy etmäň
(Matta 6:25-34)
22 Onsoň Isa şägirtlerine şeýle diýdi: «Şoňa görä size diýýärin: näme iýip-içerin diýip janyňyzy, näme geýerin diýip bedeniňizi gaýgy etmäň. 23 Jan iýmitden, beden egin-eşikden has gymmatlydyr. 24 Gargalara serediň, olar ne ekýärler, ne-de orýarlar. Olaryň ne ammarlary, ne-de urulary bar. Muňa garamazdan, Hudaý olary iýmitlendirýär. Siz guşlardan näçe esse gymmatlysyňyz! 25 Siziň haýsy biriňiz gaýgy edip, ömrüňizi bir sagat uzaldyp bilýärsiňiz? 26 Bu kiçijik zady edip bilmeýän bolsaňyz, onda näme üçin galan zatlaryň gaýgysyny edýärsiňiz? 27 Liliýalaryň ösüşine syn ediň: olar ne zähmet çekýärler, ne-de ýüp egirýärler. Emma Men size diýýärin, hatda Süleýman hem özüniň bütin şan-şöhratynda bularyň hiç biri ýaly geýinmändi. 28 Emma bu gün bar bolup, ertir ojaga taşlanýan meýdan otuny Hudaý şeýle geýindirýän bolsa, sizi ondan has artyk geýindirmezmi, eý, imany azlar?! 29 Şonuň üçin hem näme iýip-içjekdigiňizi, näme geýjekdigiňizi agtarmaň, bular barada alada etmäň. 30 Bu zatlaryň baryny bu dünýäniň adamlary agtarýandyr. Ataňyz bularyň ählisiniň size gerekdigini bilýär. 31 Siz bolsa Hudaýyň Şalygyny agtaryň, şonda bu zatlar hem size onuň üstüne goşulyp berler.
32 Gorkma, eý, kiçijik süri! Çünki Ataňyz Şalygy size bermegi makul bildi. 33 Emlägiňizi satyň, garyplara sadaka beriň. Özüňize könelmeýän gapjyk, gökde tükenmeýän hazyna taýýarlaň. Ol ýere ogry golaýlaşýan däldir, güýe iýýän däldir. 34 Hazynaňyz nirede bolsa, ýüregiňiz hem şol ýerde bolar.
Oýa hem taýýarlykly boluň
(Matta 24:45-51)
35 Billeriňiz guşalgy, çyralaryňyz ýakylgy bolsun. 36 Toýdan gelip, hojaýyny gapyny kakanda, dessine oňa gapyny açmaga garaşýan adamlar ýaly boluň. 37 Hojaýyny dolanyp gelende, onuň oýa görjek hyzmatkärleri neneňsi bagtly! Size dogrusyny aýdýaryn, hojaýyn bilini guşap, hyzmatkärlerini saçak başynda oturdar. Ýanyna gelip, olara özi hyzmat eder. 38 Hojaýyn isle ýarygije, isle daňdan gelsin, onuň gelende, oýa görjek hyzmatkärleri neneňsi bagtlydyr! 39 Emma şuny bilip goýuň: öý eýesi ogrynyň haýsy sagatda geljegini bilsedi, öýüni talatmazdy*. 40 Siz hem taýýar boluň, sebäbi Ynsan Ogly siziň oslamaýan sagadyňyzda geler».
41 Şonda Petrus: «Agam, bu tymsaly diňe bize aýdýarsyňmy ýa-da hemmelere?» diýip sorady.
42 Reb Isa şeýle jogap berdi: «Hojaýynyň sadyk hem akylly iş dolandyryjysy kim? Beýleki hyzmatkärlerine wagtly-wagtynda nahar bermek üçin, olaryň üstünden goýan adamy dälmi? 43 Hojaýyny dolanyp gelende, işiniň başynda gören hyzmatkäri nähili bagtly! 44 Size dogrusyny aýdýaryn, hojaýyny ähli mal-mülküni şoňa ynanar. 45 Emma şol hyzmatkär öz içinden: „Hojaýynym giç geler“ diýip, gullary we kenizleri urmaga, iýip-içip, serhoş bolmaga başlasa, 46 hojaýyny hem onuň oslamaýan gününde, oýlamaýan sagadynda gelse, ony parça-parça edip, onuň başyna biwepalaryň gününi salar.
47 Hojaýynynyň islegini bilse-de, taýýar bolmaýan, onuň islegini ýerine ýetirmeýän hyzmatkär köp ýenjiler. 48 Emma bilmezlikden taýaga mynasyp iş eden adam az ýenjiler. Kime köp berlen bolsa, ondan has köp talap ediler. Kime köp zat ynanylan bolsa, ondan köp zat hem isleniler».
Parahatlyk däl-de, bölünişik
(Matta 10:34-36)
49 Isa sözüni dowam etdi: «Men ýer ýüzüne ot ýagdyrmaga geldim. Hernä şol ot indi tutaşyp bir ýansady! 50 Men çuňňur gaýgy-hasrata batýaryn. Bu amala aşýança, Men darygýaryn! 51 Meni ýer ýüzüne parahatlyk getirmäge gelendir öýdýärsiňizmi? Ýok, bölünişik getirmäge geldim diýýärin. 52 Mundan beýläk bir öýde ýaşaýan bäş adam bölünişip, üçüsi ikisine garşy, ikisi hem üçüsine garşy bolar. 53 Ata ogluna, ogul atasyna garşy, ene gyzyna, gyz enesine garşy, gaýynene gelnine, gelin gaýynenesine garşy bolar».
Alamatlara düşünmek
(Matta 16:2,3; 5:25,26)
54 Isa mähellä ýüzlenip, şeýle diýdi: «Siz günbatardan bir buludyň peýda bolanyny gören badyňyza: „Ýagyş ýagar“ diýýärsiňiz, şeýle hem bolýar. 55 Günorta ýeli öwsende bolsa: „Howa yssy boljak“ diýýärsiňiz, şeýle hem bolýar. 56 Eý, ikiýüzlüler! Ýeriň hem asmanyň görnüşinden many çykaryp bilýäňiz-de, näme üçin bu häzirki döwürden many çykaryp bileňzok?
57 Näme üçin özüňize dogry zady saýlap alyp bilmeýärsiňiz? 58 Biri seni aýyplap, kazyýete alyp gitse, onuň bilen ýoldakaň barlyş. Ýogsam ol seni kaza, kazy hem zyndan sakçysyna tabşyryp, zyndana düşmegiň ahmal. 59 Saňa şuny aýdýaryn, jerimäňi doly töleýänçäň, ol ýerden çykmarsyň».