14‑nji bap
Isa bir fariseýiň öýünde
1 Bir Sabat güni Isa fariseýleriň başlyklaryndan biriniň öýüne nahara geldi. Hemmeler Oňa dykgat bilen seredýärdiler. 2 Onuň garşysynda eli-aýagy çişen bir adam otyrdy. 3 Isa fariseýlerden we Töwrat mugallymlaryndan: «Sabat güni bir hassa şypa bermeklik kanuna dogry gelýärmi ýa-da ýok?» diýip sorady. 4 Olar sesini çykarmadylar. Isa hem ýaňky adama elini degrip, oňa şypa berdi we öýüne iberdi. 5 Onsoň olardan: «Biriňiziň ogluňyz* ýa-da öküziňiz guýa gaçsa, Sabat günüdigine garamazdan ony dessine çykarmazmy?» diýip sorady. 6 Olar bu soraglara jogap berip bilmediler.
7 Isa çagyrylanlaryň töri saýlaýandyklaryny görüp, olara şu tymsaly aýtdy: 8 «Biri seni toýa çagyranda, baryp töre geçme. Ol senden has hormatly birini çagyran bolaýmasyn. 9 Toý eýesi gelip, saňa: „Ýeriňi bu adama ber“ diýäýmesin. Onsoň sen utanyp, işigiň ýanynda oturmaly bolarsyň. 10 Şonuň üçin bir ýere çagyrylanyňda, aýaguçda otur. Seni çagyran ýanyňa gelip: „Eý, dost! Töre geç“ diýsin. Şonda saçak başyndaky oturanlaryň ýanynda hormatyň bolar. 11 Özüni ýokary tutýan adam peseldiler, pes tutýan bolsa beýgeldiler».
12 Onsoň Isa Özüni çagyrana: «Günortanlyk ýa-da agşamlyk naharyny bereniňde, dost-ýarlaryňy, dogan-garyndaşlaryňy, baý goňşularyňy çagyrma. Eger çagyrsaň, olar hem seni çagyryp, munuň öwezini dolar. 13 Meýlis guranyňda garyplary, maýyplary, agsaklary, körleri çagyr. 14 Şonda sen ýalkanarsyň. Çünki olar saňa öwezini dolup bilmezler, munuň öwezi saňa dogry adamlaryň direlen wagty berler» diýdi.
Uly meýlis tymsaly
(Matta 22:1-10)
15 Isa bilen saçak başynda oturanlaryň biri muny eşidende, Oňa: «Hudaýyň Şalygynda çörek iýjek adam nähili bagtly!» diýdi. 16 Isa hem oňa şeýle diýdi: «Bir adam uly meýlis gurap, birtopar adamy çagyrypdyr. 17 Nahar wagty bolanda, ol: „Geliň, ähli zat taýýar“ diýip, myhmanlara habar bermek üçin, öz hyzmatkärini ugradýar. 18 Emma olaryň hemmesi dilleşen ýaly, ötünç soramaga başlaýarlar. Birinjisi oňa: „Men bir bölek ýer satyn aldym, şony görmäge gitmeli. Haýyş edýärin, meni bagyşla“ diýýär. 19 Beýlekisi: „Men bäş jübüt öküz satyn aldym, şolary barlamaga barýaryn. Haýyş edýärin, gaty görme“ diýýär. 20 Ýene biri: „Men täze öýlendim, şonuň üçin baryp bilmeýärin“ diýýär. 21 Hyzmatkär gelip, bulary öz jenabyna habar berýär. Onsoň öý eýesi gaharlanyp, hyzmatkärine: „Dessine şäheriň köçelerine, ýol-ýodalaryna git-de, garyplary, maýyplary, körleri, agsaklary şu ýere getir“ diýýär. 22 Hyzmatkär: „Jenap! Seniň aýdanyň ýerine ýetirildi, ýöne entek hem ýer bar“ diýýär. 23 Onsoň jenap hyzmatkärine: „Öýüm dolar ýaly, obalara, onuň daş-töweregindäki meýdanlara aýlan-da, adamlary geler ýaly et“ diýýär. 24 Men size şuny aýdaýyn: şol ilkinji çagyrylanlaryň ýekejesi hem Meniň saçagymdan datmaz».
Şägirt bolmagyň tölegi
(Matta 10:37,38)
25 Uly mähelle Isa bilen bile barýardy. Isa yzyna öwrülip, olara şeýle diýdi: 26 «Kim Meniň ýanyma gelip, atasyny, enesini, aýalyny, bala-çagasyny, doganyny, uýasyny, hatda öz janyny hem ýigrenmese, Meniň şägirdim bolup bilmez. 27 Kim öz haçyny göterip, Meniň yzyma düşmese, Meniň şägirdim bolup bilmez. 28 Aýdaly, araňyzdan biri minara gurmak isleýär. Ol ilki oturyp, muny tamamlamaga pulunyň ýetip-ýetmejekdigini hasaplamazmy? 29 Sebäbi minaranyň binýadyny tutup, soň işi tamamlap bilmese, muny görenleriň hemmesi oňa güler. 30 Olar: „Bu adam muny gurmaga başlady, emma tamamlap bilmedi“ diýerler. 31 Ýa bolmasa bir patyşa başga bir patyşa bilen uruş etmäge barýar diýeli. Üstüme gelýän ýigrimi müň esgere on müň esger bilen garşylyk görkezip bilermikäm diýip, ilki oturyp maslahatlaşmazmy? 32 Başarmajak bolsa, ol duşman entek uzakdaka, ilçi iberip, ýaraşyk şertlerini sorar. 33 Şeýlelikde, siziň her biriňiz ähli zadyňyzdan el çekmeseňiz, Meniň şägirdim bolup bilmersiňiz.